B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
, 5 we 6 sifrler bilen gutarýan sanlary
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 3. 11-e bölünijilik
2. 1, 5 we 6 sifrler bilen gutarýan sanlary
köpeltmek 1 sifr bilen gutarýan sanlar özara köpeldilende ýenede 1 bilen tamamlanýan san alynýar. Şol häsiýet 5 we 6 sifrler bilen gutarýan sanlarada degişlidir. Şoňa göräde 6 sifr bilen tamamlanýan islendik sanyň dere jesi ýenede 6 sifr bilen gutarýar. Mysal üçin: 46 2 =2116; 46 3 =97336. Bu sanlaryň ýokarda görkezilen aýratynlygyny al gebraik usulda esaslandyralyň. 6 bilen gutarýan ikibel gili sanlary 10a+6, 10b+6 we ş.m. ýaly ýazylýar. Bu ýerde a we b noldan tapawutly sifrler. Şeýle iki sanyň köpeltmek hasyly: 100ab+60b+60a+36=10⋅(10ab+6a+6b)+30+6= =10⋅(10ab+6a+6b+3)+6 deňdir. Görnüşi ýaly köpelt mek hasyly käbir onluklardan we 6 sifrden durýar. Şuňa meňzeşlikde 1 we 5 sifrler bilen tamamlanýan san laryň aýratynlygynyda algebranyň kömegi bilen esaslandyryp bolýar. Ýokarda aýdylanlar bize 386 2567 niň 6 bilen, 815 723 üniň 5 bilen, 491 1732 niň 1 bilen we ş.m. gutarýandygyny tassyklamaga mümkinçilik berýär. 3. 11-e bölünijilik Belli bolşy ýaly, bölünijilik nyşanlary bölmek ama lyny ýerine ýetirmezden berlen sanyň käbir sana bö lünýändigini ýada bölünmeýändigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Biz 2ä, 3e, 4e, 5e, 6a, 8e, 9a, 10a bölünijilik nyşanlaryny bilýäris. 11e bölünýän 109 san lar hem käbir kanunalaýyklyga boýun egýär. 11e bölünijilik nyşanyny getirip çykaralyň. Goý, N köpbel gili sanyň birlik sifri a, onluk sifri b, ýüzlük sifri c, müňlük sifri d we ş.m. bolsun, onda N sany N=a+10b+ +100c+1000d+...=a+10(b+10c+100d+...) görnüş de ýa zyp bolar. N sandan 11e bölünýän 11⋅(b+10c+100d+...) sany aýralyň. Alnan a –b–10(c+10d+...) tapawudyň 11e bölünende şol bir galyndyny berýändigine göz ýetir mek kyn däldir. Netijede, biz a –b+c–d+...= (a+c+...) – (b+d+...) sanlary, ýagny edil N san 11e bölünende alynýan ga lyndyny alarys. Bu ýerden 11e bölünijiligiň aşakdaky nyşany gelip çykýar: täk orunda ýerleşýän sifrleriň jeminden, jübüt orunda ýerleşýän sifrleriň jemini aýyrmaly; eger tapawut nola deň ýada 11e bölünýän (položitel ýada otrisatel) sana deň bolsa, onda synap görýän sanymyz 11e bölünýändir. Eger bu şert ýeri ne ýetmese, synagdaky san 11e galyndysyz bö lün meýär. 87635064 sanyň 11e bölünýändigini ýada bölünme ýändigini barlap göreliň: 8+6+5+6=25; 7+3+0+4=14; 25–14=11. Diýmek, bu san 11e galyn dy syz bölünýär. Mundan başgada has uly sanlar üçin 11e bö lü nijiligiň has ýönekeý nyşany hem bar. Bu nyşanda sy nalýan san sagdan çepe iki sifri saklaýan bölekle re bölünýär we bu bölekler goşulýar. Eger alnan jem 11e galyndysyz bölünse, onda synalýan san hem 11e bölünýär; eger jem 11e galyndysyz bölünmese, synal ýan san hem 11e galyndysyz bölünmeýär. Meselem, 528iň 11e bölünýändigini ýada bölünmeýändigini barlamaly bolsun. 5+28=33; 33üň 11e bölünýändigi üçin 528 hem 11e galyndysyz bölünýändir: 528:11=48. Bu nyşan hem ýokardaka meňzeş subut edilýär. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling