Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- Soraglar we ýumuşlar: 1.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Y.Ýusupow nirede dogulýar? 2. Döredijilik işine haçan başlaýar? 3. Ol haýsy eserleri ýazypdyr? 4. Şahyryň ýazan eserlerini okaň we mazmunyny gürrüň beriň. 206 Türkmeniň Ykbalymyz doganlykda gül açdy, Göze yssy çöli, dagy türkmeniň. Şondan bäri ýaňadandan dil açdy, Magtymguly – beýik ogly türkmeniň. Bugdaý reňkliden, garaýagyzdan, Bir goly Jeýhundan biri deňizden… Seýilhandan, Jaýylhandan, Oguzdan, Biz bilen damardaş düýbi türkmeniň. Horezmi, Daşogzy, Garagalpagy – Hatar gonan bir atanyň urpagy, Saýalasa bir güjümiň ýapragy, Suwuma garyndaş suwy türkmeniň. Ak telpek astynda gözi alaly, Görogly dek goçak, dili senaly, Ýigidi Gün ýaly, gyzy Aý ýaly, Biri-birisinden gowy türkmeniň. Toý-baýram bu halkyň hazynasydyr, Dostunyň synasy öz synasydyr, Ybraýym hem onuň bir janasydyr – Hem inisi hemem ogly türkmeniň. Soraglar we ýumuşlar: 1. Şahyr goşgusyny haýsy temada beýan edipdir? 2. Şygyrda nähili ideýa öňe sürülýär? 3. Ikinji bendiň mazmunyny düşündiriň. 4. Goşgynyň mazmunyny özleşdiriň we ýat tutuň. 207 Döwrana meňzär Gözümiň röwşeni pagtaçy halkym, Sen diýsem dillerim bilbile meňzär. Gadamyň mübärek, gollaryň altyn, Köňlüň güneş nury – gülgüne meňzär. Jeýhun boýy gülden, gör, puşta-puşta, Pagtanyň gülünden salypsyň keşte, Zähmet meýdanynda, galkyşyň başda, Towlanyp, lümmürdäp akara meňzär. Daýhanlary bugdaý nandan doýduryp, Çarwalara mal semizin soýduryp, Eger, dünýä hasyl – lybas geýdirip, Bezeseň, ol Zöhrä – magşuga meňzär. Pagtadyr ülkämiň bagt nyşanasy, Geler yklymlaryň ondan ganasy, Özbegistanymyň ýygan hanasy – Üstüni gar basan bir daga meňzär. Pagta – ekinleriň şasy, soltany, Pagta – abadanlyk, durmuş güldany, Halkymyň pagtadan süren dowrany, Han-begler sürmedik döwrana meňzär. Emma, öz-özünden gelmeýär döwran, Zähmet meýdanynda urmasaň jöwlan, Perhat ýap gazanda, daglar gymyldan – Ol hem senden nusga alana meňzär. Ilim seniň zähmet söýgüçligiňi, Söz manysyn aňlap, ýangyçlygyňy, Topragyň dilini bilgiçligiňi Aýtsam, Ibn Sina – Lukmana meňzär. 208 Ýagşy niýet bilen tohum saýlaýşyň, Der saçmaňy ýeke minut goýmaýşyň, Ýazda şerbet suwy bilen eýleýşiň, Güýzde ýere ýyldyz ýaýana meňzär. Halkym, ýeňiş sazyň ýaňlat ýaňadan, Bolsun durmuşymyz mydam abadan. Hazynasy artyp, şatlansyn Watan, Watan – ak süýt beren bir enä meňzär. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling