B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
5. Oýlanyp ýatdan bir san belläň!
Meniň aýdýan amallarymy üns bilen ýerine ýetiriň, men bolsa siziň hasaplamalaryňýzyň netijesini aýan ederin. 1. Noldan tapawutly 10dan kiçi bir sany ýatdan belläň. Ony 3e köpeldiň, netijesine 2ni goşuň soňra 3e köpeldiň, netijesine ýatdan bellän sanyňyzy goşuň. 8. Sargyt 6 114 Netijäniň birinji sifrini çyzyň. Galan sanyň üstüne 2ni goşuň. Alnan jemi 4e bölüň. Paýyň üstüne 19y goşuň. Siziň hasaplamalaryňyzyň netijesi 21e deň boldy. 2. Noldan tapawutly 10dan kiçi bir sany ýatdan belläň. Ony 5e köpeldiň. Köpeltmek hasylyny ikeldiň we onuň üstüne 14i goşuň. Jemden 8i aýryň. Netijäniň birinji sifrini çyzyň. Galan sany 3e bölüň we oňa 10y goşuň. Siz 12ni aldyňyz. 3. Noldan tapawutly 10dan kiçi bir sany ýatdan belläň we oňa 29y goşuň, netijäniň ahyrky sifrini taşlaň. Galanyny 10a köpeldiň. Netijesine 4i goşuň. Alnan sany 3e köpeldiň, netijeden 2ni aýryň. Siz 100i aldyňyz. 4. Noldan tapawutly 10dan kiçi bir sany ýatdan belläň. Ony 5e köpeldiň. Alnan sany ikeldiň netijesin den oýlan sanyňyzy aýryň. Alnan tapawutdaky sanyň sifrlerini goşuň. Netijesine 2ni goşuň. Jemi kwadrata göteriň. Alnan sandan 10y aýryň. Tapawudy 3e bölüň. Siz 37ni aldyňyz. 5. Noldan tapawutly 10dan kiçi bir sany ýatdan belläň. Ony 25e köpeldiň, 3i goşuň. Alnan sany 4e köpeldiň, netijäniň birinji sifrini çyzyň. Galan sany kwad rata göteriň. Netijäniň sifrlerini goşuň. Ýenede 7ni goşuň. Şeýlelikde, 16 san alyndy. 6. Ikibelgili sany ýatdan belläň. Oňa 7ni goşuň. 110dan alnan jemi aýryň. Tapawuda 15i goşuň. Ne ti jä ýatdan bellän sanyňyzy goşuň. Alnan sany 2ä bölüň. Netijeden 9y aýryň. Tapawudy 3e köpeldiň. Siz 150ni aldyňyz. 115 7. 100den kiçi sany ýatdan belläň. Oňa 12ni goşuň. 130dan alnan jemi aýryň.Tapawuda 5i goşuň. Netijä ýatdan bellän sanyňyzy goşuň. Jemden 120ni aýryň. Tapawudy 7ä köpeldiň. 1i aýryň. Galanyny 2ä bölüň. 30y goşuň. Siz 40y aldyňyz. 8. Noldan tapawutly islendik sany ýatdan belläň. Ony ikeldiň, alnan sana 1i goşuň. Ýenede alnan sany 5e köpeldiň. Ahyrky sifrden başga ählisini taşlaň. Ga lan sifri özözüne köpeldiň. Netijede, alnan sanyň sifr lerini goşuň. Siz 7ni aldyňyz. 9. 100den kiçi sany ýatdan belläň. Oňa 20ni goşuň. 170den bu alnan sany aýryň. Galan sandan 6ny aýryň. Tapawuda ýatdan bellän sanyňyzy goşuň. Alnan sanyň sifr lerini goşuň. Alnan jemi özözüne köpeldiň. Netije den 1i aýryň. Alnan sany 2ä bölüň, soňra 8i goşuň. Siz 48i aldyňyz. 10. Üçbelgili sany ýatdan belläň. Onuň sagyndan ýenede şol sany gaýtalap ýazyň. Alnan sany 7ä bölüň. Netijäni ýatdan bellän sanyňyza bölüň. Alnan paýy 11e bölüň. Netijäni ikeldiň. Alnan sandaky sifrleri goşuň. Siz 8i aldyňyz. 11. Noldan tapawutly 10dan kiçi bir sany ýatdan belläň. Ony 2 esse ulaldyň we köpeltmek hasylynyň üs tüne 1i goşuň. Alnan sany 5e köpeldiň, netijeden 2ni aýryň. Alnan tapawudyň üstüne 301i goşuň. Netijedä ki ortaky sifri çyzyň we alnan ikibelgili sanyň üstüne 3i goşuň. Siz 37ni aldyňyz. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling