O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet96/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Gündelik (amal) pul akymy –
– arassa peýda + hasabat döwründäki ulanyş tutumy + gysga möhletli berginiň artyşy – debi­
tor berginiň artyşy – ätiýaçlyklaryň ululygynyň artyşy;
Maýa goýum pul akymy –
– döwürde hasaplanyp ýazylan ulanyş tutumyny hasaba almak bilen dolanyşykdan daşary 
serişdeleriň netto artyşy;
Maliýe pul akymy –
– hususy maýasynyň netto artyşy (tölenen diwidendleri hasaba almak bilen, ýöne peýda­
lanylmadyk peýdany aýryp) + karzlar we nesýeler boýunça berginiň netto artyşy;
Jemi pul akym-
– gündelik pul akymy + maýa goýum pul akymy + maliýe pul akymy.
Düzgün bolşy ýaly, gündelik pul akymynyň ululygynyň oňyn ähmiýeti, maýa goýum 
akymynyň ýaramaz ähmiýeti bardyr, maliýe akymy üçin oňyn ululyk hem, ýaramaz ululyk 
hem mümkindir. Olaryň soňkusy kärhananyň amal mümkinçilikleriniň ösüş üçin maýa 
goýumlaryny üpjün etmäge ýagdaýy bolmadyk halatynda serişdeleri çekmek we tersine 
bolan ýagdaýda olary gaýtarmak bilen, kompaniýanyň amal we maýa goýum işiniň özbo­
luşly düzgünleşdirijisi bolup durýar.
Gündelik pul akymynyň ululygy has ähmiýetli bolup durmak bilen, ol iň bolmanda, 
esasy amal işi bilen bagly ähli çykdajylary ýapmak üçin ýeterlik bolmalydyr. 
Tutuşlygyna alanyňda kärhananyň pul akymlaryna geçirilen seljerme şulary kesgit­
lemäge mümkinçilik berýär:
– pul serişdelerini almagyň çeşmeleri we olaryň peýdalanylýan ugurlary;
– kärhananyň gündelik işiniň pul serişdeleri bilen üpjünçiligi;


214
– mundan beýläk uzak möhletli ösmek üçin pul serişdeleri bilen üpjünçilik (maýa 
goýumlar);
– gündelik bergileri ýapmak mümkinçiligi;
– bellibir möhlete goşmaça maýany çekmek mümkinçiligi.
Kiçi we orta kärhanalaryň pul akymlaryna seljerme geçirmek has­da möhümdir. 
Serişdeleriň ähli görnüşleriniň degişli ätiýaçlyklaryna ygtyýar edýän, şeýle hem goşma­
ça maýany bellibir derejede ýeňil çekmek mümkinçiligi bolan iri kärhanalar garaşylma­
dyk ýerden ýüze çykýan pul serişdelerine bolan zerurlygy şol serişdeleriň hasabyna ýapyp 
bilýärler; şunda maýa goýum harajatlary bu kompaniýalaryň umumy pul akymynda diňe 
ujypsyz bölegi tutup biler. 
Şol bir wagtyň özünde kiçi we orta kärhanalar üçin olaryň hereket etmeginiň içki hem­
de daşky şertleriniň garaşylmadyk, göräýmäge düýpli däl üýtgetmeleri pul serişdeleriniň 
ýiti ýetmezçiligine sebäp bolup we kompaniýanyň batyp galmak howpuny döredip biler. 
Kärhananyň işinde gündelik hem­de maýa goýum zerurlyklary maliýeleşdirilende 
pul serişdeleriniň ýetmezçiligi ýüze çykyp biler. Bu aýratyn hem häzirkizaman şertlerinde 
häsiýetlidir: karz serişdelerine mätäçlik çekýän we öňi bilen, maliýe serişdeleriniň ýetmez­
çiligi sebäpli mümkinçilikleri çäkli bolan kiçi we orta kärhanalaryň tutuş gatlagy peýda 
boldy. Eger şular ýaly kärhanalaryň ösüşi diňe olaryň özleri tarapyndan emele getirilýän 
peýdanyň hasabyna bolup geçmeli bolsa, onda ykdysady ösüşiň täze tapgyryna geçmek 
köp on ýyllyklara çekilip bilner.
Şol bir wagtda ykdysadyýetde mätäçlik çekýän kärhanalara wagt laýyn peýdalanmaga 
berlip bilinjek erkin pul serişdeleri bolan köp sanly ýuridik hem­de fiziki şahslar bardyr. 
Bu serişdeler hem potensial derejede kärhanalaryň karz serişdelerini emele getirýärler.
Karz arkaly maliýeleşdirmegiň esasy we has adaty görnüşi karz bermek (karzlaşdyr­
mak) bolup durýar. 
Karz muzdly we gaýtarylmak esasynda kärhanalara bellibir döw re berilýän pul seriş­
desinden ybaratdyr. Karzyň (pul karzynyň) şunuň ýaly görnüşi nusgawy görnüş bolup 
durýar.
Karz boýunça göterimler wagtlaýyn peýdalanmaga berilýän maýa üçin karzdaryň 
öwezini dolmak hökmünde almak isleýän girdejisiniň ölçegi bolup durýar.
Göterimiň ululygy şu faktorlara baglydyr:
– hümmetsizlenmegiň depginlerine;
– erkin pul serişdelerini alternatiw ýerleşdirmek mümkinçiligine;
– maýany alternatiw goýmakdan alynjak potensial girdejä;
– umumy ykdysady ýagdaýa;
– karzlaşdyrmagyň möçberine we möhletlerine;
– karz alýanyň ygtybarlylygyna (karz serişdeleriň öz wagtynda we doly gaýtarylmak 
ähtimallygyna).
Düzgün bolşy ýaly, karzlar boýunça göterim möçberi kesgitli ululyk bolup durýar, ýöne 
uzak möhletli karzlaşdyrylýan ýagdaýynda durnuksyz ykdysady şertlerde göterimiň üýtgäp 
durýan möçberi hem ulanylýar. Onuň ululygy haýsydyr bir daşky faktora (mysal üçin, hüm­
metsizlenme indeksine) baglanýar we bellibir wagt aralygynda gaýtadan hasap lanýar.


215
Iş ýüzünde karzlaşdyrmagyň alternatiw (pul däl) görnüşleri hem peýdalanyp bilner:
– maýa goýum (salgyt) karzy;
– haryt karzy;
– täjirçilik karzy;
– lizing.
Maýa goýum (salgyt) karzy salgyt töleglerini soňa süýşürmek görnüşinde bolup, ol 
kärhana döwlet häkimiýeti edaralary tarapyndan berilýär. Karzlaşdyrmagyň şu görnüşin­
de kompaniýa hakyky pul serişdelerini almaýar, ýöne şol bir wagtda býujete tölegleri 
soňa süýşürmegiň hasabyna goşmaça ätiýaçlyk döredilýär. Alternatiw karz laşdyrmagyň bu 
görnüşi salgyt ýeňillikleri bilen garyşdyrmaly däldir, sebäbi gaýra goýlan tölegler ýatyryl­
maýar, olar diňe has giçki möhletlere geçirilýär, şunda karzyň ululygyna degişli göterim 
hasap lanyp ýazylýar.
Haryt karzy karzdar tarapyndan karz alyja pul serişdelerini däl­­de, haýsydyr bir 
emlägi (düzgün bolşy ýaly, dolanyşyk aktiwlerini) bermegi göz öňünde tutýar. Şunda karz 
üçin göterimler, tölegiň giç geçiriljekdigini hasaba almak bilen, berilýän harydyň bahasyna 
goşulyp biler. 
Karzlaşdyrmagyň şunuň ýaly görnüşiniň amatlylygy şulardan ybaratdyr:
– karz alýan kärhananyň serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyr mak (pul serişdeleri­
niň maddy aktiwlere geçmeginiň transaksiýasy bolmaýar);
– karzdar tarapyndan karz serişdelerini peýdalanmagyň ugurlaryna gözegçilik edil­
megi (karz alyjy puluň hakykatdan ýok wagtynda ony başga haýsydyr bir başga zada harç­
lap bilmeýär).
Täjirçilik karzy hakujy, deslapky töleg görnüşinde, berlen harytlar, ýerine ýetirilen 
işler we hyzmatlar üçin tölegiň möhletini soňa goýmak hem­de möhletlere bölüp tölemek 
görnüşinde berilýär. Haryt karzy bilen bagly ýagdaýda bolşy ýaly, göterimiň ululygy hary­
dyň gymmatynda gizlenip biler (öňünden tölenen ýagdaýynda harydyň gymmaty peseldilip, 
möhletlere bölünip tölenende ýokarlandyrylyp bilner). 
Lizing şertnamasy boýunça karzdar (lizinge beriji) tölegiň hasabyna karz alyja (lizing 
alyja) bellibir emlägi (düzgün bolşy ýaly, esasy serişdäni) wagtlaýyn peýdalanmaga bermäge 
borçlanýar. Şunda emläk üçin döwürleýin töleg (kärende tölegi) peýdalanmaga berilýän esasy 
serişdeleriň degişli döwürdäki ulanyş tutumyny we karz üçin göterimi öz içine alar. Şeýlelik­
de, kärhana uzak möhletli karz almagyň we şol serişdelere zerur bolan enjamy satyn almagyň 
ýerine, şunuň ýaly enjam bilen üpjün edijä göni çykýar we diňe onuň bilen gatnaşyk edýär.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling