O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Önümiň özüne düşýän gymmaty


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet90/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Önümiň özüne düşýän gymmaty
Çykdajylary doly
paýlamagyň nusgasy
Çykdajylary bölekleýin
paýlamagyň nusgasy
32-nji surat. Önümiň özüne düşýän gymmatyny hasaplamagyň nusgalary
Harajatlary doly paýlamak nusgasy (absortion costing) önümçilik hasaba alnyşy üçin 
hyzmat edýär, harajatlary bölekleýin paýlamak nusgasy (direct costing) bolsa, esasan, 
kärhanada dolandyryş hasaba alnyşy üçin niýetlenendir.
Harajatlary doly paýlamak nusgasynyň esasynda önümiň, sargydyň, amalyň ýa­da 
beýleki kalkulýasiýa obýektleriniň özüne düşýän gymmaty hasaplanýar. Degişlilikde, kal­
kul ýasiýa obýektiniň özüne düşýän gymmaty şu obýekt üçin differensial çykdajylaryň we 
umu my çykdajylaryň – goşmaça, gytaklaýyn çykdajylaryň jeminden ybaratdyr.
13. Sargyt № 996


194
Kalkulýasiýa usullary şu alamatlar boýunça klassifikasiýa bölünýär: kalkulirlenýän 
obýekt; hasaplaşyk usuly.
Kalkulirlenýän obýekte baglylykda şu usullary görkezip bolar: önümler boýunça, sar­
gytlar boýunça, amallar boýunça, täzeden işlemek boýunça, prosesler boýunça.
Hasaplamagyň usulyna baglylykda kalkulýasiýa etmegiň şu usul lary (tärleri) peýda­
lanylýar: göni hasap (udel çykdajylar), kadaly (ekwiwalent); hasaplama­seljeriş; parametr­
ler; harajatlary aýyrmak, koeffisiýentler; utgaşdyrylan usullar.
Özüne düşýän gymmaty kalkulýasiýa etmegiň umumy shemasy­kalkulýasiýa etmegiň 
maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemegi hem­de şonuň esasynda degişli nusgany saýlap 
almagy göz öňünde tutýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde kärhanada kalkulýasiýa etmegiň 
iki usulyny hem peýdalanmak maksada laýyk bolar, sebäbi olaryň dürli lokal wezipelere, 
maksatlara we wezipelere laýyk gelýändigine garamazdan, olaryň ikisi hem bir umumy 
maksada – peýda almak meselesini çözmäge gönükdirilendir.
Göni hasap usuly (täri) önümiň birliginiň özüne düşýän gymmatyny çykdajylaryň 
umumy möçberini işlenip çykarylan önümiň mukdaryna bölmek ýoly bilen kesgitleme­
gi göz öňünde tutýar. Bu usul esasan, birmeňzeş önüm öndürýän kärhanalarda ulanylýar. 
Gün bataryň iş tejribesinde bu usul udel çykdajylaryň kalkulýasiýasy diýlip atlandyrylýar.
Bu usul çäkli ulanylýar, sebäbi bir önüm öndürýän kärhanalar örän azdyr. Iş ýüzünde 
köplenç onuň modifikasiýasy – kalkulýasiýa etmegiň önümiň birligi üçin göni harajatlary 
sarp ediş kadalarynyň esasynda, gytaklaýyn harajatlary bolsa pudakda kabul edilen alamata 
deň ölçegli kesgitlemegi göz öňünde tutýan hasaplama­seljeriş usuly (täri) ulanylýar:
– peýdalanylýan esasy materialyň natural görnüşdäki mukdary (esasan, materialy köp 
talap edýän pudaklarda – azyk senagatynda ulanylýar);
– peýdalanylýan esasy materialyň gymmaty (gymmat bahaly çig mal serişdelerini 
talap edýän pudaklarda – zergärçilik senagatynda ulanylýar);
– iş wagtynyň göni harajatlary (zähmeti köp talap edýän pudaklarda – çaphana sena­
gatynda ulanylýar);
– önümçilik işçileriniň esasy zähmet haky;
– enjamyň işleýän maşyn­sagatlary (awtomatlaşdyrylan we mehanizirlenen zähmetiň 
ýokary paýy bolan pudaklarda – maşyn gurluşykda ulanylýar).
Goşmaça çykdajylaryň şoňa görä paýlanjak binýady saýlanyp alnandan soň goşmaça 
çykdajylaryň möçberi (stawkasy) kesgitlenýär. Şunuň ýaly stawka umumy goşmaça çykda­
jylary binýadyň doly möç berine bölmekden alnan bölünme netijesi hökmünde kesgitlenýär 
we soňra önümiň birligine düşýän goşmaça çykdajylar goşmaça çykdajylaryň stawkasyny 
binýada (önümiň birligine) köpeltme hasyly hökmünde kesgitlenýar.
Kalkulýasiýa etmegiň kadaly usuly maddy, maliýe we zähmet serişdelerini peýda­
lanmagyň kadalaryna esaslanýar. Kadalar ylmy taýdan esaslandyrylan, kärhanalaryň ähli 
serişdelerini oýlanyşykly sarp etmäge gönükdirilen bolmalydyr. Olaryň ululygyna döwür­
leýin gaýtadan seredilmelidir, bu önümiň birligine düşýän serişdeleriň ähli görnüşleriniň 


195
hakyky harajatlarynyň üýtgeýşini hasaba almagy göz öňünde tutýar. Kalkulýasiýa etmegiň 
kadaly usuly köpçülikleýin önümçiligi we ýola goýlan meýilnamalaşdyrma bolan pudak­
larda önümiň täze görnüşleriniň kalkulýasiýasy düzülende giňden ulanylýar.
Parametrler usuly şol bir sarp ediş häsiýetleri bolan birmeňzeş önümleriň özüne 
düşýän gymmaty kalkulýasiýa edilende ulanylýar. Ol önümiň parametrlerine baglylyk­
da harajatlaryň üýtgemeginiň kanunalaýyklygyny bellemäge esaslanýar. Iň bir ýönekeý 
giň ýaýran, mysal üçin, agyr we energetika maşyn gurluşygynda giňden peýdalanylýan 
usul birmeňzeş maşynlaryň hem­de enjamlaryň konstruktiw agramynyň bir kilogramynyň 
gymmatynyň ýa­da önümi has doly häsiýetlendirýän beýleki görkezijileriň esasynda önü­
miň özüne düşýän gymmatyny bellemek usuly bolup durýar. Bu usul önümiň hiliniň pa­
rametrlerini gowulandyrmak üçin goşmaça harajatlary kesgitlemäge hem mümkinçilik 
berýär.
Toplumlaýyn önümçiliklerde (nebiti gaýtadan işleýän, koks­himiki we käbir beýleki 
önümçilikler) çig mal üçin harajatlary önümiň anyk görnüşine degişli etmek mümkin däldir. 
Degişlilikde, kalkulýasiýa etmegiň başlangyç çig maly gaýtadan işlemek üçin harajatlaryň 
ählisiniň umumy möçberini kesgitlemäge we bu harajatlary şol çig maldan öndürilýän önü­
miň ähli görnüşleri boýunça paýlamaga mümkinçilik berýän aýratyn usullaryny ulanmak 
talap edilýär. Şunuň ýaly usullara şular degişlidir: harajatlary aýyrmak, koeffisiýentler; ut­
gaşdyrylan usullar.
Harajatlary aýyrmak usuly peýdalanylanda çig maly top lum laýyn gaýtadan işlemegiň 
netijesinde alnan önümiň bir görnüşi esa sy hökmünde kabul edilýär, galanlaryna bolsa goş­
maça hökmünde seredilýär. Çig maly gaýtadan işlemek üçin umumy harajatlardan goşma­
ça önümiň gymmaty aýrylýar, galan pul möçberi onuň esasy görnüşleriniň özüne düşýän 
gymmatyna eltilýär. Goşmaça önümiň gymmatyny kesgitlemek üçin hasaplamalarda şular 
peýdalanylýar:
– goşmaça önüm üçin kärhananyň hereket edýän goýberiş bahalary;
– goşmaça önüme çalşylýan çig malyň bahalary;
– goşmaça önümi taýýarlamak üçin çykdajylary.
Koeffisiýent usuly toplumlaýyn harajatlar alnan önümleriň arasynda paýlananda koef­
fisiýentleriň peýdalanylmagyna esaslanýar. Şunda önümleriň birine 1 koeffisiýent berilýär, 
galanlary saýlanyp alnan alamata (önümiň agramyna, önümiň goýberilýän bahalaryna, dü­
zümindäki organiki maddalara we ş.m.) baglylykda onuň bilen deňeşdirilýär. Hasaplama 
şunuň ýaly geçirilýär:
– çykarylan önüm şertli birliklerde hasaplanýar;
– harajatlaryň umumy möçberini şertli birliklerdäki çykarylan önüme bölmek ýoly 
bilen bir şertli birlige düşýän harajatlar kesgitlenýär;
– bir şertli birlige düşýän harajatlary degişli koeffisiýente köpeltmek ýoly bilen önü­
miň her bir görnüşini öndürmek üçin harajatlar hasaplanýar.


196
Utgaşdyrylan usul harajatlary aýyrmak usuly bilen koeffisiýentler usulynyň utgaşma­
gy bolup durýar. Hasaplama birnäçe tapgyrlarda amala aşyrylýar:
– önüm esasy we goşmaça diýlip bölünýär;
– goşmaça önümi öndürmek üçin harajatlar umumy harajatlardan aýrylýar;
– aýrylandan soň galan harajatlaryň möçberi bellenen koeffisiýentlere laýyklykda 
önümiň esasy görnüşleriniň arasynda bölünýär.
Sargytlar boýunça usulda hasaba almagyň we kalkulýasiýa etmegiň obýekti önümiň 
öňünden kesgitlenen mukdaryny öndürmek üçin aýratyn önümçilik sargydy bolup durýar. 
Sargytda şular görkezilýär: taýýarlanmaga degişli önüm; olaryň sany; sargydyň ýerine 
ýetirilmeli möhletleri; ony ýerine ýetirmäge gatnaşýan sehler. Sargydyň meýilnamalaýyn 
özüne düşýän gymmaty sargydyň ýerine ýetirilýän möhletiniň dowamynda önümçiligiň 
ähli harajatlarynyň jemi hökmünde kesgitlenýär. Degişlilikde, şu usulda hasabat kalkulýa­
siýasy sargyt boýunça işler ýerine ýetirilenden soň düzülýär.
Ýurdumyzyň iş tejribesinde kalkulýasiýa etmegiň şu usuly bölekleri, şaýlary we tutuş 
önümleri mehaniki usulda ýygnaýan önümçiliklerde, sehleriň arasynda ýakyn tehnologik 
arabaglanyşyk bar bolan önümçiliklerde, taýýar önümi diňe bir sehiň, tehnologik hatarda 
iň soňky bolup duran sehiň çykarýan kärhanalarynda peýdalanylýar. 
Kalkulýasiýa etmegiň sargytlar boýunça usuly köplenç halatda aýratyn we ownuk 
tapgyrly önümçilikde ulanylýar.
Kalkulýasiýa etmegiň täzeden işlemek boýunça usuly işlenilýän çig malyň işläp geç­
megiň – täzeden işlemegiň birnäçe özbaşdak tap gyrlaryndan yzygider ýagdaýda geçýän 
pudaklarynda ulanylýar. Her bir täzeden işleme (iň soňkudan başga) çig maly işläp geçme­
giň gutarnykly tapgyry bolup durýar, şonuň netijesinde kärhana öz öndüren ýarym taýýar 
önümini alýar. Kalkulýasiýa etmegiň täzeden işlemek boýunça usuly metallurgiýada, dok­
ma, agaç işläp bejeriş senagatynda we senagatyň beýleki pudaklarynda ulanylýar.
Daşary ýurtlaryň iş tejribesinde kalkulýasiýa etmegiň täzeden işlemek boýunça usuly 
prosesler boýunça usul (proces­costing) diýlip atlandyrylýar. 
Sargytlar boýunça we prosesler boýunça kalkulýasiýa etmek – daşary ýurtlaryň 
hasaba alyş iş tejribesinde esasy usullar bolup dur ýar. Olardan başga­da kalkulýa­
siýa etmek ulgamynyň aralyk usul lary giňden ulanylýar, olar gatyşyk (hibrid costing) 
diýilýän ulgamlara degişlidir. Olaryň saýlanyp alynmagy kärhananyň önümçilik gur­
luşynyň aýratynlyklary we tehnologik faktorlar we başga­da birnäçe faktorlar bilen 
kesgitlenýär.
Garyşyk ulgamlara amallar boýunça kalkulýasiýa etmek (operation costing) we 
JIT­kalkulýasiýa degişlidir, olar «Takyk möhletde»«Just­in­time» ulgamy boýunça çig 
mal, materiallar, toplaýyş önümleri iberilende peýdalanylýar.
Birinji gezek Toýota zawodlarynda ulanylýan bu ulgam serişdeleri çäkli bolan kom­
paniýalara özleriniň bäsdeşlige ukyplylyklaryny köp möçberde maýa goýum goýmazdan, 
mümkin bolan ýitgileri azaltmak ýoly bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.


197
«Just­in­time» (JIT) konsepsiýasy boýunça diňe bir zaýa önüm ýitgilere degişli bolman, 
eýsem serişdeleri sarp edýän, ýöne peýda getirmeýän islendik iş – artyk önüm öndürilmegi, 
enjamyň we işgärleriň boş durmagy, abatlamak, maddy­tehniki ätiýaçlyklaryň artyklygynyň 
bolmagy ýitgilere degişlidir. JIT ulgamy «çekip çykarýan» tehnologiýa bolup durýar, şunda 
her bir soňky önümçilik tapgyry özünden öňki tap gyrdan zerur bolan ähli zady gerek bolan 
mukdarda we nomenklaturada we munuň üstesine hem gerek bolan wagtda «çekip alýar».
Munuň üçin: 1) satyn alyjylaryň ýüz tutmalaryna laýyklykda önümiň mukdary we 
möçberi boýunça aýlyk, gije­gündizlik, çalşyklylyk tabşyryklar düzülýär; 2) toplaýyş 
önümlerine bolan senenamalaýyn islegden ugur alyp, olary satyn almagyň grafigi hasap­
lanýar. Netijede, serişdeleriň dolanyşygy iki esse ýokarlanyp bilýär, sargytlaryň möçberi 
azalýar, tamamlanmadyk önümçilik ýitip gidýär.
Amallar boýunça kalkulýasiýa edilende materiallary hasaba almak üçin sargytlar 
boýunça usul, zähmet hakyny we umumy zawod çykdajylaryny hasaba almak üçin bolsa, 
prosesler boýunça usul peýdalanylýar. 
JIT kalkulýasiýasy üznüksiz­akymlaýyn önümçilik bolup duran ulgamlarda ulanylýar, 
olarda her bir amal ondan öňküniň dowamy bolup durýar, her bir şaý bolsa, akymlaýyn 
liniýanyň beýleki iş ýerlerinde işlenip geçilýär. JIT kalkulýasiýasy ulgamynyň aýratynly­
gy şular bolup durýar: sargytlaryň we esasy materiallaryň hereketini hem­de zähmet ha­
rajatlaryny amallar boýunça jikme­jik hasaba alnyşyň bolmazlygy, aýratyn «Materiallar» 
hasabynyň ýokdugy. Hakyky harçlanan materiallar we goşmaça çykdajylar (göni zähmet 
harajatlary olara degişli bolup durýar) baradaky maglumatlar sehler boýunça her aýda 
ýygnalýar. Degişlilikde, önümiň öndürilen birlikleriniň mukdary we bu birlikleriň özüne 
düşýän gymmaty kesgitlenýär. Kadalaýyn harajatlar hakyky harajatlar bilen deňeşdirilýär 
we her aýda sehleriň her biri boýunça gyşarmalar hasaplanýar.
Kalkulýasiýa etmegiň seredilip geçilen usullary harajatlary doly paýlamak modeliniň 
çäklerinde peýdalanylýar.
Kalkulýasiýa etmegiň harajatlary bölekleýin paýlamak usuly nyň çäklerinde peýda­
lanylýan esasy usuly «direkt­kosting» ulgamy bolup durýar, onda senagat önüminiň özüne 
düşýän gymmaty üýtgeýän harajatlar babatynda hasaba alynýar we meýilnamalaşdyrylýar. 
Ulgamda girdejiler baradaky hasabaty gurmagyň köp basgançakly shemasy ulanylýar, ol 
iki esasy maliýe görkezijini öz içine alýar: maržinal peýda (girdeji) ýa­da ýapma pul möç­
beri we peýda.
Ýurduň iş tejribesiniň görkezijisi ýaly, häzirki wagtda hakyky doly harajatlaryň pul 
möçberine we peýdanyň bellibir ululygyna esaslanýan bahalaryň ulanylmagy kärhanalary 
çykgynsyz ýagdaýa getirýär. Harajatlaryň artýan şertlerinde kadany hem­de alynýan peý­
danyň möçberini saklamaga çalyşmak bilen, kärhanalar bahany ýokarlandyrýarlar, şeýle­
likde olaryň önümi bäsdeşlige ukypsyz bolýar. Iş tejribesi bolsa haryt ýerlenýän bazarlary 
peýda kadasyny peseltmegiň we gerek bolan peýdany satuwlaryň möçberlerini artdyr­


198
magyň hasabyna almagyň esasynda has arzan önümleri ýerlemek bilen eýe läp we saklap 
bolýandygyny görkezýär.
«Direkt­kosting» ulgamy harajatlar bilen önümçilik möçberiniň arasynda aragatnaşy­
gy we barabarlygy ýola goýmaga, önümçiligiň möçberine baglylykda onuň peýdalylygy 
we ýitgililigi barada maglumat almaga, önümçiligiň möçberine ýa­da kuwwatlyklaryň peý­
dalanyşyna laýyklykda özüne düşýän gymmatyň depginini çaklamaga mümkinçilik berýär. 
Kalkulýasiýa etmegiň şu ulgamynda hemişelik harajatlaryň möçberiniň bölünip görkezil­
megi olaryň ululygynyň peýdanyň möçberine edýän täsirini görkezmäge mümkinçilik 
berýär, maržinal girdejiniň üýtgemegi bolsa has düşewüntli önümi ýüze çykarmaga we de­
gişlilikde, çykarylýan önümiň assortimentine we nomenklaturasyna üýtgemeleri girizmäge 
mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, «direkt­kosting» ulgamy üýtgeýän harajatlaryň täsiri bilen 
peýdanyň üýtgeýşini, ýerleme bahalaryny, çykarylýan önümiň gurluşyny kesgitlemäge we 
şunuň ýaly seljermäniň esasynda şu şert lerde kärhanany dolandyrmak boýunça zerur bolan 
strategik çäreleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. 
Kärhananyň alyp biljek mümkinçilik peýdasyny kesgitlemek üçin çykdajylara, önüm­
çiligiň we peýdanyň möçberine toplumlaýyn seljerme geçirmek zerurdyr.
Girdeji koeffisiýentlerini hasaplap çykarmak önümiň assortimentiniň iň gowy gur­
luşyny (peýda almak nukdaýnazaryndan) saýlap almak üçin zerurdyr. Beýleki görkeziji­
leriň ählisiniň deň bolmagynda satuwlaryň girdejiniň iň ýokary koeffisiýentini üpjün edýän 
gurluşy ileri tutulmalydyr.
Toplumlaýyn seljerme geçirmegiň zerur elementi harajatlaryň gurluşyny, ýagny 
kärhananyň üýtgeýän we hemişelik harajatlarynyň gatnaşygyny öwrenmek bolup durýar. 
Hatda bir pudagyň çäklerinde hem harajatlaryň iň gowy gurluşynyň ýeke­täk kriterisiniň 
ýokdugyny belläp geçmek gerek. Olaryň gatnaşygynyň amatlylygy kärhananyň işiniň anyk 
şertlerine we olara täsir edýän faktorlara, şol sanda satuwlaryň uzak möhletli meýil lerine, 
ýerleme derejesinde her ýylky üýtgäp durmalara baglydyr. Mysal üçin, satuwlaryň uzak 
möhletli artmagy babatynda amatly çaklamalarda hemişelik çykdajylarynyň paýy ýokary 
bolan firma has ýokary peýda alyp biler, sebäbi onuň girdeji koeffisiýenti ýoka rydyr.
Dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin möhüm görkeziji howply nokat (howply 
möçber nokady, ýitgisizlik nokady, öwrülişik nokady we ş.m.) bolup durýar. Bu nokat fir­
manyň işiniň peýda alynmaýan, ýitgi hem çekilmeýän möçberini häsiýetlendirýär.
Dolandyryş çözgütlerini kabul etmegiň barşynda bar bolan usul larynyň birnäçesinden 
biri saýlanyp alnanda howply nokat konsepsiýasy giňden ulanylýar. Eger beýleki görkeziji­
ler (faktorlar) meňzeş bolanda, ýitgisizlik nokadynyň iň pes ululygy bolan görnüş iň gowy 
hasap edilýär.
Daşary ýurt firmalarynyň barlaglarynda önümçilik möçberine, harajatlara we peýda 
bilelikde seljerme geçirilende käbir ýol bermeleriň peýdalanylýandygyny bellemek gerek:
– satuwlardan alynýan girdejiniň, işiň relewant diapazonynda önümçilik çykda­
jylarynyň özüniň ugurlaýynlygy;


199
– satuwlaryň hemişelik assortimenti;
– çykdajylary hemişelik we üýtgeýän çykdajylara bölmek mümkinçiligi;
– önümçilik we ýerlemek möçberleriniň arasyndaky deňlik;
– önümleriň galyndysynyň üýtgewsizligi;
– wagtyň dürli döwürlerinde alnan pullaryň gymmatynyň meňzeşligi;
– ýerlenýän önümiň we satyn alynýan çig malyň, material laryň we toplaýyş önüm­
leriniň bahalarynyň üýtgewsizligi; zähmet hakynyň durnukly kadalary, elektrik ener­
giýasynyň durnukly tarifl eri we ş.m.
Şunuň ýaly seljerme geçirilende ýurtda hümmetsizlenmegiň çak edilýän derejesi we 
ýerlenýän önümiň we satyn alynýan çig malyň, materiallaryň we toplaýyş önümleriniň 
ba halarynyň üýtgeýşi, zähmet hakynyň iň pes derejesiniň üýtgeýşi, şeýle hem ýangyç we 
energiýa üçin tarifleriň üýtgeýşi we ş.m. göz öňünde tutulmalydyr. Şunuň ýaly şertlerde 
geçirilýän seljermäniň dogrulyk derejesi barlagyň geçirilen wagt aralygyna ep­esli dereje­
de bagly bolar. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling