Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet72/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Sowuk hem üşeýärmikä? 
Bir gije ýatyrka Ependiniň ogly gaty üşäpdir. Onsoň 
Ependini oýaryp: 
– Kaka, sowuk hem üşeýärmikä? – diýipdir. 
– Ýok, oglum, sowuk üşeýän däldir – diýip, Ependi 
jogap beripdir. 
Onda ogly: 
– Üşemeýän bolsa, onda näme üçin meniň ýorganyma 
girýär? – diýip garşy çykypdyr. 
Ýüzüňi nirä etmeli?
Bir gün Ependi namaza duranda, köwşüni ogurlaýypdyr-
lar. Şol wagt bir adam ondan: 
– Namaza haýsy tarapa bakyp durmaly? – diýip sorap-
dyr. 
Ependi bolsa: 
– Köwşüň nirede bolsa, şoňa seredip durubermeli – 
diýipdir. 
Hyýary kim satýar? 
Bir gün Ependi duzlanan hyýar satmak üçin obalara 
çykypdyr. Ol obanyň gyrasyndan girip: 
– Haý, şorja hyýar alan gel, how! – diýip gygyryberjek 
bolanda, eşegi ondan öňürti aňňyryp başlanmyş. 
Ependi ýene-de jemendeli köçä ýetip: 
– Haý, duzlanan hyýar... – diýip, sözüni soňlap-
soňlamanka, eşegi aňňyryp ugrapdyr. Ependiniň gahary ge-
lip: 
– A-how, peläket, şu hyýary sen sa
týaňmy ýa-da men?! – 
diýip, eşegini urupdyr. 


228
GURBANNAZAR EZIZOW
Iki agaç
(Aýdym)
Agaç agaja bakar,
Arasyndan suw akar.
Akar üçin parhy ýok, – 
Ikisinem deň ýakar.
Ikisi-de deň öser,
Başyn sypap ýel öser.
Daş-töwerek guwanar:
«Ösüşleri ne ýeser!»
Akar akar-da gider,
Baryp bir teşnä ýeter.
«Haýsy kenar gowy?» diýp,
Agaçlar pikir eder.
Örüsi ýaýrap gepiň,
Wagtyny alar köpüň,
Çep kenar saga zardyr,
Sagam zarydyr çepiň.
Olar miwe getirer,
Emma gamly oturar,
«Oň kenary gowy!» diýp,
Aglar, ömrün ötürer.


229
Gurbanmät (Sarygul) Aşyrow 

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling