Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet50/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş:
1. Omar Haýýam nähili döwürde ýaşapdyr?
2. Şahyr rubagylarynda nähili ideýalary öňe sürüpdir?
3. Onuň döredijiligi bilen kimler iş salyşdylar?
4. Omar Haýýamyň rubagylaryndan birnäçesini öz islegi-
ňize görä ýat tutuň we olary labyzly aýtmagy öwreniň.


171
Edebiýat teoriýasy. 
Rubagy barada düşünje
Rubagy – dört setirden ybarat bolan özbaşdak şygyr 
formasydyr. Rubagynyň setirleri a, a, b, a ýaly kapyýalaşyp, 
onda gutarnykly bir pikir aňladylýar.
Gündogar poeziýasynda rubagynyň meşhur bolmag-
ynda Omar Haýýam uly rol oýnapdyr. Türki halklaryň 
poeziýasynda Burhaneddin Siwaslynyň, Baýram hanyň, Mir 
Alyşir Nowaýynyň döredijiliginde rubagynyň ilkinji nusg-
alary gabat gelýär. Türkmen klassyk edebiýatynda Döwlet-
mämmet Azady hem rubagy ýazmakda öz güýjüni synap 
görüpdir.
Türkmen halk döredijiliginiň läle, monjugatdy, küştdepdi 
ýaly žanrlaryna degişli bentler hem köplenç, rubagy for-
masynda döredilipdir. Häzirki zaman türkmen poeziýasyn-
da Mämmet Seýidow, Kerim Gurbannepesow, Pyhy Tagan, 
Aman durdy Annadurdyýew ýaly şahyrlaryň döredijiliginde 
çeper ýazylan rubagylara gabat gelýäris.


172
JELALEDDIN RUMY
(1207–1273)
Men dünýäden ötemsoň, ma -
zarymy toprakdan gözle 
mäň, 
ony öz köňlüňizden tapyň. 
Rumy
Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri bo-
lan Jelaleddin Rumy 1207-nji ýylyň 30-njy sentýabryn-
da Horasan welaýatynyň Balh şäherinde dindar alymyň 
maşgalasynda dünýä inýär. Döwründe bilimdarlaryň soltany 
(«Soltan al-ulema») diýen ada eýe bolan Muhammet Ba-
haweddin Welediň ogly Jelaleddin ýaşlygynda uçursyz 
zehinli adam bolupdyr. Rumynyň kakasy Muhammet Ba-
haweddin Konýanyň medresesinde mugallym bolup işleýär. 
XIII asyryň galagoply döwründe ýaşan paýhasly akyldar 
Jelaleddin Rumy uzak wagtlap ençeme şäherlerde sergez-
dançylyk çekipdir. Balh, Bagdad, Erzijan, Mekge, Malatýa 
we Garaman şaherleri beýik şahyryň döredijilik syrlaryny 
ile ýaýradan ilkinji şaherleri bolupdyr. Konýa (Türkiýe) 
şaheri Rumynyň öňünde täze döredijilik mekdebini açyp-
dyr. Rumynyň ylmy gorunyň artmagy, dünýägaraýşynyň, 
döredi jilik zehininiň parlamagy, hut Konýa şaheri bilen 
bag lanyşykly bolupdyr. Ol bu şaherde türki, parsy, arap, ýu-
nan (grek) dillerini öwrenipdir, zamanasynyň belli fi losof – 
alymy Burhaneddin Muhakkyky Termezi bilen tanyşypdyr. 
Rumy «Mesnewi», «Mejalis-i, Seba», «Mektubat», «Di-
wan-i Kebir», «Fihi mafi h» ýaly meşhur eserleri ýazypdyr. 
Akyldar şahyr Türkiýäniň Konýa şäherinde 1273-nji ýylyň 
17-nji dekabrynda aradan çykýar. 


173
Alyşir Nowaýy, Magtymguly ýaly beýik klassyklar 
Ruma uly sarpa goýupdyrlar. 

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   46   47   48   49   50   51   52   53   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling