Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- ATA DURDYÝEW ÝA PELEK (Hekaýadan bölekler) Goňşy
MAGTYMGULY
Il ýagşy Adam bolup adam gadryn bilmeýen, Andan ki bir otlap ýören mal ýagşy. Sözlegende söz manysyn bilmeýen, Andan ki bir gepläp bilmez lal ýagşy. Hudaýam saklasyn şerden, gahardan, Minnetli aş ajy bolar zäherden, Her bir ýerde bir bazarsyz şäherden, Andan ki bir gurap ýatan çöl ýagşy. Her kimiň özüne Müsürdir jaýy, Ýadyňdan çykmaýyr baýramy, toýy, Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy. Bir biwepa ýara gülüp bakandan, Şirin jany yşk oduna ýakandan, Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy. Magtymguly, söz sözlegil her bapdan, Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden, Märekede soňy gelmez bet gepden, Andan ki bir şowlap ösen ýel ýagşy. Aýrylma Mestana ýörinçäň gaýry ýurtlarda, Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma! Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda, Dama düşüp, ganatyňdan aýrylma! Töwekgel et, halka syryn berip bar, Sabyr eýlegil, bisabyrlyk hem bikär, 219 Her ýere barsaňyz, nesibäňiz bar, «Baý bolaý» diýp, hezzetiňden aýrylma! Namartlar hem muhannesler – naçarlar – Duzuň iýip, işiň bolsa gaçarlar, Syryňny paş edip, aýbyň açarlar, Gadryň bilen ülpetiňden aýrylma! Gedalaryň köňli şalykny istir, Nadan köňli ýalgan söze rast diýir, Bigadyrlar duşmanyňa dost diýir, Tälim beren ustadyňdan aýrylma! Kimse kaşşak bolup, kimse baý bolar, Her kimsäniň bagty-ykbaly biler, Herne gelse başa, tiliňden geler, Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma! ATA DURDYÝEW ÝA PELEK (Hekaýadan bölekler) Goňşy Kakam dymmarakdy. Köpçülikde-de köp geplemez- di. Ýogsa, ol köp kitaplary okan adam. Balkan pälwan, Bäbek aga, Gelen aga ýaly dana kişiler bilen çaý içişen adam. «Gülüň biten ýerinde gadyry ýok» diýen ýaly, bizem olar diri wagty näçe hormat etsek-de, gadyryny o diýen doly bilmändiris. Ýogsa, men Balkan pälwanyňam, Bäbek aganyňam, beýleki dana ýaşulularyň hem gürrüňini azda- kände diňläpdim. Arman, şolaryň gürrüňlerini bada-bat ýa- zyp alaýmandyryn. «Soňky tüýkülik sakgal ezýärmi?» Şeýle-de bolsa olaryň aýdan rowaýatlaryndan gulagym- da galanyny okyjylara ýetirsem, erbet bolmasa gerek. Ine, şol gowy adamlaryň gürrüňlerinden käbir parçalar. 220 …Goňşyňa-golamyňa iňňän uly hormat goýgun! Goň- şuçy lyk haky diýen bir dessur bardyr. Goňşyň toýuna, ýasyna barmak edil doganyňka baran ýaly borjuňdyr. On- soňam, uzakdaky garyndaşyňdan golaýyňdaky goňşy go- wudyr. Käwagt goňşyňa dileg salsaň, olam bitmese öýke etme gin. Ýassykdaşyň göwün edäýjek bolsa-da: «Goňşyma dilegim düşdi, berse-de goňşym, bermese-de goňşym» diý- gin. Dostuňa bereniňi soramagyn, goňşyňa bereniňi ag- zamagyn. «Git okaram, gel okaram, gitmeseň-gelmeseň iki arada döwül okaram» diýlip, iňňän jaý aýdylandyr. «Goňşyňý gozgasaň göçer» diýlibem aýdylandyr. Garaz, aýrylmaz goňşa, unut gysyz söz diýmeli däldir. «Kilim satsaňam, goňşyňa sat gyn, bir çetinde özüň oturarsyň» diýip, ýaşulularyň biri enaýy hekaýat aýtdy. Bir bendäniň başyna uly iş düşýär. Oňa esli pul gerek bolýar. Dogan-garyndaşa dileg salýar – bitmeýär. Onsoň goňşularyna ýüzem tutmaýar-da «Jaýymy satjak!» diýip, ile jar edýär. Ilçilikdä. Hyrydar derrew tapylýar. Ol jaýyny iki esse gymmat bahalaýar. – A-how, bende, iller köşk ýaly jaýyny ýüz teňňe ba- halaýar, sen näme nyrhdan çykýaň, şonça ýok öýüňi iki ýüz teňňe bahalaýaň? – diýip soraýarlar. – Goňşym gowy, goňşym. Meňki ýaly goňşyny hiç ýerden tapmarsyňyz. «Jaý alma-da, goňşy al» diýlenidir, gardaş – diýip, ýüzüni kese-kese sowýan bolarly. Muny eşiden goňşusy, abraýynyň beýle belende galany- na begenjine derrew gelipdir-de: – Goňşy, meni sylanyňa sag bol, ýöne jaýyňy satmaweri, näçe teňňe gerek bolsa, men karz bereýin – diýenmiş. Goňşuçylyk barada paýhasly nakyllaram näçe diýseň bar: – Goňşyň gowy bolsa, kel gyzyň güle çykar, goňşyň er- bet bolsa, gül gyzyň kele çykar. Dişiň agyrsa, çek gutul, goňşyň azar berse, göç gutul. Alladan goňşyň iki sygyrly bolanyny dile, senem bir sy- gyrly bolarsyň. 221 Niýet Adam häsiýetini hemişe düz tutmaly. «Niýetiňe görä taparsyň» diýlip, ýöne ýerden aýdylan däldir. Niýeti düzüw adamyň işi hemişe rowaç bolýandyr. Ynha, oňa bir tymsal: Bir adam Lukmanyň ýanyna gelip, bir teňňe karz dileýär. Lukman gaşyny çytman, hyk-çok etmän, oňa teňňäni berýär. Dilegçi teňňäni alyp, iki bükülip, sag bolsun baryny aýdýar, puly bolsa gyzyl düwünçege düwüp, goltugyna salýar. Gaýdyp barýarka niýetini bozýar – Lukmana bergisini bermezlige niýet edinýär. Öýüne gelip, kölegede oturanda, bir garga onuň gap- dalyndaky gyzyl düwünçegi etdir öýdüp, çüňküne gysýar- da, soňam ony Lukmanyň kölegesinde gaçyrýar. Betniýet ýene Lukmanyň ýanyna gelip, bir teňňe karz dileýar. Lukman hiç zat soraman, oňa dilän teňňesini berýär. Karz alanyň niýeti ýene-de bergisini bermezlikde. Şonuň ücin, gaýdyp barýarka suwly ýapdan bökende, ýaňky teňňäni gaçyrýar. Gözläp-gözläp tapman gidýär. Lukman ýabyň boýuna ýuwunmaga gelse, bir teňňe ýalpyldap ýatyr. Lukman alyp, jübüsine salýar. Lukmanyň goňşusy üçünji gezek dileg bilen gelýär. Luk- man oňa ýene bir teňňe berýär. Emma şindizem niýeti dü- zelmäni üçin ol teňňäni bir gumda gaçyrýar. Muny hem Lukman tapyp alýar. Dördünji gezek ýaňky goňşy dilege pälini düzedip gelýär: «Şu Lukman aga diýenlerindenem artykmaç adam ekeni, ýene karz beräýse derrew üzeýin». Lukman onuň dördünji dileginem bitirýär. Goňşusy şol teňňä söwda edip başlaýar welin, işi ot alan ýaly şow alýar. Tiz baýayar. Soň bir gün Lukmana dört teňňäni hem gaýtaryp getirýär. Lukman dine bir teňňäni alyp, üçüsini gaýtarýar-da: – Öň üçüsi maňa gowşupdy – diýýär. Bizde türkmenlerde: «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýýärler welin, ýagşy niýet ýarym döwlet däl-de, bitin döwlet, bitin. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling