B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 18. Ýatdan bellenen san bilen geçirilýän amallaryň netijesini öňünden bilmek
17. Fibonaççiniň sanlaryny goşmak
Üçünji sandan başlap her bir san öňündäki iki sanyň jemine deň bolan san yzygiderligine fibonaççiniň san lary diýilýär: 8 5 13 18 31 49 125 80 129 209 338 Fibonaççiniň sanlary bilen baglanyşykly gözbagçy lyk şeýle görkezilýär: gözbagçy tomaşaçylaryň birine iki sany sany birbiriniň aşagyndan ýazmaklygy haýyş edýär. Mysal üçin 8 we 5 ýazylýar. Soňra bu sanlar bi len baglanyşykly 10 agzadan ybarat fibonaççiniň san lary ýazylýar. Sanlar ýazylýan döwründe gözbagça ol sanlar görkezilmeýär. Soňra gözbagçy ýazylan sanlara seredip, badabat ol sanlaryň jemini aýdýar. Şol jemi tapmak üçin oňa diňe aşakdan dördünji sany 11e ýat dan köpeltmek ýeterlikdir. Biziň yzygiderligimizde aşak dan 4nji orunda 80iň bolandygy üçin 80⋅11=880 gözlenilýän jem bolar. 18. Ýatdan bellenen san bilen geçirilýän amallaryň netijesini öňünden bilmek Iň bir gadymy gözbagçylyklaryň biride ýatdan bel lenen san bilen geçirilýän amallaryň netijesini öňünden bilmekdir. Bir adama bir sany ýatda bellemek, onuň üstünde birnäce amallary ýerine ýetirmek we netije sini gözbagça aýtmak teklip edilýär. Bu aýdylan san bolsa gözbagçynyň öň mälim eden sany bilen gabat gel ýär. Gözbagçylyk şeýle ýerine ýetirilýär: tomaşaça bir sany ýatdan bellemek, ony ikeltmek, alnan netijä 8i goşmak, bu jemi ikä bölmek we iň ahyrynda paýdan ýatdan bellenen sany aýyrmak teklip edilýär. Jogapda hemişe siziň hödürlän sanyňyzyň (8) ýarysy (4) emele geler. Eger tomaşaça 10y goşmak teklip edilen bolsa jogapda 5 alnardy. 126 Şuňa meňzeş has gyzykly gözbagçylyklaryň biri de tomaşaça doglan ýylyny ýazmakdan we onuň üs tüne, onuň durmuşynda bolup geçen ýatdan çykma jak wakanyň bolan ýylyny goşmagy teklip etmekden başlanylýar. Emele gelen jemiň üstüne ol öz ýaşynyda, ahyrynda ýatdan çykmajak wakadan soň geçen ýyl sa nynyda goşmaly bolýar. Tomaşaçylaryň arasynda diňe käbirleri agzalan 4 sanyň jeminiň hemişe üstümizdäki ýylyň 2 essesine deňdigine düşünip biler. Şonuň üçin siz öňünden alynmaly jemi bilersiňiz. Eger N 0 doglan ýyly, N 1 ýatdan çykmajak wakanyň bolan ýyly, N 2 üs tümizdäki ýyl bolsa, onda N 0 +N 1 +(N 2 N 0 )+(N 2 N 1 )=2N 2 bolar. Tomaşaçylar tarapyndan alnan jemler deňeşdirilip görlende, olaryň ählisiniň şol bir sandygy ýüze çykýar. Gözbagçylygy synlanlaryň köpüsinde tomaşaçynyň ýa zan 4 sanyny siziň öňünden bilýändigiňiz barada nädog ry pikir hem dörär. Hakykatda welin siz olaryň ýazan sanlarynyň birinide bilmeýärsiňiz. Siz tomaşaçydan ýaş sanyny goşmagy teklip edeniňizde 31nji deka bra çenli doljak ýaşyny almalydygyny ýatlatmagy unutmaň. Yogsam bolmasa, onuň doly ýaşy hasaplany landa onuň siziň ýalňyşmagyňyza alyp gelmegi müm kindir. Gözbagçylygy çylşyrymlaşdyrmak üçin alnan jemiň üstüne öň bilýän sanyňyzy, meselem, öýdäki adamlaryň sanynyda goşdurmak bolar. Onuň üçin üstüňizdäki ýylyň 2 essesine ol sany öňünden goşup goýmak mak sadalaýyk bolar. Şeýle edilse, gözbagçylygyň syrynyň çalt üstüniň açylmazlygy üçin oňaýly bolar. Ol göz bagçylygy gaýtalamaly bolan ýagdaý ýüze çykan ma halynda ýylyň iki essesiniň üstüne goşmak üçin başga sanlaryda ulanmak mümkin (mysal üçin, üstüňizdäki aýyň gün sany we ş.m.). |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling