Adabiyot 6 (Turkm). indd


Download 0.84 Mb.
Pdf ko'rish
bet40/80
Sana24.01.2023
Hajmi0.84 Mb.
#1118181
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   80
Bog'liq
2 5465474849143005172

Soraglar we ýumuş: 
1. Oguz han kim? Ol hakda geçmişde nähili eserler döre-
dilipdir? 
2.  A.Atabaýewiň «Oguz han hakynda rowaýat» poema-
synda nähili waka beýan edilýär? 
3. Poemanyň ähmiýetine nähili düşünýärsiňiz? 
4. Oguz han hakynda döredilen eserleri okaň we deňeşdi-
rip görüň. 


149
GARAŞSYZLYK EÝÝAMYNYŇ EDEBIÝATY
GIÇGELDI 
MÄMMETGYLYJOW
(1949–2007)
Ýazyjy-şahyr Giçgeldi Mämmetgylyjow 1949-njy ýylyň 
1-nji noýabrynda Garagalapagystan Respublikasynyň Dörtgül 
etrabyndaky häzirki A.Durdyýew fermer hojalygyna garaşly 
Amyderýanyň kenar ýakasynda ýerleşen «Ata – oba» bölü-
minde çarwa maşgalasynda dünýä inýär.
Ýaşlykdan garry enesi Annabibi ejäniň elinde ter-
biýelenýär. Annabibi eje türkmen we özbek halklarynyň halk 
döredijiligi eserlerini gowy bilýän, oňa uly sarpa goýýan 
ejeleriň biri bolupdyr. Ol ýaşajyk Giçgeldä edebiýata bolan 
höwesiniň ir oýanmagyna uly täsir edýär.
1956-njy ýylda obalaryndaky 9-njy orta mekdebiň birin-
ji synpyna okuwa barýar. Ol okuwçy döwründe mekdepde 
çykýan «ýalkym»,»ýaşlaryň owazy» hem-de satiriki «Tok-
mak» diwar gazetleriniň redkollegiýa agzasy bolup, gazetleriň 
döwrebap, gyzykly bolup çykmagy üçin hereket edýär. «Me-
kdep radiouzeli gepleýär» atly radiogepleşigiň ýolbaşçysy 
bolup, hepdäniň geň-enaýy wakalaryny okuwçylaryň dyk-
gatyna ýetirip, gepleşigiň täsirli bolmagyny gazanýar.
Ol 1966-njy ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlaýar. 
1967–1973-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki Magtymguly 
adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, türk-
men fi lologiýa fakultetini gaýybana tamamlaýar.
1971-nji ýylyň mart aýynda Daşkent şäherinde bolan 
«Ýaşlar» guramasynyň gurultaýyna Dörtgül etrabyndan del-


150
egat bolup gatnaşýar. 1972-nji ýyldan başlap, öz okan me-
kdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe 
başlaýar.
G.Mämmetgylyjow döredijilik işine mekdepde okap 
ýörkä, ýagny 1965-nji ýylda başlaýar.
Dörtgül etrabynda çykýan «Turtkulnoma» gazetiniň sa-
hypalarynda makalalary çap edilýär. Garagalapagystan 
Respublikasynyň radio we telewideniýesinde dürli temalarda 
ýazan goşgulary bilen çykyş edip, halk köpçüliginiň mährini 
gazanýar. Onuň ilkinji «Surat» satiriki hekaýasy merhum Ata 
Agaberdiýewiň türkmen dilinden özbek diline terjime etmegi 
netijesinde «Turtkulnoma» gazetinde çapdan çykýar. Soňra 
«Mähir» hekaýasy okyjylar köpçüligine hödürlenýär.
Halypanyň irginsiz zähmetini nazarda tutup, Dörtgül 
etrabynyň magaryf bolümi oňa «Uly mugallym» derejesine, 
2002-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda «Garagalpagystan halk 
magaryf otliçnigi» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Häzirki wagtda şahyryň goşgulary Dörtgül etrabynda 
çykýan Garagalpagystan Respublikasy Türkmen Milli Mede-
ni Merkeziniň «Mekan» gazetinde yzly-yzyna çap edilýär.

Download 0.84 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   80




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling