Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet41/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

188
ALTYN ADASYNDA AÇ
Aşagyndan nebit okeany akýan
Eýranyň topragy altynly ada.
Ençe ýyllar bäri bakýan hem okaýan
Eýran suw gözleýär ýaşap derýada:
Eýranyň topragy altynly ada.
Abadany toplan million turbadan
Akýan nebit dökülmeýär Eýrana.
Işçiler doýmaýar gara çorbadan,
Altyn paýlasa-da her gün, her ýana
Eýran nebti dökülmeýär Eýrana.
Altynyň üstünde aç otyr Hasan.
Hasanyň ýüzünde görünýär Eýran,
Zähmetkeş Eýran, zähmetkeş Eýran,
Zähmetkeş Eýran, zähmetkeş Hasan,
Hasanyň ýüzünde görünýär Eýran.
Hasanyň atasy tapman döwüm nan
Altyn guýysynyň başynda öldi.
Ynsan ýaly ýaşamady ol ynsan.
Joş gün görmän, ýigit ýaşynda öldi,
Altyn guýysynyň başynda öldi.


189
189
Altyn topragynda aç galmaz Eýran,
Açlyk ýetişdirdi ençe gahryman.
Taryh yza dönmez, berse-de gurban,
Eýran halky tapar derdine derman,
Açlyk ýetişdirdi ençe gahryman.


190
HINDISTANYŇ 
GÜLLERI


191
HINDISTANYŇ GÜLLERI
Hindistana aýak basan badymyz,
Hemmämiziň tutýan ýaly adymyz:
— Hindi — rusi bhaý-bhaý! — diýişip,
Aldylar daşymyz dostlarmyz üýşüp.
Kimler gujaklaşyp, kimler öpüşip,
Kimdir biri eýýäm bir beýt goşup,
Gözel gazal bilen gutlaýar joşup...
Dost şahyrlaň bir bor eken dilleri,
Boýnumyza bukaw ýaly gülleri
Dakdylar-da «Ýörüň indi!» diýdiler.
Nirä barsak maňa «Hindi» diýdiler.
Görüşe-görüşe gezdik illeri.
Ter açylan Hindistanyň gülleri
Gezdi meniň bilen boýnum gujaklap.
Ol dostluk güllerni ezizläp saklap,
Herdem-herdem ogşaýaryn sypalap.
Dost gülün saklasaň ýürekde solmaz,
Dostlugmyz bakydyr — asla bozulmaz!



Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling