Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Kyrk gyz
(Eposdan bölek) On alty öküz, on bir Goýny öňe salypdyr. Arkasynda torbasy, Saçy ýüň deý bolupdyr. Mal yzynda naçaryň Reňňi-roýy solupdyr. Ýalaň aýak, ýalaň baş, Ýol boýy aglap barýar. Ol naçar mal yzynda Ýüregin daglap barýar. Golaý gelen atlylara Gözledi ol biçäre. Şeýle diýip, gan aglap, Sözledi ol biçäre: «Zalym patyşa, buýsanyp ýör beglige, Ýetirmezden şu güne deň deňlige. Arslan begim bar wagtynda aý idim, Indi döndüm ýanyp galan ýeňlige. Zamanymda bolupdym men Altynaý Ýa-da meni gargadymy ol Hudaý?! Surnaý çalyp, gelipmişin köp leşger, Men pahyry şu günümden gutargaý. Meniň gulagym güň, ýürek-bagrym gan, Nedir şadan gutulmagym bigüman. Aýdyň, leşger tartyp gelen doganlar, Dirimikän, ölümikän Arslan jan?» Gözýaşyny saklabilmän, Şeýle diýdi Arslan pälwan: 195 Ýaşaýardy gidenimde il aman, Dostlarym, dünýäde aýralyk ýaman. Gije-gündiz oýlaýanym sen idiň, Aga diýen dilleriňden, Altynaý! Dag salypdyr ýüregmize duşmanlar, Gözýaşyň deregne akypdyr ganlar. Aýlanaýyn aga diýen diliňden, Dol gujagma, ýene guwansyn känler. Batyrlara handan bolarmy ýoldaş? Gözleriňden akypdyr kän ganly ýaş. Gujagyma dol, gel, doganym, Altynaý, Sensiň maňa ýalňyz dogan-garyndaş… Ikisi-de gözleşdi, Göreç bilen sözleşdi. Bir-birine tapyşyp, Didardan doýmadylar, Agasyn goýmadylar. Agasy Altynaýa Geýim-gejim geýdirdi. Indi weli, ýaňky gyz Tawus guşdur diýdirdi. Agasy guş etinden Kebap edip iýdirdi. Altynaý ýuwaş-ýuwaş, Çadyra golaý geldi. Altynaýyň ýanyna Begenip Gülaý geldi. Altynaýy bada-bat Gözel düşürdi atdan. Tiz tilki guýruk bolup, Gyzardy-da daň atdy. At mündürip, Serbinaz 196 Gyza tälim öwretdi. Öz gören Altynaýyň Aldy gola sary ýaý. Nyşanalap bir guşy, Göni asmana atdy. Gyz ýedi gün geçensoň Öňki katdyna ýetdi. Serbinäz bile indi Ýaý atmagy öwrendi, Öwrendi at çapmagy, Gözleri ot deý ýandy. Altynaýyň golunda Kesgir gylyç oýnady. Dokuz günläp ýatansoň, Gany gyzyp gaýnady. Biline gylyç daňyp, Aýagyna ädik geýdi. Agasnyň ýanna geldi, Altynaý şeýle diýdi: «Gezen ýerlerimdir solum hem sagym, Oturdykça ýanýar meniň ýüregim. Hiç wagt gaýgyrmaz bizi Nedir şa, Atlan, agam, goluňa al ýaragyň. Güňlügiňde pida boldy bu janym, Almasam öjümi galar armanym. Ber rugsat, aýlanaýyn, jan aga, Zalym şanyň akdyraýyn al ganyn. Ol köp hyýal etdi meni almaga, Ol köp pirim gurdy gola salmaga. Maňa köp azaplar beren Nedir şa Meniň zorum görsün, rugsat ber aga!» Bu sözleri eşidip, Gülaý bolup örän şat, 197 Gyza sowut geýdirdi, Görke geldi perizat. Soň gözeli Gülaýym Kowsa yzyndan ýetjek, Gaçsa gutulyp gitjek, Bir tulpara mündürdi. Gözeliň göwni daşdy, Tulparyn ýel dek sürdi. Ýanynda alty ýigit Uçjak bolup barýardy. Atyna gamçy basyp, Oýnap-gülüp barýardy. Ösýän ýeli paralap, Iki dilip barýardy. Menzil ýoly geçensoň, Bardy çadyr ýanyna. Atdan düşmän Altynaý Salam berdi hanyna: «Gulak salyp arzym eşit, Nedir sen, Çyk meýdana, çykar göwräň çadyrdan. Leşger çekip geldim seniň üstüňe, Göter başyň, habar al sen batyrdan. On dördümde bolupdym men talaban, Ýaşap gezdim şu güne deň sag-aman. Tanaýansyň, belkem, bu gözel gyzy, Altynaý men, birwagtlar güň bolan. Doganymyň adyn eşitseň Arslan, Gelnejeme diýrler Gülaýym pälwan. Çyk-da sözleş, men – Altynaý, şol çopan, Nedir, senden gider boldy bu döwran. Nedir şahym, boşat indi tagtyňy, Gözle indi geljek täze «bagtyňy». 198 Şu çaka bir çopan bolanam bolsam, Seň üstüňe sürüp geldim atymy. Şu güne çen saraltdyň sen ýüzümi, Indi mert doganym, oýar gözüňi. Çyk meýdana, barka abraý, Nedir şa, Aýdaýyn diýp geldim şeýle sözümi». Böküp turup Nedir şa, Mährem begi çagyrdy. Dat, ýetiň iş gaýtdy Diýip, Nedir bagyrdy. Gara atyn oýnadyp, Mährem depeden indi. Şol wagtda Nedir şa Böküp atyna mündi. Horezminiň begleri Ülker deýin gopsundy. Muny uzakdan görüp, Arslan-da ata mündi. Serbinäz-de atlandy Türküstanyň ärleri Indi has gaýratlandy. Gülaýym atly gözel Göreniň aklyn aldy. Giren wagty söweşe, Duşmanyň güli soldy. Abdyrahman mähremi Arslan beg gola saldy. Atyň öňüne salyp, Golun daňyp getirdi. Altynaý-da ganymlaň Başyna gamçy urdy. Kyrk gyzyň – batyrlaryň Göwni derýa deý daşdy. Muny görüp Nediriň Huşy başyndan uçdy. Leşgeri gyrlandan soň, Horezmden geçdi ol. Eýran-Turan sebtine Ata münüp gaçdy ol. Arslan beg muny gördi, Yzyndan atyn sürdi… Şahyň yzyndan bardy. Ýaňy ýetdim diýende, Serbinäz naýza urdy. Nedir gyzyň naýzasyn Galkan bilen syndyrdy. Serbi atly naçary Ýaragyndan dyndardy. Gyljyny gola aldy, Serbi gelip bir çaldy. Ýene gyzyň gyljyny Galkan bilen syndyrdy. Ýene ýaňky batyry Ýaragyndan dyndyrdy. Indi ýaňky Nedir şa Atynyň başyn burdy. Alarlyp gözledi-de, Gyzyň üstüne sürdi. Serbinäziň saçyna Zalym penjesin urdy. Atdan göterip aldy, Aý dek ýüzün soldurdy. 199 Gyza päk nazar salyp, Atyň öňüne alyp, Nedir gaçyp barýardy, Kä yzyna garýardy. Oý, dereden, ýapydan Durman gidip barýardy. Delmuryp dört ýanyna Gözledi-de Gülaýym, Diýdi: Serbi, Arslana Ne döw çaldy, hudaýym! Gözüne gubar indi, Gülaý gazaba mündi. Serbi bilen beg Arslan Ýow golundan öldi diýp, Bagtym gara boldy diýip, Gamçy basdy tulpara. Damarda gan gaýnady. Akdember atly tulpar Çapdy, jylaw çeýnedi. Atdan akja der çykdy, Ýoluň tanapyn çekdi. Tulpar ok deý atyldy, Bir gamçam çaldyrmady. Arslany ýetip aldy, Hiç kürtdürip durmady. Gülaýym Arslan begden Sorady Serbinäzi. Ýigit Gülaýa bakyp, Salgy berdi o gyzy: «Ýetdirmedi yzyndan, Ynamy bar özünden». Gel, ýeteli diýip gyz, Yzyndan at goýdy tiz. Atlar jylaw çeýnedi, Giň sährada oýnady. Gülaýym bir seretse, Nedir şanyň destinde, Demir gyryň 1 üstünde Serbi gyz bozlap barýar, Şeý diýip uzlap barýar: «Zalymlara bendi boldum men ýalňyz, Akyllar öwredip galdym ýaragsyz. Almadyň-la Serbi gyzdan hiç habar, Niredediň bu söweşde, batyr gyz? Şahy öldürmedim, çekýärin arman, Kowup ýetdim, dökdürmedi gyzyl gan. Arman bilen ýesir düşdüm zalyma, Niredediň bu söweşde, mert Arslan?» Arslan beg bile Gülaý Geldi olara golaý. Pyýadalap ikisem Şahyň ökjesine düşdi. 1 Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling