O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 12.4. Kärhananyň daşary ykdysady işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek
Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhananyň DYI gullugynyň guramaçylyk gurluşy diýip nämä düşünilýär? 2. Kärhananyň DYI gullugynyň nähili gurluşy bar? 3. Kärhananyň DYI-ni dolandyrmagyň guramaçylyk gurluşyna täsir edýän faktorlary aýdyp beriň. 4. Kärhananyň DYI-niň netijeliligini häsiýetlendirýän görkezijileri aýdyp beriň. 5. Eksportyň ykdysady netijeliliginiň görkezijilerini aýdyp beriň. Şu görkezijiler nähili hasa- planylyp çykarylýar? 12.4. Kärhananyň daşary ykdysady işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Döwlet eksport mümkinçiliginiň artmagyna, importyň oýla nyşykly bolmagyna, ýur duň kärhanalarynyň önümleriniň daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanma gyna, ýurduň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, önümçiligi tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etmelidir. Döwlet dolandyryş edaralarynyň, hususanda Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Gümrük gullugynyň we beýlekileriň ygtyýarlygyna şular girýär: – daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň konsepsiýasyny we strategiýasyny hemde daşary söwda syýasatynyň esasy ýörelgelerini; – ýurduň we hojalyk subýektleriniň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek, ykdysady özygtyýarlylygyny we ykdysady bähbitlerini goramak; – maliýe, walýuta, karz, gümrüktarif we tarif däl düzgünleşdirmegi goşmak bilen, daşary ykdysady işi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, eksporta gözegçiligi üpjün et mek, harytlaryň getirilmegi hemde çykarylmagy bilen bagly olary sertifikatlaşdyrmak babatynda syýasaty kesgitlemek we beýlekiler. Döwlet dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky beýleki möhüm meseleleriň hatary na şulary goşup bolar: 184 – strategiýa taýdan möhüm çig mal harytlary, gymmat metallar, daşlar we olardan ýasalýan önümler öndürilende peýdalanylýan ýada peýdalanyp bilinjek galyndylary, aýry aýry çig mallary, materiallary, tehnologiýalary, ylmytehniki maglumatlary getirmek we çykarmak; – Hökümetiň kepillendirmeginiň hasabyna döwlet, bank we täjirçilik karzlaryny çek mek, olaryň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek; – altyngyzyl pul ätiýaçlyklaryny emele getirmek we peýdalanmak. DYI döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgelerine şular degişlidir: – ýurduň daşary syýasatynyň bir bölegi hökmünde daşary ykdysady syýasatyň bir bitewüligi; – DYI döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek ulgamynyň we oňa gözegçilik etmegiň bir bitewüligi; – ýurduň gümrük çäginiň bitewüligi; – düzgünleşdirmegiň ykdysady çärelerini ileri tutmak; – DYI gatnaşýanlaryň ählisiniň deňligi we olaryň hukuklarynyň kemsidilmezligi; – DYI gatnaşýanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini döwlet tarapyndan go ramak; – döwletiň DYI esassyz goşulmagyny, oňa gatnaşýanlara we tutuşlygyna ýurduň yk dysadyýetine zyýan ýetirilmegini aradan aýyrmak. Konstitusiýa laýyklykda ýurduň subýektleriniň öz ygtyýarlyklaryna we kanunçylyga laýyklykda şulary amala aşyrmaga hukuklary bardyr: – sebitleýin DYI maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek; – öz çägindäki kärhanalaryň we guramalaryň, şol sanda daşary ýurt kärhanalarynyň we guramalarynyň DYIni utgaşdyrmak we gözegçilik etmek; – öz çäginde bellige alnan DYIe gatnaşýanlara goşmaça kepil lendirmeleri we ýeňil likleri bermek; – daşary ýurt karzlaryny çekmek maksady bilen, ätiýaçlandyryş we girew gazna laryny emele getirmek. DYI döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek döwletiň daşary ykdysady syýasatyny alyp barmagyň usullarynyň we serişdeleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar. Ykdysady proseslere edýän täsirine baglylykda DYI döwlet tarapyndan düzgünleşdir megiň usullary göni we gytaklaýyn, edara ediş we ykdysady usullara bölünip bilner. Ýurtda DYI düzgünleşdirmegiň göni usullaryna hukuk binýady degişlidir, ol hu susanda, «Gümrük kodeksi», «Gümrük tarifleri hakynda», «Daşary ykdysady işi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» kanunlar ýaly kadalaşdyryjy namalary öz içine alýar. Ýurtda DYI düzgünleşdirmegiň gytaklaýyn (ykdysady) usul laryna ykdysady proses lere gatnaşýanlaryň ykdysady bähbitleriniň üstünden täsir edýän usullar degişlidir: ýurduň import edýänlerine, aýratyn hem eksport edýänlerine göni we gytaklaýyn maliýeleşdiri megi, eksporty karzlaşdyrmagy we ätiýaçlandyrmagy, eksport amallarynyň kepillendiril 185 megini, salgyt we gümrük ýeňilliklerini we beýlekileri göz öňünde tutýan daşary söwda syýasatynyň kömegi bilen döwlet tarapyndan goldaw bermek. Göni maliýeleşdirmek kepillendirilen düşewündi üpjün etmek maksady bilen, eksport edýän kärhanalara önümiň özüne düşýän gym maty bilen eksport düşewündiniň arasyndaky tapawudy ýapmak üçin dotasiýalary bermekden ybaratdyr. Eksport edýän kärhanalary gyý taklaýyn maliýeleşdirmek iki usul bilen amala aşyrylýar: birinji usul – hökümet tarapyndan täjirçilik banklaryna bank göteriminiň hereket edýän möçberi bilen eksport edýän kärha nalar üçin peseldilen möçberiň arasyndaky tapawudy ýapmak üçin dotasiýa bermek; ikinji usul eksport edýän kärhananyň import çig malyny almak üçin tölän paçlarynyň öwezini dolmak, şeýle hem eksport edýän kärhanalara ýokarlandyrylan bahalar boýunça döwlet tab şyryklaryny bermek. Eksporty karzlaşdyrmak iki görnüşde bolup geçýär – içki we daşky karzlaşdyrmak. Içerde maliýeleşdirilende Merkezi bank eksport edýän kärhanalara eksport önümçiligi ni ösdürmek üçin ýeňil likli göterim möçberleri boýunça karz berýär. Eksporty daşarky karzlaşdyr mak karzdar ýurduň firmasynyň harytlaryny satyn almak üçin import edýänlere berilýän karzlar görnüşinde amala aşyrylýar. Daşky karzlaşdyrmak daşary ýurtly satyn aly jyny höweslendirmäge mümkinçilik berýär. Eksporty ätiýaçlandyrmak hem töwekgelçilikleriň görnüşlerine baglylykda iki görnüşde bolup biler. Töwekgelçilik diýip ykdysady işiň öňünden görülmedik ýagdaýda üýtgemegi, amatsyz ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen bagly maliýe hemde maddy ýit gileriň ýüze çykmak howpuna düşünilýär. Içki ätiýaçlandyrmada hökümet maýa goýum töwekgelçiliginiň bir bölegini öz üstüne alýar. Eksport önümçiligini ösdürmäge, geljegi bolan işläp taýýarlamalary özleşdirmäge goýulýan iri maliýe goýumlary ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýarlar. Eksporty daşky ätiýaçlandyrmada hökümet töwekgelçilikleriň dürli görnüşlerini (ýurt, syýasy, täjirçilik, walýuta) öz üstüne alýar. Ýurt töwekgelçilikleri daşary döwletleriň çäginde telekeçilik işi amala aşyrylanda ýüze çykýar we bellibir durmuşsyýasy ýada ykdysady wakalaryň netijesinde baglaşylan halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmezlik, emläge zyýan ýetmek ýada ony ýitirmek, pul serişdelerini ýitirmek mümkinçiligine düşünilýär. Syýasy töwekgelçilikler ýurt töwekgelçilikleriniň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Syýasy töwekgelçilik ýurtdaky durmuşsyýasy ýagdaýyň üýtgemegi (walýuta kanunçyly gynyň, hukuk binýadynyň, salgyt we gümrük syýasatynyň üýtgemegi, telekeçileriň emläk bähbitlerine zyýan ýetiren köpçülikleýin tertipsizlikler, harby hereketler we beýleki fors mažor ýagdaýlar) netijesinde daşary ýurtly telekeçiniň girdejini doly alyp bilmezliginiň ýa da ony ýitirmeginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmezligi niň ähtimal lygy bilen häsiýetlendirýär. Täjirçilik töwekgelçiligi söwda amallaryny geçirmegiň barşynda peýdany doly almaz lyk ýada ýitgileriň ýüze çykmak mümkinçiligi bilen bagly bolup, şu wakalar görnüşinde ýüze çykyp biler: harydyň bahasynyň tölenmeli pursatynda satyn alyjynyň tölege ukypsyz lygy, buýrujynyň tölegi geçirmekden boýun gaçyrmagy, şertnama bag laşylandan soň önü miň bahasynyň üýtgemegi, önüme bolan islegiň peselmegi we ş.m. 186 Walýuta töwekgelçiligi diýip DYI amala aşyrmagyň barşynda puluň çalşyk hümme tiniň üýtgemeginden ýitgileriň ýüze çykmak ähtimallygyna düşünilýär. Meselem, walýuta töwekgelçilikleriniň nebit çykarýan kärhanalara degerli täsir edýändigini bellemek gerek. Mundan başgada, pudakda köp möçberde import edilen enjamlar peýdalanylýar. Bularyň ählisi nebit çykarýan senagatyň puluň çalşyk hümmetiniň üýtgemegine baglylygyny şert lendirýär. Şeýlelikde, eksporty ätiýaçlandyrmak pullaryň hümmetiniň ýada bankyň karz gö terimleriniň üýtgäp duran ýagdaýynda eksport karz larynyň gaýtarylmagyny hem, eksport dan gelip gowuşmagy me ýil namalaşdyrylan serişdeleriň alynmagyny hem üpjün edýär. Eksport edýän kärhanalar üçin salgytlary peseltmek olaryň önümçiliginde ekspor tyň paýyna baglylykda göni hem, eksport edýän kärhanalara peýdanyň salgyt salynmaýan böleginden eksport önümçiligini ösdürmegiň ätiýaçlyk gaznalaryna serişdelere geçirmäge hukuk bermek arkaly amala aşyrylýan gyýtaklaýyn görnüşde hem bolup biler. Salgyt kar zyny – eksport girdejisinden alynýan salgytlary soňa süýşürip hem ulanylyp bilner. DYI maglumat üpjünçiligi maglumat çeşmesi bilen maglumatly alyjyny (peýda lanyjyny) özara hereketini göz öňünde tutýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän zerur bolan täjirçilik maglumatlary Söw dasenagat palatalarynda, Daşary ykdysady iş ministrliginde, täjirçilik banklarynda we ş.m. bolýar. Kataloglar, maglumat kitapçalary, mahabat neşirleri, Internet we beýlekiler täjirçilik maglumatlarynyň ýaýradylýan çeşmeleri bolup durýarlar. Alnan maglumatlary, hususanda, haryt ýerlenýän bazarlar baradaky maglumatlary öwrenmegiň barşynda olara seljerme ge çirilýär, bazardaky isleg, bäsleşik, konýunktura öwrenilýär we kärhananyň mümkinçiligine baha berilýär. DYI düzgünleşdirmegiň edara ediş usullaryna gümrüktarif usu l lary, eksporty we/ýa da importy göni çäklendirmek, hususanda, paýlary bellemek, ygtyýarnamalar, embargo we beýlekiler, halkara söw da şertnamalarynyň baglaşylmagy, antidemping çäreler, tehniki päsgelçilikler we ş.m. degişli edilip bilner. Düzgünleşdirmegiň tarif däl usullary dürli görnüşdäki çäklendirmeler girizmek ýoly bilen import amallarynyň möçberine we gurluşyna täsir edýärler. Paý bellemek (kwota) – harytlary eksport (import) etmekde paý lary (çäklendirmeleri) bellemek. Paýlary bellemek aýryaýry ýurt lar bilen söwda we töleg disbalansyny aradan aýyrmak, içki bazarda isleg bilen teklibi düzgünleşdirmek, beýleki ýurtlaryň hukuk kem sidiji hereketlerine jogap çärelerini kabul etmek, harytlary öndürmekde we ýerlemekde her bir ýurduň paýyny bellemek maksady bilen girizilýär. Ygtyýarlylandyrmak döwlet edaralary tarapyndan harytlary eksport (import) etmek üçin bellibir döwre berilýän ýazmaça rugsatlardan ybaratdyr, bu daşary söwda dolanyşy gynyň mukdar taýdan düz günleşdirilmegini üpjün edýär. Ygtyýarlylandyrmagyň gümrük kadalarynyň bozulan ýagdaýynda eksporty (importy) çäklendirmek maksady bolýar. Kontingentlere bölme – haýsydyr bir harytlaryň getirilmeli we çykarylmaly möçber lerini haryt we gymmat manysynda bellemekdir. Kontingentler bellibir möhlete we mil 187 li önüm öndürijileriň bähbitlerini goramak üçin, esasan, import harytlary babatynda bel lenýär. Kontingentleri bellemek ygtyýarnamalar boýunça amala aşyrylýar. Halkara söwda şertnamalary 5 ýyldan 10 ýyl möhlete çenli bag laşylýar, olar ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň umumy ugurlaryny kesgitleýärler, hyz matdaşlygyň söwdasyýasy düzgünini belleýärler, özara hasaplaşyklaryň şertlerini we ş.m. göz öňünde tutýarlar. Halkara söwda şertnamalarynyň bag laşylmagy ýurt lar tarapyndan has amatly düzgüniň döredilmegine ýardam edýär. Antidemping çäreleri meňzeş önümleri öndürýän milli kärhanalara zyýan ýetirýän ýagdaýda harytlary pes bahalar boýunça satmakda günä ýöňkelýän daşary ýurtly hyzmat daşlara bildirilýän nägileliklere edara ediş babatynda we kazyýetde işe seretmek bolup durýar. Tehniki päsgelçilikler import edilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmak we daşky gurşawy goramak maksady bilen ulanylýar. Import edilýän önüm halkara we milli standart lara, pudaklaýyn kadalara we tehniki görkezmelere laýyk gelýändigi babatynda barlanýar. Tehniki päsgelçilikleriň has giň ýaýran görnüşleriniň biri hem import edilýän harytlary sertifikatlaşdyrmak, ýagny harytlaryň häsiýetnamalarynyň import edilýän ýurtda hereket edýän bellibir standartlara laýyk gel ýändiginiň ýörite laboratoriýalarda synagdan geçirilen digi barada şaha datnamany almak talaby bolup durýar. Eksportimport amallaryny düzgünleşdirmegiň esasy gurallaryna gümrük paçlary we gümrük tarifleri degişlidir. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling