Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Demir gyr – atyň ady.
200 Muny görüp Nedir şa, Yzyn garaman gaçdy. Gülaýym bilen Arslan Ony kowup barýardy. Duşman käte gaňrylyp, Batyrlara garýardy. Şaha naýza urdum diýp, Naýzany Serbä urdy. Hile atdy ýene şa. Bada-bat başyn egdi. Naýza bolsa Serbiniň Gelip göwsüne degdi. Otlara köýdi Serbi, Şonda şeý diýdi Serbi: «Eý, Gülaýym, Gülaýym, Näme meniň günäýim?! Bedewiňi sürýärsiň, Naýza bilen urýarsyň. Maňa gylyç salýarsyň, Kimseden ar alýarsyň? Ýüregi gara şa deýýus Armanlyja öldürdi. Galkan kyldy meni şa, Gunça gülüm soldurdy. Günäm näme, Hudaýym, Ozal dostdy Gülaýym! Habar al sen halymdan, Gutargyl bu zalymdan». Jany ýanyp Gülaýym, Bürgüt deý penje saldy. Serbinäzi zalymyň Golundan kakyp aldy. Arslan hem Nedir şanyň Boýnuna ýüp taşlady. Atyn öňüne salyp, Şahy kowup başlady. Serbi gyzyň ýarasyn Bada-bat daňdy olar. Ata mündürip gyzy, Çadyra eňdi olar. Aýny öýle mahaly Ähli leşger gaýdyşdy. Ýeňdik diýşip, leşgerleň Göwni derýa dek daşdy. Arslan beg at başyny Iki baka aýlady. Nediriň leşgerlerni Gyran-jyran eýledi. Söweş ýagşy gyzanda, Arslan duşman kellesin Hatar-hatar düzende, Gülaý gelip ýetdi-de, Şeý diýdi beg Arslanyň Jylawyndan tutdy-da: «Bular saňa garyndaş, Bolma beýle bagry daş! Şahy golun baglatdyň, Leşgerlerin aglatdyň, Indi gulak sal söze, Arslan beg, ikimize Garşy durýan kişi ýok. Bular bize duşman däl, Biziň bile işi ýok. Nesihatym al, Arslan, 201 Nähak gan dökme – ýaman». * * * Gülaýym atly gözel Ili etdi gülüstan. Zalymlaryň başyna Inderdi ol gara gün. Gan agladyp pisleriň Akdyrdy hut garagyn. Gülaýym atly gözel Ýok etdi täji-tagty. Horezmiň iline Kyrk gözel saçdy ýagty. Gülaýym gyz perizat Azat etdi illeri. Ählisini deň etdi Begleri hem gullary. Kyrk gözeliň zoruna Halaýyk haýran galdy, Duşmanlarnyň ýüregne Gülaýym otlar saldy. Gülaýym gyz, perizat, Ýüpek saçyn darady. Ilat ezýet çekende Her bir işe ýarady. Elhenç horluk görmedi Horezminiň zürýady. Şeýdip Horezm ilin On iki aý sorady. Atyň jylawyn çekip, Ynha, şeýle sözledi: «O zalym Nedir şadan Ýaňyja dyndy ilat. Ýene-de şa saýlasak, Artar gaýta ýüz külpet! Diňläň barça halaýyk, Ine, şeýle eýläli! Dört milletiň hersinden Bir ýaşuly saýlaly. Garagalpak halkyndan Bolsun indi Aly beg. Ol özbegiň halkyndan Bolsun indi Weli beg. Ol gazagyň halkyndan Bolsun indi Kökse beg. Seýil hanyň ilinden Bolsun indi Sakyr beg. Ile adyl garasyn, Adyllykda sorasyn». Gülaýym ilatyna Dogry kyrk gün toý berdi… Ýetim ogul, dul hatyn Gülaýymyň çagynda, Sarkobyň gül bagynda Şat bolup döwran sürdi. Gelen duşmany gyryp, Ilini begendirip, Arslan bilen Gülaýym Armansyz döwran sürdi. * * * «Kyrk gyz» eposynda taryhy häsiýetdäki wakalar çeper- çilik bilen beýan edilipdir. Onda Watanyňy söýmek, ony duşmanlardan mertlerçe goramak, gyz-gelinleriň harby 202 tälimleri öwrenmegi, eseriň baş gahrymanlary bilen halkyň birligi, bularyň maksada okgunlylygy dessanyň esasy aýra- tynlyklarydyr. Eserde beýan edilýän wakalar gadymy oguz halkynyň oturymly ýerleri bolan Türküstanyň Sarkop şäherinde, Horezmde geçýär. Sarkob şäheri Garagalpagystan Respub- likasynyň häzirki Biruny, Ellikgala etraplarynyň aralygynda- ky Gylçynak obasynda ýerleşipdir. Häzirki wagtda bu etra- plarda türkmenler garagalpak, özbek, gazak halklary bilen agzybir, dost-dogan bolup ýaşaýarlar. Şol etraplarda «Kyrk gyz» diýen obanyň bolmagy hem eseriň täsirliligini artdyrýar. Gylçynak obasy bag-bakjalyga baýdyr. Eseriň baş gah- rymany Gülaýyma kakasy Allaýar ýörite ýer bölüp berýär. Ol ýerde köşk bina edilýär. Gülaýym köşgüň töweregine mi- weli baglary ekdirýär, ol ösüp ýetişýär. Şoňa görä-de bu oba Miweli diýip at alýar. Gülaýymyň gurduran bu köşgi soňra Kyrk gyz galasy diýen ada eýe bolýar. «Kyrk gyz» gahrymançylykly eserdir. Onda Gülaýymyň kyrk gyzynyň biriniň ady Serbinäz eken. Ol «On alty ýaşly Gülaýym näme üçin bize harby tälim öwredýär?» diýip gy- zlara ýüzlenýär. Soňra bu soraga özi jogap berýär: «Jungar hany Surtaýşa biziň halkymyzy talap, ýurdumyzy tozdurjak bolýar. Biziň ýüregimizde basybalyjylara bolan gahar-gazap möwç urýar. Biz elimize ýarag alyp, duşmana garşy topulyp, ony ýeňmelidiris». Gülaýym türkmen halk döredijiligindäki Burla hatynyň, Harmandäliniň, Serwijanyň, Melikäniň gahrymançylykly häsi ýet lerine ýakyn edermen serkerdebaşydyr. Gülaýym harby türgenleşik geçmek üçin daga gidende, basybalyjy Surtaýşa Sarkopa çozýar. Söweşde gyzyň kakasy Allaýar gahrymanlarça wepat bolýar. Sarkopyň serkerde gyzy Gülaýym Horezmiň edermen ýigidi Arslana aşyk bolýar. Arslanyň Altynaý diýen gyz dogany bolupdyr. Arslan ony gowy görüpdir, ikisi bile aw awlamaga hem gidýär, oňa harby tälim öwredýär. Altynaý 203 alçak, dana, batyr gyz, ol adalatyň tarapdarydyr. Sarkopyň duşmany Surtaýşa bolsa, Horezmiň duşmany Nedir şadyr. Ol Arslanyň Horezmde ýoklugyndan peýdalanyp, Altynaýa sawçy iberýär. Zalym şa pursady elden bermän, Horezme çozuş edýär we ony basyp alýar. Eserde Nedir şanyň basyb- alyjy hökmünde görkezilmegi we onuň Horezme çozuş et- megi taryhy wakadyr. Taryhdan mälim bolşy ýaly, 1740-njy ýylda Nedir şa Hywany basyp alýar, tutuş Horezmi golas- tynda saklaýar. Horezm halkynyň adamlaryny ýesir edýär, mallaryny, ähli emlägini elinden alýar. Bir ýyl geçmänkä, ýerli halk şanyň dikmesini öldürip, onuň harby berkitmesini ýok edýär. Altynaý söweşde ýaraly bolup, Nedir şanyň eline düşýär, ol dürli gynamalara sezewar bolýar. Emma şonda-da Altynaý Nedir şa barmajakdygyny kesgitli aýdýar. Bet niýeti başa barmadyk Nedir şa Altynaýy Goragly diýen ýere sürgün edip, oňa mal bakdyrýar. Altynaýyň agasy Arslan ar-namysa çydaman, doganynyň gözlegine çykýar. Ahyry Arslan dogan- yny tapyp, ony iýdirip, geýdirip, oňa hakyky hossarlyk edýär. Dessanyň soňunda edermen Gülaýymyň, Arslanyň, Serbinäziň, Altynaýyň batyrgaý hereketleri netijesinde Horezm ýurdunyň halky agzybir, asuda, parahat ýaşap başlaýar. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling