Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
195
KELKETTE Ýanyny deňze berip, ýatyr äpet Kelkette 26 , Ýok, ýatonok, ýatyranok deňziň tolkunlary. Gygyrşýan korabllar 27 daşdan gelen, elbetde, Gije-gündiz gaýmalaşýar taýmyllaň ýelkenleri. Ýüzlerçe demir reňk ýükçüler ýük daşaýar. Göterip ol ýükleri bagyryşýar kranlar 28 . Port mydama der içinde dynjyn alman ýaşaýar, Der içinde demirler, der içinde ynsanlar. Deňiz ýeli tolkunlary sürýär, süri mal ýaly, Ýüz ýerde ýük-ýük edip, ýükleýärler mallary. Galmagal edýär deňiz, işlense-de lal ýaly, Haýdaşyp ýükleýärler ýüňdür ýüpek şallary. Garny banandan doly garry-garry gaýyklar Zordan süýrenip barýar goja deňziň goýnunda. Agyr bolsa-da haly garry-garry gaýyklar Saklamaly salyny güýçli gomlaň oýnunda. Ýagyşdan az ýagmaýar bu ýerde ynsan deri, Der derýasy aka-aka deňiz suwy bolan şor. 26 Hindistanyň şäheri 27 Kорабл- Gämi 28 Кран – Göteriji maşyn, galdyrgyç 196 Ähtimal, bu ýerdäki ― bu akýan derýa deri Görende çalarandyr juwanka beýik Tagor. TAGORYŇ MYHMANY Nähilikä? ― diýýärdim ― beýik Tagoryň öýi. Ynha gadym Kelkette, ynha Tagoryň öýi. Ak mermerden ýasalan periler ýok bu öýde. Agşam aýdan howza düşen hüýrüler ýok bu öýde. Bu öýüň bar bezegi bir köneje kilimdi. Kim bilýär, ol kilimi dünýäde dokan kimdi? Belki, 0l hem ýadygärdir beýik ogla eneden! Ýazyp teswir edere aýry zat görmedim men. Içerik giremizde hemmäniň ünsün çeken: Şahyr özi bir gazalny diwara kakan eken. Ol kiçijik gazalyň ady «Gözel bahardy». Ol kiçijik gazalda Tagoryň kalby bardy. Ol gazaly okap durkam, pikirim dünýä gezip, Gördi gözüm dünýäde san ýetmýez kitaphana. Diýdim: «Tagor bar döwletiň setirlerine düzüp, Gatbar-gatbar kitap edip, bagş edipdir ynsana». Ynsanlaryň ýüreginde onuň altyn mekany. Ýüreginden çykarmaz, okan beýik ynsany. Hindi doganlar bilen seýl edip Hindistany, Boldum beýik Tagoryň öz oýüniň myhmany. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling