Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet48/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Matallar 
 
Matallar halk döredijiliginiň gyzykly žanrlarynyň biri. Haýsy-da bolsa,bir 
predmetiň göçme manyda suratlandyrylyp, onuň sorag görnüşinde berilmegine 
matal diýilýär. Matallaryň “tapmaça” diýen ady hem bar. “Tapmaça” ýa-da 
“tapmak” diýmekligiň özi pikir etmek, oýlanmak, bilmek, netije çykarmak, bir 
gizlin zady açyp görkezmek diýen ýaly manylardan ybaratdyr. 
Matalyň esasy hem-de oýlanyp tapmaly manysy bolýar. Matalyň esasy-
belli bir obýekt hakynda düzülen şahyrana görnüşdir. Ol sorag ýa-da ýumuş 
şekilindedir.Matalyň manysy-matal esaslaryny öz içine alýan obýektdir, ýagny 
soragyň ýa-da ýumşuň jogabydyr. 
Matalyň kompozision gurluşy boýunça ady tutulman gizlin saklanylýan 
zadyň sypaty,häsiýeti,ýerine ýetirýän işi özüne meňzeş ýa-da özüne ýakyn 
başga bir zadyň üsti bilen berilýär,başga bir zat bilen deňeşdirilýär.Matalyň 
esasynda ýatan zat (predmet) göçme manyda berilýär. 
Grek filosofy Aristoteliň aýdyşy ýaly,matallar oňat düzülen 
metaforadyr.Olarda göçme manyda ulanylýan söz we aňlatma obrazly berilýär: 
Garaja güjük ýatyr üýrmezek, 
Öýe adam goýbermezek
(Gulp). 
Şu matalda ilkibaşda itiň keşbi göz öňüne gelýär. Soňra oýlanyp 
oturylsa,öýi üýrmän goraýan zadyň gulpdugy,ýagny güjügiň häsiýetiniň gulpa 
geçirilendigi mälim bolýar. 
Ady tutulýan hem-de ady tutulman,gizlin saklanylýan zatlar (predmetler) 
kähalatda deňlikde suratlandyrylýar. Matalyň jogabynda ady tutulman, oňa 
degişli bolan sypatlar suratlandyrylýan,beýan edilýän zadyň üsti açylýar: 
Pessejik ýerden gar ýagýar.
Şu matalda esasy alamatlar-“pessejik” hem “gar ýagýardyr”. Bu alamatlar 
hakynda üns bilen oýlanylsa,onda “Gar ýaly bolup, nähili ak zat ýagyp 
biler?”,”Özem pessejik ýerden”diýen sowallar gizlin saklanylýan zadyň,ýagny 
“un bilen elekdigini” mälim edýär. 
Matallar köp görnüşli bolansoň,käbir predmet hakynda bir- näçe matal 
döredilipdir: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling