Matallar
Matallar halk döredijiliginiň gyzykly žanrlarynyň biri. Haýsy-da bolsa,bir
predmetiň göçme manyda suratlandyrylyp, onuň sorag görnüşinde berilmegine
matal diýilýär. Matallaryň “tapmaça” diýen ady hem bar. “Tapmaça” ýa-da
“tapmak” diýmekligiň özi pikir etmek, oýlanmak, bilmek, netije çykarmak, bir
gizlin zady açyp görkezmek diýen ýaly manylardan ybaratdyr.
Matalyň esasy hem-de oýlanyp tapmaly manysy bolýar. Matalyň esasy-
belli bir obýekt hakynda düzülen şahyrana görnüşdir. Ol sorag ýa-da ýumuş
şekilindedir.Matalyň manysy-matal esaslaryny öz içine alýan obýektdir, ýagny
soragyň ýa-da ýumşuň jogabydyr.
Matalyň kompozision gurluşy boýunça ady tutulman gizlin saklanylýan
zadyň sypaty,häsiýeti,ýerine ýetirýän işi özüne meňzeş ýa-da özüne ýakyn
başga bir zadyň üsti bilen berilýär,başga bir zat bilen deňeşdirilýär.Matalyň
esasynda ýatan zat (predmet) göçme manyda berilýär.
Grek filosofy Aristoteliň aýdyşy ýaly,matallar oňat düzülen
metaforadyr.Olarda göçme manyda ulanylýan söz we aňlatma obrazly berilýär:
Garaja güjük ýatyr üýrmezek,
Öýe adam goýbermezek.
(Gulp).
Şu matalda ilkibaşda itiň keşbi göz öňüne gelýär. Soňra oýlanyp
oturylsa,öýi üýrmän goraýan zadyň gulpdugy,ýagny güjügiň häsiýetiniň gulpa
geçirilendigi mälim bolýar.
Ady tutulýan hem-de ady tutulman,gizlin saklanylýan zatlar (predmetler)
kähalatda deňlikde suratlandyrylýar. Matalyň jogabynda ady tutulman, oňa
degişli bolan sypatlar suratlandyrylýan,beýan edilýän zadyň üsti açylýar:
Pessejik ýerden gar ýagýar.
Şu matalda esasy alamatlar-“pessejik” hem “gar ýagýardyr”. Bu alamatlar
hakynda üns bilen oýlanylsa,onda “Gar ýaly bolup, nähili ak zat ýagyp
biler?”,”Özem pessejik ýerden”diýen sowallar gizlin saklanylýan zadyň,ýagny
“un bilen elekdigini” mälim edýär.
Matallar köp görnüşli bolansoň,käbir predmet hakynda bir- näçe matal
döredilipdir:
Do'stlaringiz bilan baham: |