Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. Alyşir Nowaýy şygyrlarynda nähili pikirleri beýan 
edýär?
2. Nowaýynyň eserleri sende nähili täsir döretdi?
3. Goşgulardan bölekleri ýat tutuň.
Berdi Kerbabaýew. «Myraly»
Myraly – Alyşir Nowaýy 1441–1501-nji ýylda ýaşap 
geçen beýik şahyr. Ol türkmen halkynyň arasynda Myraly 
ady bilen şöhratly şahyr, akyldar.
Nowaýy Soltan Husaýynyň (Soltansöýün) Baýkaranyň – 
teýmurlar dinastiýasy döwründe Horasan ülkesiniň soňky 
patyşasynyň baş weziri bolupdyr. Soltansöýün Myraly bilen 
bir mekdepde okan deň-duş. Myraly bilen Soltansöýün haky-
nda türkmenlerde köp şorta sözler, rowaýatlar bar.


186
Beýik akyldar Magtymguly hem Nowaýa uly hormat go-
ýupdyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili B. M. Ker -
babaýew Nowaýy hakyndaky bir topar akyl-paýhasly rowa-
ýatlary edebi taýdan täzeden işläp, hekaýa şekilinde ýazypdyr.
MYRALY
(Powestden bölekler)
Asmanyň ak towugy
 
Soltansöýün ýyldyz görenden bolanyň birini alany üçin, 
Myralydan biraz sowaşypdyr. Myraly wagty goldan ber-
män, ýaz aýy gidip, daýhançylyk edipdir. Onuň gawuny örän 
ýagşy bitipdir, tohumy üýtgeşik eken. Myraly öz ýanyndan: 
«Sol tansöýün-ä meni unutdy weli, men ony unutmaýyn, oňa 
bir eşek ýüki gawun bereýin» diýip, eşegini ýükläp ugrapdyr. 
Myralynyň gelýänini gören Soltansöýün ony tanapdyr-da
der we zebanyň geýimini geýip, gapy sakçy bolan kişi bolup 
durupdyr. Myraly derwezeden geçjek bolanda, ol oňa sorag 
beripdir: 
– Ýeri-ow ýigit, gawuny nirä alyp barýarsyň? 
– Gawun-a Soltansöýüne alyp barýan. 
– Sen akmak bolma. Soltansöýün munuň üçin saňa gara 
pulam bermez. Sen ony iň ýagşysy äkit-de bazarda sat, özüňe 
biraz çörek puly gazan. 
Myraly derwezebanyň kimdigini tanasa-da, tanamazlyga 
salyp, jogap beripdir: 
– Men bir gawunymyň süýjüligini görkezeýin, bäş 
teňňesini gysgansa, eşek ýüki gawuny hem gowuz ýerine 
dykaýsyn. 
Soltansöýün köşgüne baryp, wezirleri bilen ata atlanyp 
durka, Myraly eşegini sürüp barypdyr. Soltansöýün ondan 
habar soranda: 
– Patyşam, dünýäniň iň süýji nygmatyndan size sowgat 
getirdim – diýipdir. 
Soltansöýün gamçysyny galgadyp: 


187
– Eý, kem akyl daýhan, seniň gawunyň üýtgeşik geň zat 
däl. Biderek ýere pul sarp edesim gelenok – diýipdir. 
– Aý, patyşahym, bermeseň özüň bil. Eşek ýüki gawuny 
hem hälki aýdanymy edäýjek ekeniň-dä. 
Soltansöýün Myralynyň derwezebany tananyny derrew 
düşü nipdir-de, oňa bir penje teňňe beripdir. Bahyl wezirleriň 
gözi teňňe bilen gidipdir. Birinji wezir Soltansöýüne ýüzlenip: 
– Şahy älem, eşek ýüki gawuna şunça pul berseňiz, 
hazynanyň soňuna tiz çykarsyňyz – diýipdir. 
Soltansöýün oňa: 
– Teňňäni men oňa gawuny üçin bermän, sözi üçin berdim – 
diýipdir. 
– Şahym, söze pul berýän bolsaňyz, bize-de beriň. 
– Myralyny sözde ýeňseň, saňa-da bir penje teňňe. 
Birinji wezir atyny debsäp, Myralynyň üstüne abanypdyr-da: 
– Sen ýeriň ortasynyň nirededigini maňa ýa-ha görkez, 
ýa-da teňňäni bäri al – diýipdir. 
Myraly eşeginiň sag öň aýagynyň toýnagyny görkezip: 
– Ýeriň ortasy, ynha, şu ýeri – diýipdir. 
– Ýok, men oňa ynanamok.
– Ynanmasaň, ölçe-de göräý. 
Birinji wezir oňa jogap tapmandan soň, Myralynyň üstüne 
ikinji wezir abanypdyr: 
– Sen, ýa-ha asmandaky ýyldyzlaryň sanyny maňa aýt, 
ýa-da teňňäni bäri al. 
Myraly eşeginiň sagrysyny kakyp, jogap beripdir: 
– Asmandaky ýyldyzlaryň sany – meniň eşegimiň 
guýrugyndaky gyllary bilen sandaş: 
– Ýok, onyň dogry däl. 
– Dogry bolmasa, ikisinem sana-da göräý. 
Ikinji wezir oňa jogap tapmandan soň, üçinji wezir atyny 
debsäp, Myralynyň üstüne abanypdyr:
– Meniň saňa bir şertim bar. Şol şertimi bilseň, pul 
seniňki, bilmeseň, meniňki. 
– Şertiňi aýt. 


188
– Asmandaky ak towuk näme diýip gygyrýar? 
Myraly gulagyny asmana tutup diňläpdir-de: 
– Ikimiziň aramyzda deňlik ýok: sen ýokarda, men aşakda. 
Şonuň üçin ol sesi men oňly eşidip bilmeýän – diýipdir. 
Onda gyzma wezir özüni atdan oklap: 
– Ynha, sen meniň atyma mün-de diňläý – diýipdir. 
Myraly ata çykandan soň, ýene asmana diň salyp, Sol-
tansöýüne garap jogap beripdir: 
– Asmandaky ak towuk: at seniňki, eşek weziriňki diýýär. 
Soltansöýün Myralynyň jogabyna el çarpyp gülüpdir-de: 
– Myraly, sür! – diýipdir. 

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling