B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
§ 8. Jemgyýetdäki nygmatlar we hyzmatlar
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
§ 8.
Jemgyýetdäki nygmatlar we hyzmatlar Islegleri kanagatlandyrmagyň çeşmesi nygmatdyr. Oňa dürli-dürli kesgitleme berýärler. Käbirleri nygmat düşün- jesini zatlar we predmetler bilen çäklendirýärler. Beýleki birleri bolsa nygmatlara diňe zähmetiň önümlerini däl, eý sem tebigatyň beren zatlaryny-da degişli edýärler. Nygmaty is lendik peýdaly netije hökmünde kesgitleýän pikir has ýaýrandyr. Nygmat – bu belli bir adamyň islegini kanagatlandyrýan islendik peýdaly zatdyr (predmet, hadysa, zähmet önümi). Ykdysady edebiýatda nygmatlary toparlara bölmegiň çylşyrymly ulgamy bar. Onuň esasynda goýlan ölçeglere bag lylykda nygmatlar şu toparlara bölünýär: ● maddy we maddy däl nygmatlar; ● ykdysady we ykdysady däl nygmatlar; ● jemgyýetçilik we jemgyýetçilik däl nygmatlar; ● häzirki we geljekki nygmatlar; ● göni we gytaklaýyn nygmatlar; ● uzak wagtlyk we gysga möhletli nygmatlar we ş.m. Ilkinji üç topar has möhümdir, şonuň üçin olaryň üstün de durup geçýäris. 30 I bölüm Maddy nygmatlar – bu tebigatyň eçilen zatlarydyr (kli mat, ýer, howa), önümçiligiň önümleridir (jaýlar, maşynlar, iýmit önümleri we ş.m.). Maddy däl nygmatlar – bu adam ukybynyň ösmegine täsir edýän nygmatlardyr: saglygy goraýyş, sungat eserleri, teatr, muzeý, bilim we başgalar. Nygmatlaryň ykdysady we ykdysady däl toparlara bö- lün meginiň esasynda olara bolan islegleriň we islegleri ka nagatlandyrmak üçin bar bolan nygmatlaryň arasyndaky my nasybet (gatnaşyk) durýar. Ykdysady nygmatlara ykdysady işiň obýekti ýa-da ne tijesi bolup durýan, ýagny islegler bilen deňeşdirilende, çäk li mukdarda alyp bolýan nygmatlar degişli. Bu hadysa resurslaryň çäkliligi bilen baglanyşyklydyr. Ykdysady däl nygmatlar (tebigy nygmatlar) adamyň tagallasy talap edilmezden tebigat tarapyndan berlen nyg- matlardyr (howa, suw we ş.m.). Bu nygmatlar tebigatda ada myň isleglerini doly we mydama kanagatlandyrýan muk darda «erkin» halda bardyr. Jemgyýetçilik nygmatlara milli goranyş, jemgyýet çilik tertibiniň goralmagy, howa maglumaty, köçeleriň yşyk lan- dyrylmagy we ençeme beýleki zatlar degişli. Jemgyýet çilik nygmatlary jemgyýetçilik däl nygmatlardan, birinjiden, sarp edilişinde bäsdeşligiň ýokdugy bilen, ikinjiden, olary peý dalanmaga päsgelçiligiň bolup bilmeýändigi bilen ta pawutlanýar. Adam üçin zerur nygmatlaryň arasynda hyzmatlar aý- ratyn orny eýeleýär we olaryň ähmiýeti barha artýar. Hyzmatlar – munuň özi adamyň haýsydyr bir isleglerini kanagatlandyrýan peýdaly iş we onuň netijesidir. Hyzmatyň özboluşlylygy onuň zat görnüşiniň ýokdu gyndan, emma adamyň peýdaly netije berýän işi (söwda, abat laýyş işleri, durmuş hyzmatlary we ş.m.) arkaly döredil- ýändiginden ybarat. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling