B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet147/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   143   144   145   146   147   148   149   150   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Walýuta düzgünleşdirilişi – walýutanyň aýlanyşygyny dolandyrmak, 
walýuta amallaryna gözegçilik etmek, milli puluň walýuta hümmetine täsir 
etmek, daşary ýurt walýutasynyň peýdalanylyşyny çäklendirmek boýunça 
döwlet edaralarynyň işi.
walýuta syýasaty – walýuta, walýuta hümmetine, walýuta amallaryna 
täsir etmek arkaly ýurduň içersinde we daşarsynda döwletiň alyp barýan 
ugruny beýan edýän ykdysady we daşary ykdysady syýasatlarynyň bir böle­
gi. Walýuta syýasatynyň esasy gurallary walýuta interwensiýasy, walýuta 
çäklendirmeleri, walýuta ätiýaçlyklary, walýuta subsidiýalaşdyrmasy, wal-
ýuta deňeçerlikleri bolup durýar.
Walýuta ulgamy – walýutalaryň, olary peýdalanmagyň we özara alyş-
çalyş etmegiň, töleg serişdesi hökmünde ulanmagyň düzgünleriniň we ka­
dalarynyň, şonuň ýaly-da walýutanyň ulanylmagy bilen baglanyşykly pul-
karz gatnaşyklarynyň jemi. Walýuta ulgamyna walýutanyň goýberlişini we 
aýlanyşygyny düzgünleşdirýän edaralaram degişlidir. 
Ykdysadyýet – bu hojalykdyr, hojalyk we hojalygy alyp barmak ha­
kyndaky ylymdyr hem-de hojalygy ýöretmegiň barşynda adamlaryň arasyn­
da emele gelýän gatnaşyklardyr, şeýle hem jemgyýetiň öndüriji güýçleriniň 
ösüş derejesine laýyk gelýän önümçilik gatnaşyklarynyň jemi. 
Ykdysadyýetiň düzümi köp ugurly düşünje bolup, oňa hojalyk ulga­
mynyň dürli düzüm bölekleriniň mynasybetini görkezýän dürli nukdaýna­
zarlardan garamak mümkindir. Adatça, sosial, pudaklaýyn, üznüksiz önüm-
çilik we sebitleýin düzümler bölünip çykarylýar.
Ykdysady adam – bazar ykdysadyýetiniň erkin seçip almaga hem­
de bar bolan ähli şertlerden, mümkinçiliklerden we maglumatlardan öz 
bähbitlerine we maksatlaryna laýyklykda ugur alyp, netijeli çözgütleri ka­
bul etmäge ukyply baş döredijilik subýektidir.
Ykdysady kadalaşdyryjylar – önümçilik döwründe bölmek, sarp 
etmek, toplamak maksady bilen ulanylýan, dürli elementleriň mukdar we hil 
derejelerini kesgitleýän, ylmy taýdan esaslandyrylan hasaplaşyk ulgamlary.
Ykdysady ösüş – jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň ýagdaý­
larynyň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   143   144   145   146   147   148   149   150   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling