B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
§ 6. Maddy we maddy däl önümçilik
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
§ 6.
Maddy we maddy däl önümçilik Islegler adamlar we jemgyýet üçin maddy önümçiligiň we medeniýetiň ösüş derejesine laýyklykda emele gelýän özboluşly görnüşdäki durnukly zerurlyklar hökmünde kes gitlenýär. Adamyň islegleri maddy, ruhy we durmuş islegle rinden ybaratdyr. Maddy islegler şulara bölünýär: ● ýaşaýyş üçin ilkinji zerur bolan zatlar – iýmit, egin- eşik, ýaşaýyş jaýy we ş.m.; ● elpe-şelpelik üçin zerur zatlar – gymmat bahaly şaý- sepler, gymmat awtomobiller, ýahtalar, gymmat ba haly sütükli deriden tikilen içmekler we ş.m.; ● önümçilik serişdeleri – maşynlar, enjamlar, gurallar, çig mal, materiallar we başgalar. Ruhy islegler ylym, sungat bilen meşgullanmak, bilim almak, ahlak taýdan kämilleşmek we beýlekiler arkaly ka nagatlandyrylýar. Giň manysyndaky ruhy iýmite adamyň alýan ähli maglumatlary-da degişlidir. Jemgyýet ösdügiçe durmuş islegleriniň giňelmek we ola- ry kanagatlandyrmak mümkinçilikleri hem artýar. Dur muş islegleri dürli görnüşdäki jemgyýetçilik we köpçülikleýin işe gatnaşylmagy bilen baglanyşyklydyr. Olar maddy isleg hem, ruhy isleg hem bolup biler. Emma bu ýerde esasy zat jemgyýetçilik häsiýetine eýe bolunmagyndadyr hem-de köp 27 YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY sanly adamlaryň bilelikde ýaşaşmagynyň we hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurlygy bilen şertlendirilýänligindedir. Islegleriň kanagatlanyş derejesi iki sany ýaýrawyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär, olaryň birinjisine maddy önüm çilik, ikinjisine bolsa maddy däl önümçilik ýa-da ruhy ýaýraw degişlidir. Maddy önümçilik şulary öz içine alýar: ● maddy nygmatlary öndürmek bilen meşgullanýan se nagat, oba hojalygy, gurluşyk pudaklary; ● maddy hyzmatlary etmek bilen meşgullanýan ulag we aragatnaşyk, söwda, jemagat hojalygy, durmuş hyz matlary, infrastruktura ýaýrawy ýaly pudaklar. Maddy däl önümçilik şulary öz içine alýar: ● durmuş-medeni gymmatlyklary ýa-da nygmatlary dö- redýän kärhanalary (kino, teatr, sungat we ş.m.); ● sag lygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet arkaly mad- dy däl hyzmatlary edýän pudaklaryň kärhanalary. Bu ýaýrawlaryň arasynda jebis özara baglanyşyk bolup, ol baglanyşyk häzirki zaman şertlerinde barha pugtalanýar. Meselem, maddy önümçiligiň ýokary ösüş derejesi köp ýurt larda işleýän adamlaryň uly böleginiň (50–70%) maddy däl önümçilikde meşgul bolmagyna mümkinçilik berdi. Öz ge zeginde, maddy däl önümçilik ýaýrawynda ylmy açyşlar, teh niki oýlap tapyşlar ýaly gazanylan üstünlikler maddy önüm çiligiň ösmegine güýçli täsir edýär. Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling