B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet35/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

7. Söwda
8. Işiň beýleki görnüşleri
Maddy nygmatlar döredilmeýän ähli pudaklar önümçi­
lik däl ýaýrawy emele getirýärler. Olara aşakdakylar degişli:
9. Bilim
10. Ylym we ylmy hyzmatlar
11. Saglygy goraýyş
12. Sport we syýahatçylyk
13. Medeniýet we sungat


79
MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI
14. Sarp ediş bazary we tölegli hyzmatlar 
15. Ýaşaýyş jaý gurluşygy we jemagat hojalygy
16. Ýolagçy gatnadýan ulaglar
17. Aragatnaşyk (önümçilik däl ýaýrawa we ilata hyz­
mat etmek boýunça)
18. Karzlaşdyryş we ätiýaçlandyryş 
19. Dolandyryş
20. Işiň gaýry görnüşleri.
Ykdysadyýetiň pudaklarynyň şunuň ýaly toparlanyşy 
oňaýly deňölçeglilikleri, görkezijiler ulgamyny kesgitlemek 
hem-de jemgyýetçilik önümçiligine pudaklar boýunça baha 
bermek üçin zerur.
Pudaklaryň şeýle toparlanmagy Türkmenistanyň ykdy-
sa dyýetiniň ösüşine esas bolup hyzmat etdi. Şol mynasybetli 
ýurdumyz milli hojalygyň maddy-önümçilik binýadyny tut­
makda uly üstünlikler gazandy. Häzir onuň ykdysady we 
ylmy-tehniki mümkinçilikleri täze giň möçberli wezipeleri 
çözmäge esas berýär.
Türkmenistan milli ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy 
ugur laryny we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitle­
di. Olar milli hojalygy durnukly we ilerleýjilikli ösdürmegiň, 
ylmy-tehniki ilerlemäniň we ykdysadyýeti önjeýli ösüş ýolu-
na çykarmagyň, ýurduň önümçilik mümkinçiliklerini has 
re je li peýdalanmagyň, serişdeleriň ähli görnüşlerini hemme 
çä reler arkaly tygşytlamagyň we işiň hilini gowulandyrma-
gyň esasynda ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk hem ýo­
karlandyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly öz-
ge rişler bolup geçdi. Ýurduň ösüşiniň her bir tapgyry dur-
muş-ykdysady ösüşiň aýratynlyklary, milli hojalygyň islegleri 
we mümkinçilikleri bilen şertlendirilen anyk wezipeleri öňe 
sürýär. Bu wezipeleriň çözülmegi diňe bir maddy önümçiligi 
däl, eýsem önümçilik däl ýaýrawy-da gurşap alýar.
Şeýlelik bilen, milli hojalygyň dürli pudaklarynyň üs­
tünlikli ösmegi ýurduň maddy-önümçilik binýadyny ylmyň 


80
II bölüm
gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak we innowasion işi 
çaltlandyrmak, zähmet öndürijiliginiň, önümçiligiň neti jeli-
liginiň ýokarlandyrylmagy arkaly pugtalandyrmakda mö-
hüm ähmiýete eýedir.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling