B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet38/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

8. Doglan gününi we aýyny bilmek
Dostuňuza bir kagyzda doglan gününi ýazmaklygy 
hödürläň hem­de aşakdaky amallary ýerine ýetirmekli­
gi haýyş ediň:
– ýazylan sany ikeldiň;
– alnan netijäni 10­a köpeldiň;
– köpeltmek hasylyna 73­i goşuň;
– – jemi 5­e köpeldiň;
köpeltmek hasylynyň üstüne doglan aýyňyzyň ter­
tip belgisini goşuň.
Alan netijäňizi maňa aýdyň. Aýdylan netije bo­
ýunça, siz oňa doglan gününi we aýyny aýdyp biler­
siňiz.
Mysal.  Siziň dostuňyz awgust aýynyň 17­sinde 
dog lan bolsun. 
17⋅2=34; 34⋅10=340; 340+73=413; 413⋅5=2065; 
2065+8=2073.
Ýoldaşyňyz 2073­i aýdýar we siz onuň doglan gü­
nüni we aýyny aýdyp berýärsiňiz. Ony nähili bilmeli? 


118
9. Gürrüňdeşiň ýaşyny nähili bilmeli?
Siz gürrüňdeşiňiziň näçe ýaşyndadygyny anykla­
mak üçin aşakdaky amallary hödürläň:
– tapawudy 1­den uly bolan iki sifri bir­biriniň 
yzyn dan ýazyň;
– olaryň arasynda islendik üçünji sifri ýazyň;
– alnan üçbelgili sanyň sifrlerini ters tertipde ýa­
zyp täze üçbelgili sany alyň;
– bu üçbelgili sanlaryň ulusyndan kiçisini aýryň;
– tapawutda alnan sanyň sifrlerini ters tertipde 
ýazyň;
– täze alnan sany tapawut bilen goşuň;
– jeme öz ýaşyňyzy goşuň we alnan jemi maňa 
aýdyň.
Siz onuň näçe ýaşyndadygyny dessine aýdýar sy ňyz.
Meselem, siziň gürrüňdeşiňiz 23 ýaşynda bolsun. 
Ol aşakdaky amallary ýerine ýetirýär:
25
275
572
572–275=297
297+792=1089
1089+23=1112
Gürrüňdeşiňiz size 1112 sany aýdýar, siz onuň 
ýaşy ny kesgitläp berýärsiňiz. Nähili edip ony kes git­
leýärsiňiz? 
10. Gürrüňdeşiňiziň doglan gününi, 
aýyny we ýaşyny nähili bilmeli?
Eger siz bu usulyň mazmunyna düşünseňiz, muňa 
meňzeş gözbagçylyklary özüňiz hem oýlap tapyp bi­
lersiňiz.


119
Doglan aýyňyzyň tertip belgisini 100­e köpeldiň. 
Köpeltmek hasylyna doglan günüňizi goşuň. Jemi 2­ä 
köpeldiň we alnan netijäniň üstüne 8­i goşuň. Täze 
jemi 5­e köpeldiň we üstüne 4­i goşuň. Alnan sany 
10­a köpeldip, üstüne 4­i goşuň. Soňra öz ýaşyňyzyň 
doly sanyny goşuň. Alan netijäňizi maňa aýdyň. Siz 
bu netije boýunça gürrüňdeşiňiziň doglan aýyny, gü­
nüni we ýaşyny kesgitleýärsiňiz. Nähili edip ony kes­
gitleýärsiňiz? 

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling