B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
§ 7. Önümçiligiň serişdeleri we şertleri
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
§ 7.
Önümçiligiň serişdeleri we şertleri Häzirki zaman jemgyýetinde harytlaryň we hyzmatla- ryň önümçiligi dürli hojalyk subýektleri tarapyndan, ýag ny hususy, döwlet eýeçiligine degişli, şonuň ýaly-da garyşyk eýeçilikdäki iri, orta, kiçi we mikrokärhanalar hem-de hu- su sy telekeçiler tarapyndan alnyp barylýar. Önümçilik ob ýek tiw ykdysady kanunlaryň täsirine çuňňur göz ýetir- 28 I bölüm megiň we ony aňly-düşünjeli peýdalanmagyň esasynda gu ralmalydyr. Bazar ykdysadyýeti mikroderejede dürli pudaklaryň köp sanly kärhanalarynyň işini, ähli tebigy, adam resurs laryny we adam tarapyndan döredilen resurslary gurşap al ýar. Olar adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga niýet lenen harytlaryň we hyzmatlaryň öndürilmegi üçin peýdalanylýar. Adamlaryň islegleri köp dürlüdir we çäksizdir. Emma bu islegleri doly kanagatlandyrmak üçin zerur bolan haryt lary we hyzmatlary öndürmäge gerekli resurslaryň möçberi çäklidir. Resurslar – bu islegleri kanagatlandyrmak üçin dürli görnüşli nygmatlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini gu ra- makda kärhanalar we beýleki önümçilik subýektleri tara- pyndan peýdalanylýan zatlardyr. Olara zähmet resursy hök münde işçi güýji-de girýär. Önümçilik resurslary doly here kete getirilen mahalynda bir önümiň öndürilişini artdyr mak üçin olaryň beýleki birleriniň öndürilişini ke- melt meli bolýar. Şoňa görä-de, her bir jemgyýet müm kin - çi likleriň çäkliligine sezewar bolýar. Ähli islegleriň ka- na gatlandyrylmagynyň mümkin däldigi zerarly, bazar yk dy sadyýeti şertlerinde her bir sarp ediji, her bir satyn aly- jy öz isleýän zatlaryndan has möhümlerini yzygiderli saý lap almaly bolýarlar. Resurslaryň bütin köplügi maddy we zähmet resurs laryna bölünýän ykdysady resurslardyr. Haýsydyr bir harydy ýa-da hyzmaty öndürmek üçin herekete getirilen ykdysady resurslara önümçiligiň şertleri diýilýär. Önümçiligiň esasy şertlerine zähmet, ýer, maýa we tele- keçilik ukyplary degişli. Zähmet (işçi güýji) – adamyň önümçilik mahalynda ula nylýan fiziki we akyl ukyplarynyň jemidir. 29 YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY Ýer – önümçiligiň tebigy şerti hökmünde onuň adam zäh meti bilen döredilmedik ähli resurslaryny, ýerasty baý- lyk lary, tokaýlary, howany we suwy hem goşmak bilen önümçilik işine çekmegiň çeşmesi bolup durýar. Maýa – önümçilik serişdesi hökmünde zähmet seriş- deleriniň we predmetleriniň jemidir. Oňa kärhanalar, tele keçiler we bölekleýin derejede döwlet eýeçilik edýär. Telekeçilik ukyplary – maýanyň eýeleriniň, harajatla- ry, töwekgelçiligi we jogapkärçiligi öz üstlerine alyp ýa-da munuň üçin dolandyryjylary hakyna tutup, öz telekeçilik işini guramaga ukybyny we taýýardygyny aňladýar. Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling