Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
Soraglar:
1. Şahyr goşguda kim hakynda gürrüň edýär? 2. Bagşylaryň durmuşda nähili roly bar? 161 BEKMYRAT PAŞŞYÝEW (1975) Ynsan dünýä inip, ýagşy-ýamana göz aýlap, töweregindä- ki zatlaryň uly-kiçisini, reňkini bilmeklige höwes döreýär. Ylaýta-da ýaş mahallarynda şol bir predmetiň reňkine, daşky keşbine, ýagny gözelligine-de gyzyklanýar. Şeýlelikde, ynsanyň özi kämilleşdigi saýyn onuň akyly, gözýetimi giňelýär. Şol bir gören zatlarynyň nähili ýüze çykandygyny bilmeklige ymtylýar. Bu ýagdaýlar ýaş çaganyň gelejekde ýiti zehinli, talantly bolmagyna getirýär. Şeýle talantly ýaşlar hataryna kelteminarly Bekmyrat Paş şyýewi goşmak bolar. B.Paşşyýew 1975-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Garagala- pagystan Respublikasynyň Dörtgül etrabynyň Kelteminar obasynda işçi maşgalasynda eneden dogulýar. Ol 1982-nji ýylda şol obadaky Azady adyndaky orta mekdebiň 1-nji syn- pyna okuwa barýar. 1992-nji ýylda şol mekdebi doly gutar- yp, umumy orta bilime eýe bolýar. B. Paşşyýew mekdepde okaýan döwründe edebiýat birleşmesine aktiw gatnaşýar. Bu birleşmede «Mollanepes yşk mülküniň şasydyr», «Mag- tymguly – söz ussady», «G.Ezizowyň poeziýasynyň çeper- çiligi», «K.Gurbannepesow – meniň söýýän şahyrym» we şuňa meňzeş dürli temalar boýunça çykyş etmekligi onuň edebiyata bolan hyjuwyny ýene-de artdyrýar, sungata bolan höwesini güýçlendirýär. Edebiýatyň dürli žanrlary barada öwrenmegi ýüreginde 11 – Edebiýat, 6-njy synp 162 besleýär. Özbaşdak çeper eserleri okap, olary derňemegi höwes edýär hem-de poeziýa yşk etmek bilen özi hem goşgy düzmäge başlaýar. Onuň ýazan goşgularyna edebiýat mugallymy Rejepmyrat Myratnyýazow düzediş bererdi. Ol 1992-nji ýylda Berdak adyndaky Garagalpak döwlet uniwersitetiniň fi lologiýa fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girip, 1997-nji ýylda tamam- laýar. B. Paşşyýew şol ýyly Zelili adyndaky umumy orta bilim berýän mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugal- lymy bolup, işe başlaýar. Ol döredijilik işine mekdep ýyllarynda başlaýar. Ýaş şahyryň döredijiliginde K.Gurbannepesow, G.Ezizow ýaly şahyrlaryň täsiri uly. Onuň özboluşly stili bar. Az setirde giň many bermek, ine, onuň esasy özboluşlygynyň biri. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy “Kelteminar bahary“ ady bilen 2009-njy ýylda neşir edildi. Bekmyrat Paşşyýewiň goşgulary etrap gazetinde neşir edilýär. Ol diňe şahyr hök- münde däl, eýsem terjimeçi hökmünde-de tanalýar. Şahyr doganlyk özbek, garagalpak şahyrlarynyň eserlerini türk- men diline terjime etdi. Onuň döredijilik tematikasy gün- saýyn giňelýär. Gurbanmät Aşyrow Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling