33
YKDYSADYÝETIŇ
UMUMY ESASLARY
görnüşine öwrülmegi jemgyýetçilik zähmet bölünişiginiň
ösýän şertlerinde bolup geçýär.
Häzirki zamanda beýleki harytlaryň hemmesini gysyp
çykaryp, altyn aýratyn saýlanyp çykdy. Ol dünýä möçbe
rinde pul harydy hökmünde öz monopoliýasyny gutarnyk-
ly berkarar etdi. Her bir beýleki harydyň bolşy ýaly, pul
harydy, ýagny altyn, isleg ödeýiş gymmatyna we alyş-çalyş
gymmatyna eýedir.
Öz nobatynda altynyň isleg ödeýiş gymmaty, beýleki
harytlardan tapawutlylykda, ikä bölünýär.
Bir tarapdan,
altyn islendik isleg ödeýiş gymmatyna öwrülmek ukybyndan
ybarat ählumumy isleg ödeýiş gymmatyna eýedir. Başga bir
tarapdan, altyn adaty isleg ödeýiş gymmatyna eýedir, ýagny
ol tehniki maksatlar üçin, bezeg predmetlerini ýasamak
üçin we ş.m. üçin peýdalanylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: