31
III
dereje
– içegäniň hemme gatlaklaryna ösüp
geçip,daşyndaky dokumalar ýelmeşen ýa-da çişiň möçberine
bagly bolmadyk,birnäçe limfa düwünlerinde metastazlary bolan
çişler.
IV dereje – daşky agzalara ösüp geçip dargap,başlan
hereketsiz ýa-da başga agzalarda metastazlary bolan çişler.
Kliniki alamatlary.
Göni içegäniň rak keseline meňzeş alamatlar köp kesellerde
duş gelýärler. Keseliň ilki başlan döwürlerinde bu alamatlar
wagtal-wagtal ýüze çykyp, soňa baka olar hemişelik ýagdaýa
geçýärler. Bu alamatlar 4 topara bölünýär.
1.
Patologiki çykyndylar. Täret
bilen gan, nem, iriň
çykmagy, esasan ekzofit görnüşli çişlerde, köp näsaglarda duş
gelýär. Täretiň düzüminde gan bolmagy 85%, nemiň bolmagy
35 % näsaglarda duş gelýär. Täret bilen iriň çykmagy seýrek
duş gelýär.
2.
Do'stlaringiz bilan baham: