Adabiyot 6 (Turkm). indd
Download 0.84 Mb. Pdf ko'rish
|
2 5465474849143005172
- Bu sahifa navigatsiya:
- Soraglar we ýumuşlar: 1.
- GURBANBERDI WELBEGOW (1952)
Soraglar we ýumuşlar:
1. Şahyr goşguda nämeleri öwüt-nesihat edýär? 2. Şygyr haýsy temada ýazylypdyr? 3. Goşgynyň mazmunyny dilden beýan ediň. Labyzly okaň. Nowaýy Şygryýet bossanynyň bagbany, Hezreti Mir Alyşir Nowaýy. Týan-Şanyň, Elbrusyň dagdany, Gazal mülküniň şasy – Nowaýy. Özbegiň ogly, jahan guwanjy, Ýaraly köňülleriň daýanjy, Gelmez ýanyňa gaýgy-gam, ünji, Türkmeniň şirin sazy – Nowaýy. Pähim-paýhasyňa ýugrulan sözler, Aklyňa kaýyl şol gara gözler, Her bent içinde gymmatly dürler, Söz göwheriniň piri – Nowaýy. Öçmez kalp mähiri, mukamlar başy, Ýürek sezasy syndyrar daşy, Ömrüň bakydyr, ýaşaber ýaşy, Poeziýanyň özi – Nowaýy. Soraglar we ýumuşlar: 1. Alyşir Nowaýy kim? Şahyr ony nähili wasp edýär? 2. Nowaýyny türkmenler näme üçin ýagşy görýär? 3. Goşgyny labyzly okaň we derňäň. 153 GURBANBERDI WELBEGOW (1952) Şahyr, terjimeçi Gurbanberdi Welbegow 1952-nji ýylyň 1-nji iýulynda Garagalpagystan Respublikasynyň Dörtgül etrabynyň Kelteminar obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. 1958 – 1968-nji ýyllarda öz obasyndaky umumybilim berýän 10-njy mekdepde bilim alýar. Soňra edebiýata bo- lan höwesi ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen fi lologiýasy fakultetine eltýär. Ol taly- plyk döwründe edebiýat birleşmesiniň höwesjeň agzalarynyň biri bolup, geçirilýän edebi agşamlara işeňňir gatnaşýar. Okan döwründe goşgy düzüliş formalaryny, tärlerini mugal lymy – meşhurlyk gazanan türkmeniň şirin labyzly şahyrlarynyň biri Halyl Kulyýewden öwrenýär. Ýokary okuw jaýyny üstünlikli gutaryp, Dörtgül etrabynda- ky «Hakykat» orta mekdebinde Halk magaryfynyň ýollanmasy bilen, türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlaýar. Şahyryň 2006-njy ýylda «Obadaşlarym» atly ilkinji goşgular ýygyndysy neşir edildi. Onuň terjime eden Özbegistanyň halk şahyrlary M.Ýusubyň we Y.Mürzäniň goşgular ýygyn- dysy (2014-2015-nji ý.) çap edildi. G.Welbegow «Özbegistan Respublikasynyň halk magaryfy otliçnigi», «Garagalpagystan halk magaryfy otliçnigi» diýen nyşanlar bilen sylaglandy. 2006-njy ýylda Garagalpagystan Bilim ministrliginiň «Wa- tanymy wasp edýärin» atly bäsleşiginde baýraga mynasyp boldy. 154 Häzirki döwürde şahyryň goşgulary Garagalpagystan Res- publikasynyň Türkmen Milli Medeni Merkeziniň «Mekan» gazetinde ýygy-ýygydan peýda bolýar. Daşkent radiosynyň türkmen gepleşikleri bölüminde tiz-tizden efi rde ýaňlanýar. Zähmetsöýer, ezber pedagog, poeziýa aşygy Gurbanber- di Welbegow: Söz bilen bogýar, Güllerden desse. Näme diýseň-de, Kärine ussa – diýip, K.Ubaýdullaýew adyndaky Garagalpagystan Re- spublika pedagoglaryny gaýta taýýarlaýyş we hünäri- ni kämilleşdiriş institutynyň uly mugallymy Gurbanmät Aşyrow oňa şeýle taryp berýär. Download 0.84 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling