O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
-nji surat. Önümiň özüne düşýän gymmatynyň düzümi
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
31-nji surat. Önümiň özüne düşýän gymmatynyň düzümi
Senagatda kalkulýasiýanyň aşakdaky ýaly mysaly maddalary ulanylýar: – çig mal we materiallar; 190 – gaýtarylýan galyndylar (aýrylýar); – tehnologik maksatlar üçin ýangyç we energiýa; – önümçilik işçileriniň esasy zähmet haky; – önümçilik işçileriniň goşmaça zähmet haky; – durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin geçirimler; – önümçiligi taýýarlamak we özleşdirmek üçin çykdajylar; – enjamlary ulanmak we saklamak üçin çykdajylar; – seh çykdajylary; – umumy zawod çykdajylary; – zaýa önümden ýitgiler; – gaýry önümçilik çykdajylary; – önümçilik däl çykdajylar. Senagatyň haýsydyr bir pudagynda önümçiligiň häsiýetine we gurluşyna baglylykda, kalkulýasiýa maddalarynyň sanawy üýtgäp biler. Mysal üçin, maşyn gurluşykda «toplaýyş önümleri» maddasy, zergärçilik senagatynda «satyn alynýan önümler», «özünde öndüri len ýarym taýýar önümler» maddalary görkezilýär. Özüne düşýän gymmatyň düzüminde kalkulýasiýa maddalary boýunça toparlara jemlenende harajatlar şu kriteriler boýunça to parlara bölünip bilner: – esasy we goşmaça; – göni we gytaklaýyn; – ýönekeý we toplumlaýyn; – hemişelik we (şertli hemişelik) üýtgeýän (şertli üýtgeýän) harajatlar. Harajatlary esasy we goşmaça harajatlara degişli etmek olaryň önüm öndürmek prosesi bi len baglylyk häsiýeti bilen kesgitlenýär. Esa sy harajatlar tehnologik proses bilen gönüden göni bagly bolup durýar hemde tehnologik maksatlar üçin harçlanýan çig maly we materiallary, ýangyjy we energiýany, önümçilik işçileriniň esasy zähmet hakyny öz içine alýar. Öz gezeginde goşmaça çykdajylar dolandyryşy guramak we önümçilige hyzmat etmek bilen baglydyr. Mysal üçin, olara seh, umumy zawod çykdajylary, önümi ýerlemek üçin çykdajylar degişlidir. Önümleriň anyk görnüşleriniň özüne düşýän gymmatyna eltmegiň usuly boýunça kärha nanyň ähli harajatlary göni we gytaklaýyn harajatlara bölünýär. Göni harajatlar önümiň bellibir görnüşini taýýarlamak bilen gönüden göni baglydyr we göni onuň özüne düşýän gymmatyna degişlidir. Gytaklaýyn harajatlar sehiň ýada tutuş kärhananyň işi bilen baglydyr we aýryaýry önümiň aýratyn görnüşleriniň özüne düşýän gymmatyna göni degişli edilip bilinmez, diňe öňünden bellenen alamat boýunça esasy zähmet hakyna, önümçiligiň özüne düşýän gymmaty na, degişli önümleri öndürmek boýunça enjamlaryň maşynsagatlaryna deň ölçegli ýada başga bir alamatlar boýunça gytaklaýyn görnüşde degişli edilip bilner. Kalkulýasiýanyň düzüminde diňe bir elementden durýan ýönekeý harajatlar we birnäçe ykdysady taýdan dürli görnüşdäki, ýöne birmeňzeş önümçilik ähmiýeti bolan birnäçe ele mentleri öz içine alýan toplumlaýyn harajatlar tapawutlandyrylýar. Meselem, ýönekeý mad dalara çig mal we esasy materiallar üçin harajatlar, esasy önümçilik işçileriniň zähmet haky degişlidir. Enjamlary ulanmak we saklamak üçin harajatlar, seh we umumy zawod çykda jylary top lumlaýyn harajatlar bolup durýarlar, sebäbi her bir madda materiallar üçin harajat lary, zähmet hakyny, ulanyş tutumlaryny we beýleki harajat maddalaryny öz içine alýar. 191 Harajatlar önümçiligiň möçberiniň üýtgemegi babatynda hemişelik we üýtgäp durýan harajatlara bölünýär. Hemişelik harajatlara önümçiligiň möçberiniň üýtmegine bagly bol madyk ýada böküş görnüşde üýtgeýän harajatlar degişlidir, üýtgeýän harajatlar önümçili giň möçberine bellibir baglylykda üýtgeýär. Hemişelik harajatlar üç topara bölünýär: – dolulygyna hemişelik harajatlar (hereketsizlik harajatlary) işiň ýok wagtynda hem mümkindir. Olara mysal üçin, esasy gaznalaryň ulanyş tutumy degişlidir; – kärhananyň işini üpjün etmek üçin hemişelik harajatlar kärhana tarapyndan iş amala aşyrylanda geçirilýär. Mysal üçin, edara edişdolandyryş işgärleriniň zähmet haky, elektrik energiýasy, şol sanda jaýlary yşyklandyrmak üçin harajatlar; – şertlihemişelik harajatlar önümçiligiň bellibir möçberine ýetilýänçä üýtgemeýär. Önümçilik möçberiniň soňy bilen köpelen ýagdaýynda bu harajatlar böküş görnüşinde üýt geýär, ol bolsa bazar tarapyndan önümçilik möçberlerini artdyrmagyň talap edilen şert lerinde kuwwatlyklaryň aňrybaş derejede peýdalanylmagy bilen baglydyr. Şeýle bolanda kärhana täze enjamy satyn alýar, goşmaça korpuslary gurýar, bu bolsa öz gezeginde, esasy gaznalaryň gymmatyny ýokarlandyrýar we önümiň birligi üçin harajatlary böküş görnüşde artdyr ýar, ulanyş tutumlarynyň möçberi köpelýär. Aňrybaş mümkin bolan N1 möçbere ýetilende täze kuwwatlyklar girizilýär we önümiň birliginiň özüne düşýän gymmaty S1den S1 çenli artýar; – deň ölçegli üýtgeýän harajatlar, degişlilikde, önümçiligiň möç beriniň artmagyna ýa da azalmagyna laýyklykda üýtgeýär; – regressiw üýtgeýän harajatlar önümçiligiň möçberine garanyňda haýal köpelýän harajatlar; – prorgessiw üýtgeýän harajatlar önümçiligiň möçberine garanyňda çalt köpelýän ha rajatlar. Kärhananyň doly harajatlary üýtgäp durýan we hemişelik harajatlardan emele gelýär. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling