O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet98/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhanada maliýany meýilnamalaşdyrmagyň nämedigini we onuň meýilnamalaşdyryş ul-
gamynda haýsy nähili orun tutýandygyny düşündiriň.
2. Maliýe meýilnamasynyň esasy düzüm böleklerini aýdyp beriň.
3. Peýdalar we ýitgiler meýilnamasy nämäni görkezýär?
4. Buhgalterçilik balansyny çaklamagyň nämedigini we onuň meýilnamalaşdyryş ulgamynda nähi-
li orun tutýandygyny düşündiriň.
5. Maliýany dessin meýilnamalaşdyrmagyň esasy wezipeleri nämeden ybarat?
 15.3.
Kärhananyň maliýe ýagdaýyny seljermek
Maliýe hasabatlylygy ulgamy kompaniýanyň maliýe ýagdaýyna we onuň işiniň neti­
jeliligine seljerme geçirmäge mümkinçilik berýär. 


221
Şunuň ýaly seljerme kärhananyň bellibir netijeliligini we durnuklylygyny görkezýän, 
özüniň bimöçberliligi we islendik telekeçilik işinde ulanylmak mümkinçiligi bilen amatly 
bolan maliýe koeffisiýentleri toplumynyň üstünden geçirilýär.
Kompaniýanyň işiniň netijeliligine baha bermegiň esasy we ahyr ky görkezijisi – bu 
hususy maýanyň düşewüntliligi 
Arassa peýda
ROE = ––––––––––––––.
Hususy maýa
paýdarlar üçin iň möhüm faktor bolup, telekeçilik işine goýlan hususy serişdeleriň bir­
ligine düşýän pul möçberini görkezýär, nazary taýdan diwidendleri tölemek üçin peý­
dalanyp bilner. ROE – hususyýetçi tarapyndan serişdeleri maýa goýuma gönükdirmek 
ýa­da olary telekeçilik işinden çykarmak barada çözgüt kabul edilmegine täsir edýän 
görkezijidir. Bu koeffisiýent girdejililigiň töwekgelçiliksiz stawkalary diýilýänler bilen 
ýa­da anyk paýdara elýeter bolan alternatiw goýumlaryň girdejililigi bilen deňeşdirilýär. 
Görkeziji ýyllyk göterimlerde ölçenilýär we ahyrky arassa peýdany hem­de hususyýetçi 
tarapyndan telekeçilik işine goýlan maýanyň ululygyny deňeşdirýär:
Arassa peýda Arassa peýda Aktiwler
ROE = –––––––––––––– = –––––––––––– x –––––––––––––– =
Hususy maýa Aktiwler Hususy maýa
= ROA x Maliýe guraly.
Ýokarda getirilen ROE hasaplama formulasy bu ýerde biraz transformirlendi we iki 
düzüm bölegine bölündi: aktiwleriň düşewüntliligi (ROA) we maliýe guraly.
Aktiwler
Maliýe guraly = –––––––––––––– .
Hususy maýa
Maliýe guraly kompaniýany maliýeleşdiriş çeşmeleriniň gurluşynda öz serişdeleriniň 
gatnaşmagyny häsiýetlendirýär. Bu koeffi siýentiň ululygy näçe pes bolsa, kompaniýa şol 
derejede maliýe tö wekgelçiliginiň täsirine düşýär.
Maliýe guralynyň maksatlaýyn ähmiýeti kärhananyň pudaklaýyn degişliligine bagly­
dyr. Peseldilen maliýe guraly – hususy maýasynyň paýy işi uly amal (bazaryň konýunktu­
rasyna baglylyk, möwsümleýinlik, geçginli däl aktiwleriň bolmagy) töwekgelçilikleri bilen 
baglanyşykly bolan kompaniýalarda bolmalydyr.
Bu parametr birinji nobatda hususyýetçiler we uzak möhletli maýa bilen potensial 
üpjün edijiler – uzak geljekde kärhananyň durnuklylygyna baha bermek zerur karzdarlar 
üçin gyzyklydyr.
Maliýe guraly maliýeleşdiriş çeşmelerini dolandyryş syýasatyny häsiýetlendirýär.
Eger maliýe guraly uzak möhletli tölege ukyplylygy görkezýän bolsa, onda gysga möhlet­
li (bir maliýe ýylynyň çäklerinde) tölege ukyplylyga baha bermegiň esasy görkezijisini hem 
ýatlap geçmek gerek.


222
Dolanyşyk serişdeleri
Gündelik geçginlilik koeffisiýenti = –––––––––––––––––––.
Gysga möhletli borçnamalar
Gündelik geçginlilik koeffisiýenti kärhananyň özüniň gysga möhletli bergisini nagt 
bar bolan dolanyşyk serişdeleriniň hasabyna üzmek mümkinçiligini häsiýetlendirýär. 
Kompaniýanyň gündelik tölege ukyplylygynyň we birinji nobatdaky bergileri üpjün etmek 
ukybynyň umumy indikatory hökmünde peýdalanylýar.
Bu görkeziji näçe ýokary bolsa, kärhananyň gysga möhletli durnuklylygy hem şonça 
ýokarydyr.
Gündelik geçginlilik koeffisiýenti maliýeleşdirmegiň gysga möh letli çeşmelerini dolan-
dyryş we kompaniýanyň amal siklini mali ýeleşdiriş syýasatyny häsiýetlendirýär.
Arassa peýda
ROA 

––––––––––––––.
Aktiwler
Aktiwleriň düşewüntliligi (ROA) kärhana goýlan ähli goýumlaryň peýdalylygyna 
baha bermek üçin hyzmat edýär, kompaniýanyň emläginiň her bir manadyna düşýän jemi 
peýdanyň möçberini görkezýär, ýyllyk göterimlerde ölçenilýär. Menejmentiň aktiwleri 
peýdalanmak boýunça işiniň hiline telekeçiligiň gymmatynyň artyşynyň ahyrky netijeleri 
alnanda baha berýär. Bu görkeziji kompaniýa tarapyndan çekilýän maýanyň gymmaty bi­
len deňeşdirilýär. Menejer kompaniýanyň aktiwlerine goýlan her manadyň getirýän girde­
jisiniň şol aktiwleri satyn almak üçin maliýe bazarynda çekmeli bolan manadyň töleginden 
ýokary bolmagyny üpjün etmäge borçlydyr.
Ýene birnäçe matematiki özgertmeler: 
Arassa peýda Arassa peýda Girdeji
ROA 
= –––––––––––––– = –––––––––––––– x –––––––––––––– =
Aktiwler Girdeji Aktiwler
= ROS x Aktiwleriň dolanyşygy.
Bu ýerde Dýupogyň formulasy alyndy. Ol aktiwleriň düşewüntliligini (emlägiň işiniň 
netijeliligini) satuwlaryň düşewüntliligi (ROS) we aktiwleriň dolanyşygy diýen: iki bölege 
bölüp bolar diýip tassyklaýar.
Arassa peýda
ROS = –––––––––––––.
Girdeji
Satuwlaryň düşewüntliligi işiň möçberini we netijesini deňeşdirýär, kompaniýanyň 
her bir dolanyşygynyň netijeliligine, girdejide peýdanyň paýyna baha berýär. Kompa­
niýanyň baha syýasatyny, bahalaryň peselme mümkinçiligini, harajatlaryň ýokarlanan 
ýagdaýynda ätiýaçlyklaryň bardygyny häsiýetlendirýär. Satuwlaryň düşewüntliliginiň 
ýokary ähmiýeti önümçilik işiniň netijeliligine, önümiň aýratyn artykmaçlyklaryna, onuň 
özboluşlylygyna we bazar taýdan özüne çekijiligine ýa­da ony taýýarlamagyň tehnolo­
giýasynyň aýratynlyklaryna şaýatlyk edip biler. Bu görkezijiniň ululyklary diňe bir kom­


223
paniýanyň işini däl, eýsem çäklerinde önüm öndürmek we ýerlemek bolup geçýän daşky 
gurşawyň ýagdaýyny hem häsiýetlendirip biler.
ROS kompaniýanyň dolandyryş syýasatyny häsiýetlendirýär:
Girdeji
Aktiwleriň dolanyşygy = ­­­­­­­­­­­­­­­­­­­ .
Aktiwler
Aktiwleriň dolanyşygy kärhananyň ähli serişdeleriniň peýdalanylyşynyň intensiwli­
gini, aktiwlere goýlan manatdan alynýan girdeji görnüşindäki peýdany häsiýetlendirýär. 
Bu görkeziji näçe ýokary bolsa, kompaniýa aktiwe goýlan maýadan şol derejede tiz girdeji 
gazanýar, satuwlaryň haýsydyr bir möçberini saklamak üçin şol derejede az goýumlary 
talap edilýär.
Aktiwleriň dolanyşygynyň pudaklaýyn häsiýeti bardyr we amal sikliniň aýratynlygy­
na, dürli telekeçilik işleriniň guralyşyna, kompaniýanyň dolanyşykda daşary aktiwleriniň 
köplügine baglydyr.
Aktiwleriň dolanyşygy kompaniýanyň emläk toplumyny dolandyryş syýasatyny 
häsiýetlendirýär.
Indi kompaniýa paýdar tarapyndan berilýän baha gaýdyp geleliň, şunda şu formulany 
alarys:
ROE = ROA x Maliýe guraly = ROS x Aktiwleriň dolanyşygy x Maliýe guraly,
ýagny goýumlaryň girdejililigi şulara baglydyr:
1. Her bir satuwda kompaniýa näçe gazanýar;
2. Aktiwleri peýdalanmak bilen näçe dolanyşygy amala aşyrmaga ýetişýär;
3. Gönüden göni paýdar aktiwleriň näderejede möhüm bölegini maliýeleşdirýär, te­
lekeçilik işi karz serişdeleri näderejede çekýär.
Şu ýerde logiki görnüşde paýdaryň girdejililigini aňrybaş ýokarlandyrmak maksady bilen 
hereket edip boljak üç ugry emele getirip bolar:
1. Dolanyşygy (peýdany) dolandyrmak – bahalary ýokarlandyrmak, işiň natural möç­
berlerini artdyrmak, harajatlary azaltmak.
2. Aktiwleri dolandyrmak – ätiýaçlyklaryň derejesini peseltmek, debitor bergileri
beýleki işlemeýän ýa­da netijesiz işleýän aktiwleri azaltma.
3. Maliýeleşdiriş çeşmelerini dolandyrmak – karz alnan maýanyň mümkin boldugyça 
köp möçberini çekmek, paýdarlar tarapyndan maliýeleşdirmäge bolan zerurlygy azaltmak.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling