Hojamyrat Goçmyradow


Mundan barsaň, Esen hanyň gaşyna


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet104/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Mundan barsaň, Esen hanyň gaşyna, 
Altyn jygasyny sanjar başyňa, 
Özüňden ýaşula, deňi-duşuňa, 
Pendim budur: tekepbirlik eýleme. 
Aşyk Aýdyň pir nesihatyny aýdansoň, “Ýoluň ak bolsun, baran ýeriňde 
ýurt alasyň” diýip, Nejebe ak patasyny berýär. 
“Nejep 
oglan”dessanynda 
söýgi 
meselesi 
özboluşlylygy 
bilen 
tapawutlanýar. Elbent bagşy çagaly dul aýala aşyk bolýar. Beýle ýagdaý 
türkmen dessanlarynda gabat gelmeýär. 
Elbendiň aşyk bolmagy dessanyň ilkibaşyndan ýaýbaňlanýar we esasy 
temany ösdürmekde uly rol oýnaýar. Elbendiň çagaly dul aýala öýlenmegi, täze 
bir wakanyň ýaýbaňlanmagyna sebäp bolýan bolsa, ogullygynyň göwnüne 
degmegi-de Nejepde aýdym-saz bäsleşiginde ondan üstün çykyp, aryny almak 
maksadyny döredýär. 
Mylaýym bilen Nejebiň söýgi meselesi-de dessanda ýeterlik beýan 
edilýär. Olaryň başdan geçirýän söýgi wakalary gahrymanlaryň häsiýetini 
açmaga, Soltanesen patyşanyň gedemligini aýdyň görkezmäge kömek edýär. 
“Nejep oglan” dessanynda obrazlar ulgamy o diýen çylşyrymly däl. 
Dessanyň esasy gahrymanlarynyň biri-de Nejepdir. Onuň obrazynda sözde 
tapylmak, tutanýerlilik, erjellik, dogryçyllyk ýaly gowy häsiýetler jemlenipdir. 
Nejep halypa bagşy Elbent bilen aýdym-sazda bäsleşýär. Bäsleşikde ýeňip, öz 
maksat-myradyna-da ýetýär. 
Elbendiň obrazynda köşk bagşylaryna mahsus bolan gopbamsylyk
ynjyklyk, yzgytsyzlyk, şöhratparazlyk ýaly ýaramaz häsiýetler bar. 
Elbentde men-menlik, öz-özüne mahabat bermek ýaly ýaramaz 
häsiýetlerem az däl. Onuň ýaramaz häsiýetleri, ylaýta-da, Nejep bilen 
gatnaşygynda ýüze çykýar. Dogry, ol ökde sazanda-bagşy. Ýöne welin ýaramaz 
gylyk-häsiýetleri onuň il içindäki abraýyny gaçyrýar. 
Dessanda Soltanesen patyşanyň obrazy täsirli berlipdir. Onuň saz-
sungatyna bolan garaýşy oňat. Emma Soltaneseniň obrazynda adalatsyzlyk, 
zalymlyk, islän wagty köşk bagşylaryny aýak astyna salmak ýaly häsiýetler bar. 
Onuň hereketlerinde şöhratparazlyk, gopbamsylyk, aşyklaryň mukaddes 
duýgularyny depelemek (Nejebiň ölüme buýrulmagy, aşyklaryň ýurtdan 
çykarylmagy we ş.m.) ýaly häsiýetler hem ýüze çykýar. 
Dessanda aýal-gyzlaryň obrazlary-da özüne çekijidir. Mylaýymyň obrazy 
wakalaryň gidişinde birneme ösýär. Ilkibaşda onuň hereketinde durnuksyzlyk, 


173 
ýönekeý adamlary äsgermezlik ýaly häsiýetler görünýär. Emma wakalar 
ösdügiçe, onuň häsiýeti hem üýtgeýär. Nejep ölüme buýrulandan soňky 
hereketleri ony söýgüsine wepaly, tutanýerli gyz hökmünde janlandyrýar. Ol 
märekäniň içinde Nejep üçin ölüme gitmäge-de taýýardygyny mälim edýär. 
Onuň mertligi Nejebiň ölümden halas bolmagynda ep-esli rol oýnaýar. 
Dessanda türkmenlerde sazyň piri hasaplanýlýan Aşyk Aýdyň piriň uly 
halypa hökmündäki däbe öwrülen obrazy-da görkezilýär. 
Aşyk Aýdyň piriň üsti bilen halk bagşysynyň obrazy berilýär. Ussat 
halypa ençeme şägirdi ösdürip ýetişdirýär. Onuň obrazynda halk bagşylaryna 
mahsus bolan häsiýetler bar. Ol Nejebe ahlak taýdan oňat terbiýe berýär. 
Ahmet beg Soltanesen patyşanyň inisi. Aýdym-saza hormat goýýan 
ynsanperwer adam. Ol Nejebi diňlemek üçin alty aýlyk ýoldan gelýär. Nejebi 
ölümden halas edip, Mylaýym ikisini öz ýurduna äkidýär we kyrk gije-
gündizläp toý berip, olary maksat-myradyna ýetirýär. 
“Nejep oglan” türkmen medeniýetini we edebiýatyny işjeň ýaýradyp 
gelen bagşylaryň durmuşyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak dessandyr. 
Eseriň esasy maksady türkmen halkynyň aýdym-saza bolan söýgüsini 
görkezmekdir. 
Dessanyň teksti 1939-njy ýyldan başlap, aýry-aýry bagşylaryň dilinden 
ýazylyp alyndy. Häzir onuň köneürgençli bagşy Mämmedanna Sopyýewden, 
Nury Halykowdan, Artyk Durdyýewden, tagtaly (häzir Görogly) bagşylar Öre 
Seýitmädowdan, Öre Käbäýewden, Gylyç Ödäýewden ýazylyp alnan doly 
nusgalary bar. 
Dessan 1943-nji ýylda ilkinji gezek çap edilýär. Ony N. Hojaýew hem-de 
P.Agalyýew 
çapa 
taýýarlady. 
Dessanyň 
neşir 
edilmegi 
edebiýat 
jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Gündogarşynas Ýe.E. 
Bertels bu dessana bagyşlap:”Nejep oglan” şahyr hakdaky türkmen romanydyr” 
(1946ý.),”Şahyr hakda türkmen poemasy” (1947ý.) diýen makalalaryny ýazýar. 
“Nejep oglan” 1960-njy ýylda hem dessanyň öňki neşirleri esasynda B. 
Ahundow tarapyndan çapa taýýarlanyldy. Dessanyň bu neşiri 1943-nji hem 
1960-njy ýyllardaky neşirler boýunça dürli bagşy nusgalarynyň gatyşdyrylmagy 
netijesinde taýýarlanylan tekst esasynda çap edilýär. 
Dessanyň üçünji neşiri bagşy Mämmedanna Sopyýewden ýazylyp alnan 
nusga esasynda 1977-nji ýylda çapdan çykdy.Alym S.Gutlyýewanyň 1981-nji 
ýylda çap edilen ylmy işi hem “Nejep oglan”dessanyna bagyşlanyldy.Bu ylmy 
işde dessanyň döreýiş taryhy,kompozision gurluşy,eseriň gahrymanlarynyň 
obrazlaryndaky häsiýetli aýratynlyklar hakynda gyzykly maglumatlar berilýär. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling