Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- Soraglar we ýumuş: 1.
- GOŞMAÇA OKAMAK ÜÇIN
Soraglar we ýumuş:
1. Şahyr goşguda näme hakda pikir ýöredýär? 2. Goşguda zähmetsöýer adamlar nähili taryplanýar? 3. „Watan – ak süýt beren bir enä meňzär“ diýen setiriň manysyny düşündiriň. 4. Goşgyny labyzly okaň, mazmunyny özleşdiriň. Halkyma Dolanyp gel, ösýän şemal, Seniň maňa geregiň bar. Şat ömürden şatlyknama Ýazsam diýen dilegim bar. Giň ülkämi söýüp kileň, Ylgaşdyňmy keýik bilen? Şatlygyny ýaýyp gelen, Şeýle tämiz habaryň bar. Ýagşylygy köňlüň isläp, Gül-gunçany ysgap-ysgap, Mekanyma göwün besläp, Gelseň, döwran süreriň bar. Näçe baýlyk, näçe altyn, Ýer-suw, mal-gara, daragtyň 209 Özüň eýesisiň halkym, Baý nesibe – höregiň bar. Guş ganaty gyrlan çöldi, Indi polat ýollar geldi, Meýdanlar – göz ýagym aldy, Ömür gülün tirerim bar. Dostluk bilen artar şanyň, Hyjuw bilen gaýnar ganyň, Bu gün doly desterhanyň, Dürli nygmat – çöregiň bar. Sag bol, halkym, sen diýemde, Gujur peýda bolýar mende. Saňa dil ýetse her çende, Ýaka tutar bilegim bar. Ybraýym diýr: janyn beren, Dostuna kökenek geren, Seniň üçin urup duran, Göwrämde bir ýüregim bar. Soraglar we ýumuş: 1. Şahyr näme hakda pikir ýöredýär? 2. Goşguda Watan keşbi nähili suratlandyrylýar? 3. Goşgynyň mazmunyny düşündiriň. 14 – Edebiýat, 6-njy synp 210 GOŞMAÇA OKAMAK ÜÇIN Oguznama (Bölekler) Türk taryhçylary andag rowaýat kylurlar kim, Nuh alaýhys-salam ýer ýüzüniň ýaşalýan dörtden bir bölegini per- zentlerine paýlanda, Maşryk we Türküstany, ol aralygy, uly ogly Ýafi se berdi. Ýafi se türkler Uljaýhan lakamy beripdirl- er. Ol sähralarda ýaşaýardy we gyşlagy Türküstan ýerlerin- de bolardy, ýaýlagy bolsa Ortak we Kurtak erdi kim Ynanj şäheriniň araçägindedir. Kyşlagy hem arada Barsuk we Kara- kum, kim Karakurum ady bilen meşhurdyr, şu çäklerde bolar erdi. Bu iki aralykda iki şäher bardyr. Talas we Kary Saýram atly kim kyrk derwezesi bar turur, bagaýat uly we muazzam şäherdir. Indi musulman türkler ol mesgenlerde ýaşaýarlar we Künçi welaýatyna tabyndyr. Uljaýhan onda bolar erdi we bir ogly boldy. Dib Ýawgu han atly. Dib sözüniň manysy taht we jaý turur we Ýawgu – ilbaşy diýmekdir. Ol uly ynamdar padyşa erdi we dört muteber we meşhur ogly bolup, Gara- han, Orhan, Gürhan we Güzhan atlydylar. Garahan atasynyň ýerine kaýym kakam bolup, taht we täji kabul etdi. Allatagala permany birle ondan bir humaýun eser masud nazar ogul doglup, üç gije-gündiz enesiniň süýdüni emmedi. Enesi anyň haýatynda maýus bolup, gamnak hazin oturar erdi. Bir gije düýşünde gördi kim, «Eger sen maňa süýdüňi emdirmek isleseň, ýeke we taýsyz perwerdigäre iman getirip, buýrulan işleri ýerine ýetirmäge we gadagan edilen işlerden gyrada durmaga başla!» diýdi. Ol üç gijeläp beýle düýş gördi, eýse ärinden ýaşryn Al- latagalaga iman getirdi. Ondan soň ogluny asmana göterip doga kyldy: «Ilahi men biçäräniň süýdüni bu ogul dada- nda şirin kyl» diýdi, Filhal ogly enesiniň süýdüni emmäge başlady. 211 Bir ýyldan soň atasy oglunyň ýüzünde ýetişik eserini we asyllylyk nyşanyny gördi. Suraty husn we jemalyndan aja- planyp, diýdi kim: «Hergiz biziň kowum we urugymyzda munuň dek päkize we hub surat ogul dogulmandy». Gödek bir ýyldan soň Isa sypat açyk dil çykaryb diýdi: «Maňa Oguz diýip at goýuň, sebäbi men şa öýünde bargähde doglupdyryn». Oňa şol sebäpden Oguz at goýdular. Oguz çagalygynda-da, ösüp-ulalýarka-da, kämillik ýaşyna ýetende-de mydama şükür we zikir edip, Allatagalany ýat- lap gezerdi we ýaradanyň ýardamy oňa ýar bolar erdi. Edep, hünär, ok atmak we at çapmakda hemmeleriň dilinde mysal bolupdy. Atasy oňa agasy Gurhanyň gyzyny aýtdyryp öýe getirdi, erse, Oguz ol gyzy hudaýy tanamaklyga çagyrdy. Gyz onuň sözüni inkär kyldy. Ol hem onuň bilen ýaşamady, ondan daşrak durarga ygtyýar etdi. Atasy muny görüp, ýene bir agasy Gürhanyň gyzyny onuň üçin aldy. Oguz ondan hem şol talaby etdi. Ol gyzy hem inkär etdi. Oguz oňa-da ülpet bolmady. Atasy ýene bu haly görüp, kiçi inisi Orhanyň gyzyny oňa alyp berdi. Oguz ondan musulman bolmagyny isledi. Gyz diýdi: «Men saňa baglydyryn. Haýsy ýoldan ýöreseň, ardyňdan baryp, seniň emriňe taýyn we garaşykdadyryn». Oguz onuň birle söhbet tutdy, oňa mähir-muhabbeti döre- di. Özge gyzlar oňa gabandylar we göriplik etdiler. Bir gün Oguz awa çykypdy. Garahan uly toý tutdy we gelinlerini hem çagyrypdy. Garahan aş ortasynda sorady ki: «Bu iki uly gelin husyn-u suratda, ol kiçiden ýagşyrakdyrlar. Ne sebäpden, ýa rebb, Oguz ony bulardan köp söýýär?». Ol iki hatyn pursada garaşýardylar, wagt tapyldy, we olar kine we edawat ýüzünden diýdiler kim «Oguz bizi asman hudaýyny tanamaga dawat etdi, musulman boluň diýip. Biz kabul etmedik, eýse, ol bizden daş durmagy halady. Oňa mähir-muhabbet edýänliginiň sebäbi ol kiçi gelin onuň sözü- ni kabul edipdir we musulman bolupdyr». 212 Garahan ol gyzy çagyrdyp, ondan bu haly derňedi. Emma ol gelin inkär etdi. Garahan gaharlanyp, derrew garyndaşlaryny we urugyny häzirläp, olara diýdi kim: «Oglum Oguz çagalyk zamanynda çendenaşa göwnejaý we makul erdi. Indi beýle zatlary eşidýärin, kim ol öz kişiden dininden dönüp, özge mabud taňry tapypdyr. Bu iş bize neneň, ar we neneň masga- raçylykdyr. Biz muňa çydap bilmeris, kim bir gödek bize ne butumyza hyýanat we äsgermezlik etmegini». Geňeş bile Oguzyň kasdyna agyzlaryny birläp çykdylar. Kiçi hatyny kim onuň bilen bir ýürek we mährem erdi, bu geňeşden habarly bolgaç hemsaýalaryndan (goňşularyndan) bir hatyny Oguz gaşyna iberip, bu haly oňa yglan etdirdi. Oguz any eşidip, taýýarlyk görmäge başlady, dogrusyny we ýalany- ny Alla bilsin. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling