32
peselip, işdäsi bozulýar, horlanyp başlaýar, derisiniň reňki
agarýar.
Anyklaýyş usullary.
Keseli anyklamak işi sorag-jogapdan başlanýar. Näsaglar
täretiň düzüminde gan, nem, iriň bolmagyny arz edýär. Olary
içiň gatamagy, täretiň kynlyk bilen çykmagy, erbet ýakymsyz
ysy, täretiň doly çykmazlyk duýgysy. Kähalatlarda içgeçme
biynjalyk edýär. Näsaglary şu görkezilen alamatlar biynjalyk
edýär bolsa, ýörite barlaglardan geçmeli: GUB, PUB, döş
kapasasynyň agzalarynyň rentgen barlagy, göni içegäni barmak
bilen barlamak, rektoromanoskopiýa, irrigoskopiýa.
Göni içäganiň keseli güman edilende barlag ilki başda
içegäni barmak bilen barlamakdan başlanýar. Eliňe ellik geýip,
ony wazelin ýagy bilen ýaglamaly we süýem barmagy göni
içegä sokup, onuň diwarlaryny elläp görmeli. Kadaly ýagdaýda
göni içegäniň diwarlary ýumşak we tekiz bolýar. Rak keselinde
içegäniň
diwarynda gaty, agyryly meýdançalary bildirýär,
barmagyň ujynda gan görünmegi mümkin.
Rektoromonoskopiýa – endoskop enjamy bilen göni
içegäni we ―S‖ görnüşli içegäni barlamak usuly. Bu usul diňe
bir çiş keseli kesgitlemek bilen çäklenmän, onuň ösüş görnüşini,
möçberini, içegäniň daralmak derejesini kesgitlemäge we ondan
morfologiýa barlagyny geçirmek üçin
material almaga
mümkinçilik berýär.
Irrigoskopiýa – göni içegäniň çişlerini kesgitlemäge
mümkinçilik
berýär.
Irrigoskopiýa
kombonirlenen
kontrastlanmak bilen geçirilende göni içegäniň rak keseliniň
33
alamatlary has ýüze çykýar we uly bolmadyk çişleri hem
görmek bolýar.
Keseliň metastazlaryny anyklamak üçin, döş kapasasynyň
agzalarynyň rentgen barlagy türre süňküniň rentgengrafiýasy,
içki agzalaryň USB barlaglary geçirilýär.
Do'stlaringiz bilan baham: