Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet62/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuşlar:
1. Näme üçin bu epos «Kyrk gyz» diýip atlandyrylýar?
2. Gülaýym kim? Onuň suratlandyrylýan we häsiýet len-
dirilýän goşgy bentlerini labyzly okaň, mazmunyny 
gürrüň beriň.
3. Allaýar kim?
4. Gülaýym özüne nähili köşk gurdurýar?
5. «Gorkut ata», «Görogly» eposlary bilen «Kyrk gyz» 
eposynyň arasynda mazmun taýdan nähili meňzeşlikler 
bar?
6. Tekstdäki meňzetmeleri, deňeşdirmeleri tapyp, olary 
türkmen dilinden we edebiýatdan iş depderiňize ýazyň. 


204
YBRAÝYM ÝUSUPOW
(1929–2008)
Özbegistanyň hem-de Garagalpagystanyň halk şahyry 
Ybraýym Ýusupow 1929-njy ýylda Çymbaý etrabynyň 
Azat obasynda eneden bolýar. Edebiýat ylmyna bolan 
höwes onda mekdepde okap ýören ýyllarynda başlanýar. 
Y.Ýusupow 1949-njy ýylda Garagalpagystan Döwlet peda-
gogik institutynyň garagalpak dili we edebiýaty fakultetini 
tamamlaýar. 1961–1965-nji ýyllar aralygynda «Amyderýa» 
žurnalynyň baş redaktory bolup hem-de Ylmy barlag in-
stitutynda işleýär. 1965-nji ýyldan başlap Garagalpagystan 
ýazyjylar birleşigine ýolbaşçylyk edýär. 1980-nji ýyldan 
başlap «Erkin Garagalpagystan» gazetiniň redaktory bolýar.
Garagalpak edebiýatynda poeziýanyň ösüşi we çeperçi-
lik tarapyndan ýokary göterilmeginde Y.Ýusupowyň bitiren 
hyzmatlary uludyr.
Y.Ýusupow edebiýat meýdanyna Beýik Watançylyk 
urşundan soňky ýyllar gelýär. Şahyryň batyrgaý giň labyz-
ly lirikasy, fi losofi ki eserleri umumy poeziýamyza öz tä-
zeligini, ýagny täzeçilligi alyp gelen epiki eserleri okyjy-
lar köpçüligi tarapyndan örän gowy bahalanýar. Onuň ýedi 
goşgular ýygyndysy, dramalary özbek diline, ondan gowrak 
goşgular ýygyndysy we poemalary türkmen, gazak, gyrgyz, 
rus hem-de daşary ýurt dillerine terjime edildi.
Y.Ýusupow garagalpak edebiýatynda poema žanryny 
ösdür mekde örän uly goşant goşdy.


205
Şahyr 1949-njy ýylda özüniň ilkinji «Ýoldaş mugallym» 
atly poemasyny ýazýar. Bu poema onuň şahyrlyk ýoluny 
belgileýän ajaýyp eser boldy. Şondan soňky döwürde «Aka-
siýa güllän ýerde», «Aktrisanyň ykbaly», «Köne fontan 
ertekisi», «Halyçy gyz hakynda hakykat», «Meýdan arzuw-
lary», «Tumaris», «Poseýdonyň gazaby», «Bilbil öýi» ýaly 
birnäçe eserlerini döretdi.
Y.Ýusupow «Garagalpagystan Respublikasynda at gazan-
an sungat işgäri» hem-de «Özbegistanyň we Garagalpagys-
tanyň halk şahyry», Respublikamyzyň Berdak adyndaky 
nyşany bilen sylaglandy. Edebiýaty ösdürmekde bitiren zäh-
meti üçin döwletimiz tarapyndan orden we medallar bilen 
sylaglandy.
Bir wagtlar Ä.Şamuratow tarapyndan ýazylan «Kyrk 
gyz» pýesasy gaýta işläp çykylýar we halk köpçüligine 
görkezilýär. Giň manyly, degişmeli «Ömürbek lakgy» ko-
mediýasy uly şöhrata eýe boldy. Soňky ýyllary «Isgender 
patyşanyň düýşi» pýesasy sahnalaşdyryldy. Edebiýatymyzyň 
taryhynda ilkinji «Äžiniýaz» operasynyň liberottasyny ýaz-
dy…
Y.Ýusupow garagalpak edebiýatynyň ösüşini özüniň 
tejribe leri bilen baýlaşdyran şahyrlaryň biri. Onuň Puşkin, 
Lermon tow, Gýote, Şekspir, Maýakowskiý we beýle-
ki şahyrlaryň eserlseri bilen garagalpak okyjylaryny 
tanyşdyrmakda uly hyzmatlary bar.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling