O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
şertnamasy (ylalaşygy): düşünje, esasy bölümler
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
şertnamasy (ylalaşygy): düşünje, esasy bölümler
Geleşik taraplarynyň arasynda gepleşikleri geçirmegiň netijesi daşary söwda şertna masy bolup durýar. Daşary söwda şertnamasy (ylalaşygy) satyn almaksatmak, önüm iber mek, haýsydyr bir işleri geçirmek, import edýän bilen eksport edýäniň arasynda hyzmatlary amala aşyrmak barada bellibir möhlete baglaşylýan we taraplaryň hukuklaryny, borçlaryny, şeýle hem täjirçilik, maliýe we ylalaşygyň beýleki şertlerini belleýän hukuk taýdan resmi leşdirilen ylalaşyk bolup durýar. Daşary söwda şertnamasy eksport edýäniň harydy ony kabul etmäge we şertnama da kesgitlenen bahany tölemäge borçlanýan import edýäniň eýeçiligine bermek borçna masyny göz öňünde tutýan esasy resminama bolup durýar. Daşary söwda şertnamasynyň diňe şertnamanyň möhüm şertlerini öz içine alýan ha latynda hukuk güýji bardyr. Raýat kodeksine laýyklykda «şertnamanyň predmeti, kanunda ýada kanunçylyk namalarynda möhüm diýip görkezilen ýada şu görnüşdäki şertnamalar üçin zerur bolan şertleri, şeýle hem olar babatynda taraplaryň biriniň beýannamasy boýun ça ylalaşyk gazanylmaly bolan şertleri möhüm şertler bolup durýar». Daşary söwda şertnamasynyň gurluşy we mazmuny gepleşikleriň barşynda gepleşik leriň taraplarynyň ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär we köp babatda harydyň özboluşlylygy hemde kanunçylygyň aýratynlyklary bilen şertlendirilýär. Daşary söwda şertnamasy şu bölümlerden durýar: 1nji bölüm. «Umumy düzgünler» eksport edýän we import edýän baradaky maglu matlary, taraplaryň ýuridik atlaryny, şertnamanyň adyny we bellige alnan belgisini, oňa gol çekilen ýerini we se nesini öz içine alýar. 2nji bölüm. «Şertnamanyň predmeti» geleşigiň görnüşini (bu onuň adynda gör kezilýär), geleşik predmetiniň adyny, onuň häsiýetnamasyny we görnüşini kesgitleýär. 3nji bölüm. «Harydyň mukdary» mukdaryň ölçeg birliginiň adyny, ony kesgitleme giň tertibini, ölçegler we agramlar ulgamyny görkezýär. 4nji bölüm. «Harydyň hili» hili kesgitlemegiň usulyny saýlap almak barada maglu matlary (standart, spesifikasiýa, nusgalyk we ş.m.). 5nji bölüm. «Şertnamanyň bahasy we umumy pul möçberi» harydyň bahasy we ba hanyň bellenýän ölçeg birligi baradaky maglumatlary, bahany kesgitlemegiň we ýazyp bel lemegiň usullaryny, bahanyň derejesini we şertnamanyň satyn alyjynyň satyja haýsydyr bir pulda tölemeli bolan umumy möçberini öz içine alýar. 6njy bölüm.«Binýatlyk şertler» satyjynyň şertnamada bellenen bahanyň hasabyna ýüküň bellenen geografik nokada getirilmegini ýada harydyň ulag serişdelerine ýüklenme gini ýada ulag guramasyna berilmegini üpjün etmek borjuny; harytlaryň satyjynyň, satyn alyjynyň ýurdunyň, üstaşyr geçilýän ýurtlaryň çäkleri boýunça, deňiz, howa ulaglary bilen daşalmagyny kimiň üpjün edýändigini we kimiň hasabyna üpjün edilýändigini; harytlary gaplamak we belgilemek babatynda satyjylaryň borçlaryny; täjirçilik resminamalaryny resmileşdirmek boýunça taraplaryň borçlaryny; harytlara tötänden zyýan ýetmegi ýada onuň ýitmegi bilen bagly töwekgelçiligiň satyjydan satyn alyja geçýän ýerini hemde wag tyny we beýlekileri kesgitleýär. 179 7nji bölüm. «Iberilmeli möhletleri» harydyň iberilmeli möhletlerini (aý, çärýek, ýyl) we olaryň kontragentler tarapyndan bellenen geografitk nokatlara getirilmeli senesini (se nenama günleri) görkezýär. 8nji bölüm. «Töleg şertleri» taraplar tarapyndan ylalaşylan tö leg şertlerini (puly we möhletleri) görkezýär, olaryň arasyndaky ha sap laşyklaryň usulyny we tertibini, tarap lar tarapyndan özara töleg borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň kepillendirmelerini we beýlekileri görkezýär. 9njy bölüm. «Harydy mukdary we hili boýunça tabşyrmakkabul etmek» harydy tab şyrmagyňkabul etmegiň tertibi baradaky şertleri öz içine alýar: hakykatdan tabşyrma gyňkabul etmegiň görnüşi, möhleti we ýeri (kärhana, ammar, port, stansiýa we beýlekiler), haky ky iberilen harydyň mukdaryny we hilini barlamagyň tärleri hemde olary kesgitlemegiň usullary, ony kabul etmegiňtabşyrmagyň kim tarapyndan amala aşyrylandygy görkezilýär. 10njy bölüm. «Harydy gaplamak» gaplamagyň görnüşleri, hä si ýeti we tölegiň usul lary baradaky maglumatlary öz içine alýar. 11nji bölüm. «Jerimeler» jerimeleriň möçberini we töletdirilmäge degişli ýitgileri kesgitlemegiň usulyny görkezýär. Şunda jerimeleriň möçberi kesgitli pul möçberinde hem, doly iberilmedik harydyň umumy gymmatynyň göteriminde hem görkezilip bilner. 12nji bölüm. «Forsmažor» olaryň ýüze çykmagy taraplara şertnamalaryň ýerine ýeti rilmeli möhletlerini geçirmäge rugsat edýän ýada taraplary şertnama boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginden doly ýada bölekleýin boşadýan öňünden görülmedik ýada forsmažor ýagdaýlar diýlip atlandyrylýan adatdan daşary ýagdaýlaryň sanawyny öz içine alýar. 13nji bölüm. «Harytlary ätiýaçlandyrmak» harydyň hereket edýän dürli döwürlerinde harytlary ätiýaçlandyrmagyň we ätiýaçlandyrmak boýunça çykdajylary satyjy bilen satyn alyjynyň arasynda paýlamagyň şertlerini öz içine alýar. Ätiýaçlandyrmak barada aýratyn şertnama düzülýär, ol taraplaryň ikisiniň hem bähbitleriniň hukuk taýdan üpjünçiliginiň serişdesi bolup durýar. 14nji bölüm. «Kepillendirmeler» satyjynyň harydyň kepillendirilýän döwrüniň dowamynda onuň hili üçin öz üstüne jogapkärçilik almagynyň şertlerini göz öňünde tutýar. 15nji bölüm. «Arbitraž» geljekde taraplaryň arasynda ýüze çy kyp biljek jedelleri çöz megiň arbitraž tertibini göz öňünde tutýar: Arbitraž kazyýetde, araçy kazyýetde seredil mäge degişli jedelleriň toparyny kesgitlemek we beýlekiler. 16njy bölüm. «Taraplaryň ýuridik salgylary». Daşary söwda geleşikleri amala aşyrylanda hasaplaşyklaryň şu görnüşleri ulanylýar: resminamalaýyn esasda inkasso; resminamalaýyn esasda akkreditiw; bank geçirmesi; açyk hasap boýunça hasap laşyklar. Daşary söwda amallary boýunça hasaplaşyklaryň köpüsi nagt däl görnüşde geçirilýär. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling