O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet86/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhanalaryň DYI haýsy kadalaşdyryjy resminamalar bilen düzgünleşdirilýär?
2. Döwlet dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryna haýsy meseleler girýär?
3. Kärhanalary DYI-ni döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgelerini aýdyp beriň.
4. Kärhanalary DYI-ni döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň ykdysady ýörelgelerini aýdyp 
beriň we häsiýetlendiriň.
5. Eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy gurallaryny aýdyp 
beriň.
XIII BAP. KÄRHANANYŇ ÇYKDAJYLARY
WE ÖNÜMIŇ ÖZÜNE DÜŞÝÄN GYMMATY
 13.1.
Gymmat, çykdajylar we önümiň özüne
düşýän gymmaty
Önüm öndürmek we ýerlemek natural görnüşdäki serişdeleriň, ýagny maddy, zäh­
met, maglumat serişdeleriniň sarp edilmegini talap edýär. Kärhananyň işiniň netijeliligine 
baha bermek üçin bu çykdajylary gymmat manysynda kesgitlemek gerek. Çykdajylar diýip 


188
kärhananyň onuň önümçilik­ýerleme işini amala aşyrmak üçin zerur bolan harajatlaryň 
jemine düşünilýär. Degişlilikde – kärhananyň önümçiligiň barşynda sarp edýän harajatlary 
önümçilik çykdajylary, ýerlemek, üpjünçilik, söwda­araçylyk harajatlary bolsa dolanyşyk 
çykdajylary bolup durýar. 
Harajatlaryň ululygy önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) özüne düşýän gymmatynyň ha­
saplamalarynyň – önümleri (işleri, hyzmatlary) öndürmek prosesinde tebigy serişdeleriň, 
çig malyň, material laryň, ýangyjyň, energiýanyň, esasy gaznalaryň, zähmet serişdeleriniň, 
şeýle hem ony öndürmek we ýerlemek üçin beýleki harajatlaryň gymmatlyk bahasynyň 
esasynda ýatýar.
Kärhananyň işiniň peýda we onuň peýdasyndan alynýan salgydyň ululygy ýaly ne­
tijeleri önümiň özüne düşýän gymmatyna goşulýan harajatlaryň düzümine bagly bolup 
durýar. Kärhananyň işiniň netijeleri maliýe hasabatlylygynyň ulanylýan ulgamyna bag­
lylykda tapawutlanyp biler.
Önümçiligiň ähli möçberiniň özüne düşýän gymmatyny hasap lamak we harajatlaryň 
gurluşyny seljermek üçin harajatlaryň ählisi olaryň ykdysady mazmunyna laýyklykda ele­
mentler boýunça toparlara jemlenýär (31-nji surat).
– maddy harajatlar (gaýtarylýan galyndylaryň gymmatyny aýyr mak bilen);
– zähmet haky üçin harajatlar;
– durmuş zerurlyklar üçin geçirimler;
– esasy gaznalardan alynýan ulanyş tutumy;
– gaýry harajatlar.
Energiýa göterijileriň bahasynyň degerli ýokarlanmagy bilen baglylykda olar üçin ha­
rajatlaryň özüne düşýän gymmatdaky paýy artýar, şonuň üçin harajatlaryň bu elementine 
hemişe aýratynlykda seredilýär.
Harajatlaryň elementleri boýunça toparlara jemlemek önümçilik üçin harajatlaryň 
çykdajy sanawynyň – kärhananyň önümiň bellibir möçberini çykarmak we öz birlikleri 
hem­de beýleki buýrujylar üçin, senagat häsiýetli işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek 
üçin zerur bolan ähli çykdajylaryny görkezýän esasy resminamanyň esasynda ýatýar. Ha­
rajatlaryň çykdajy sanawy önümiň anyk birliginiň özüne düşýän gymmatyny kesgitlemäge 
we harajatlaryň emele gelen ýerini anyklamaga mümkinçilik bermeýär. Bu meseläni çöz­
mek kalkulýasiýa geçirmegiň kömegi bilen amala aşyrylyp bilner.
Önümiň birliginiň önümçilik we ýerlemek çykdajylaryny kesgitlemek kalkulýasiýa 
etmek diýlip atlandyrylýar. Kalkulýasiýa etmegiň barşynda ähli çykdajylar kalkulýasiýa 
maddalary boýunça topara jemlenýär. Şunuň ýaly topara jemlemegiň esasynda, bu çykda­
jylaryň bellenen maksadyna we olaryň ýüze çykýan ýerine baglylykda, kärhananyň önü­
miň birligini öndürmek üçin çykdajy maddalary ýatýar, 


189

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling