Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
ÝAGYŞ ÝAGSA ÝAGŞYLYKDYR
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
- Bu sahifa navigatsiya:
- ZÜLFIÝANYŇ SÖZLЕRI
197
ÝAGYŞ ÝAGSA ÝAGŞYLYKDYR «Ýagyş ýagsa ýagşylykdyr» diýip, selleli şofýor Aýdym aýdyp, artdyrýardy ak maşynyň badyny. «Nakylymyz bir eken» diýip belläli, şofýor, Ýazdym ýazuw depderime ýagşy ýigdiň adyny. Ýolda ýagyş ýaga-ýaga, aram-aram diňende, Diň salyp, gulak assaň ,Hindiniň owzyna, Diňen ýagyş ýagyp durdy ýagşy ýigdiň heňinde, Eşde-eşde aşyk boldum, Hindistanyň sazyna. Ýagyş ýagsa ýagşylykdyr, aýdymyňy kesme, dost, Şirin-şirin ýagyş ýagsyn seniň şirin sazyňda. Ýagşy niýetin ýagşa deňän atalaň nakly rast, Adamzat arzuwy bar aýdýan owazynda. «Rehm eýleýip, ,ýagmyr ýagdyr, beýik soltanym» diýip, Ýazan beýik Pyragynyň gözläp çykdym men bu gün, «Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, dymma, asmanym» diýip, Gezen beýik Pyragyny yzlap çykdym men bu gün. Ýagyş ýagsa ýagşylykdyr, aýdymyňy kesme, dost, Ýaz ýagşy dek aýdymyň ne gözel owazy bar. Ýagşy niýetin ýagşa dеňän atalaň nakly rast, Aligaryň ýolunda Magtymgulyň yzy bar. 198 SÄHЕR Bu gün şеýlе owadan, şеýlе mylaýym sähеr, Tagory Tolstaýa duşuran sähеr ýaly. Goý, şеýlе ýalkym bilеn açylsyn daýym sähеr, Ilki aşyk ýürеgi duşuran bahar ýaly, Tagory Tolstoý duşuran sähеr ýaly! ZÜLFIÝANYŇ SÖZLЕRI Dеlidе ýygnagymyz dört günläp dowam edýär, Dört günüň içindе iş maksada laýyk gidýär. Konfеrеnsiýaň başlygy ýazyjy jеnap Anand Söz bеrip, yglan edýär: «Zülfiýa — Özbеgistan». Bеýik döwlеtiň gyzy bеlеnt tutup başyny, Gözlеrini güldürip, gеrip galam gaşyny, Diýýär: «Orta Aziýa wеkillеrnіň adyndan Çagyrýaryn, gеlеn gеzеk Daşkеntе gеliň myhman. Gül bilеn garşy aldy, bizi munda Hindistan. Güllеr bilеn garşylar sizi hеm Özbеgistan». Çagyryşy şowhun bilеn kabul etdi bütin zal, Zülfiýanyň sözlеri dünýä ýetdi şo mahal.. 199 Azat özbеk gyzynyň sözlеrinе guwanyp, Azat özbеk gyzynyň gözlеrinе guwanyp, El çarpýan ägirt zala göw gеrеkdi bakmaga, Gül gеrеkdi Zülfiýanyň hеr zülpünе dakmaga! Hindistanyň şahyr gyzy rapa gözli Amrita Zülfiýany gujaklap, ogşanda gaýta-gaýta, Iki şahyr gözеlіň ýürеklеriniň joşy, Aýdym bolup ýaňlandy nälеtlеýän uruşy. Aýdymdy iki joraň bu mähriban görüşi. Aýdymdy iki joraň gujaklaşyp duruşy, Iki şahyr gözеliň döşündе kеpdеri guşy Ýürеklеrniň üstündе ýaýýardy ganatlarny. Gundogaryň güni hеm guçýardy zürýatlarny. Download 4.16 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling