Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet46/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ekin ekdim ýumşajyk, 
Bogunlary gowşajyk, 
Hudaýym ogul bersin, 
Gyzyl gülden ýumşajyk. 
Ýa Remezan! 
Ýaremezan bentlerinde jomartlyk islenilýär: 
Saçakda egsilmesin bugdaý nany, 
 Hudaýym ogul bersin musulmany, 
Bildirki göreniň bu ýylda hany! 
Muhammet ymmatyna, ýa Remezan!
Gysgançlyk tankyt edilýär: 
Ýeňňe jan-a, ýeňňe jan, 
Iki gözüň teňňe jan, 
Az berseňiz, almaryn, 
Sanajyma salmaryn. 
Ýa Remezan! 
Ýaremezan sanawaçlarynda arkalaşykly ýaşamak, birek-birege kömek 
bermek ýaly ynsanperwer pikirler öňe sürülýär: 
Oraza ger haý bilen, 
Bir meleje taý bilen, 
Taýym batga batanda 
Çykaryň “hay-haý” bilen! 
Ýa Remezan! 
Remezan aýynda oraza tutmakda, ejizleýäniň üstünden gülünýär: 
Oraza geldi ilinden, 
Tutup aldy bilinden, 
Öldüm-öldüm diýende
Baýram aldy elinden. 
Sanawaçlarda durmuşy meseleler hem orta atylýar: 
Bir öý gördüm, içi giňiräk, 
Içinde gyz bize çemeräk, 
Aljak bolsam, pulum kemiräk. 


64 
Ýaremezan sanawaçlarynda şeýle bentler hem bar:
Tüýtätin-ä tüýtätin, 
Tüýtätine nä gerek? 
Çogum-çogum biz gerek, 
Iňňe ujy tiz gerek. 
Ýowşan ýygyň, ýol açyň, 
Geçip gitsin tüýtätin! 
Aş bişiriň, düşüriň, 
Içip gitsin tüýtätin! 
Bu sanawaçlar ýaremezan bentlerine meňzeş bolsa-da, ýaremezanlara 
degişli däl-de, ýagyş-ýagmyr bilen bagly aýdylýan şygyr bölegidir.
Tüýtätin otparazçylyk eýýamynda dörän ynançdyr. Bahar paslynda ýagyş 
ýagman, gurakçylyk bolanda, beýleki türki halklarda bolşy ýaly, türkmenleriň
arasynda-da “Süýt gazan”, “Süýt hatyn” atlary bilen geçirilen dessurdyr.
Bu dessura laýyklykda, garry aýal ýa-da erkek kişi birnäçe çagany yzyna 
tirkäp, obada öýme-öý aýlanyp, “Süýt hatyn” goşgysyny aýdypdyr. Öý eýeleri 
olara arpa-bugdaý, un we şonuň ýaly zatlary berip, “Ýagyş ýagsyn” diýip dileg 
edipdir we olaryň üstüne suw sepipdir. 
“Süýt hatyna” ýolbaşçylyk eden adam toplanylan zatlary öýüne getirip, 
goşgy aýdanlara süýtli ýarma bişirip beripdir. Döwrüň geçmegi bilen 
“Süýt”hem “Hatyn” sözleri fonetik taýdan birleşip, “Tüýtätin” sözi emele 
gelipdir. 
Ýaremezançy çagalar bilen öý eýesiniň arasynda sowal-jogap hem 
alşylýar.Sowal-jogap çagalaryň aňyny, pikirlenişini ösdürýär, dünýägaraýşyny 
giňeldýär, synçylyk ukybyny ýiteldýär. 
Öý eýesi gapysyndan uly şowhun bilen gelen çagalar sanawaçlaryny 
aýdyp bolansoň, şeýle diýýar: 
-Men size sowal berjek, bilseňiz ýaremezan paýyňyzam gowy bolar.
-Bolýar, beriň sowalyňyzy: 
Atyň name? 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling