B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 15. Nähili edip ýazylmadyk sanlaryň jemini bilmeli
- 16. Çalt kub kök almak
14. Ajaýyp ýatkeşlik
Kagyz listine 2025 sifri bolan uly san ýazýarsyňyz we tomaşaçylara şu sanyň ähli sifrini şu yzygiderlikde gaýtalap biljekdigiňizi duýdurýarsyňyz. Biz yzygider likde hiç hili kanunalaýyklygyň ýokdugyna seretmez den siz gözbagçylygy ýokary derejede geçirýärsiňiz. Siz bu işi nähili edip amala aşyrdyňyz? 15. Nähili edip ýazylmadyk sanlaryň jemini bilmeli? Siz wagtlaýynça diňe birisi ýazylan üç sanyň jemi ni aýan etmäge çalyşýarsyňyz. Gözbagçylyk şeýle ýeri ne ýetirilýär: Siz ýoldaşyňyza islendik köpbelgili sany ýazmagy hödürleýärsiňiz: bu birinji goşulyjydyr. Goý, ol 84706 sany ýazsyn, onda ikinji we üçunji sanlara ýer goýup, doly ýazylmadyk üç sanyň jemini öňünden ýazýar syňyz: 123 1nji goşulyjy 84706 2nji goşulyjy ... 3nji goşulyjy ... Jemi: 184705 Ondan soň ýoldaşyňyz ikinji sany ýazýar (birinji san näçe belgili bolsa, ikinji san hem şonça belgili bol maly), üçünji goşulyjyny siz özüňiz ýazmaly: 1nji goşulyjy 84706 2nji goşulyjy 30485 3nji goşulyjy 69514 Jemi: 184705 Jemiň dogry tapylandygy şübhesizdir. Gözbag çy lygyň syry nämede? 16. Çalt kub kök almak Kub kök almak boýunça gözbagçylyk tomaşaçylaryň birini sahna çagyryp, 1den 100e çenli islendik sany al magy we şol sanyň kubuny çalt hasaplap, netijäni size aýtmakdan başlanýar. Ondan soňra gözbagçy badabat şol sandan alnan kub köki aýan edýär. Bu gözbagçylygy görkezmek üçin ilki bilen 1den 10a çenli sanlaryň kublaryny ýatdan bilmek zerur dyr: 1 3 =1; 2 3 =8; 3 3 =27; 4 3 =64; 5 3 =125; 6 3 =216; 7 3 =343; 8 3 =512; 9 3 =729; 10 3 =1000. Görnüşi ýaly, 2 we 3den we 7 we 8den beýleki sanlar öz kublarynyň ahyrky sifri bilen gabat gel ýär. 2 we 3, 7 we 8 sanlaryň kubunyň ahyrky sifri 10 bi len kuba göterilýän sanyň tapawudyna deňdir. Bu mag lumatlar çalt kub kök almak üçin ulanylýar. Goý, 124 tomaşaçy käbir sany kuba göterip size 250047 sany aýtsyn. Bu sanyň ahyrky sifri 7, şonuň üçin kub köküň ahyrky sifri 3 bolmalydyr. Gözlenýän sanyň birinji sif rini aşakdaky ýaly taparys. Kubuň ahyrky üç sifrini çyzýarys (onuň sifrleriniň sanyna bagly bolmazdan) we olaryň öňündäki sifrlere üns berýäris. Biziň alan ýag daýymyzda bu san 250. 250 san kublar tablisasynda 6nyň we 7niň kublarynyň arasynda ýerleşýär. Olaryň kiçisi biziň mysalymyzda 6dyr we ol kub köküň birinji sifridir. Şonuň üçin dogry jogap 63 bolar. Işiň özenine oňat düşünmek üçin ýenede bir mysala seredeliň. Goý, 19683 san aýdylan bolsun. Onuň ahyrky sifri 3 bo landygy üçin, hut köküň ahyrky sifri 7 bolar. Ol sanyň ahyrky 3 sifrini çyzyp 19 sany alarys. 19 san 2niň we 3üň kublarynyň arasynda ýerleşýär. Şol sanlaryň kiçi si 2, diýmek, gözlenilýän kub kök 27 bolmalydyr. Okyjylara, tomaşaçylara bu gözbagçylyk täsin gö rünýän bolsada, ýokary derejeli kökleri almagyň has ýeňil usullaryda bar. Olaryň iň ýeňilleriniň birisi 5nji derejeli kök almakdyr, sebäbi islendik san we onuň bäşinji derejesi hemişe şol bir sifr bilen tamamlanýar. Download 1 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling