O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet94/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Bazar gatnaşyklary şertlerinde döwlet näme üçin käbir önümleriň we hyzmatlaryň baha-
laryny düzgünleşdirmeli?
2. Baha»] düşünjesine kesgitleme beriň.
3. Kärhananyň baha strategiýalarynyň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?
4. Baha emele getirýän esasy faktorlary aýdyp beriň.
 14.2.
Kärhananyň önüminiň bahasyny
emele getirmegiň usullary
Harydyň başlangyç bahalaryny hasaplamagyň usulyýeti şu tap gyr lardan durýar:
– baha emele getirmek wezipelerini goýmak;
soraglar we ýumuşlar


204
– islegi kesgitlemek;
– çykdajylara baha bermek;
– bäsdeşleriň bahalaryny we harytlaryny seljermek;
– baha emele getirmegiň usulyny saýlap almak;
– gutarnykly bahany bellemek.
Baha emele getirmek wezipeleri kompaniýany ösdürmegiň umu my maksatlary bi­
len baglanyşdyrylýar. Meselem, mysal üçin, kärhananyň ýa­da firmanyň baha emele ge­
tirmek babatyndaky umumy sy ýasatyny kesgitleýän esasy wezipelere şulary degişli edip 
bolar: kär hananyň «ýaşamagyny» üpjün etmek, gündelik peýdany aňryçäk de rejä ýetirmek, 
kärhananyň bazarda eýeleýän böleginiň görkezijileri bo
ýunça liderligi eýelemek we ş.m.
Bazar ykdysadyýetinde bahanyň, islegiň we teklibiň arasyndaky baglylygy ýüze 
çykarmak üçin islegi hem­de teklibi ölçemegiň şu esasy usullary ulanylýar:
– sarp edijilerden soraşmalary geçirmek;
– bazarda harydyň üýtgän bahalary boýunça synag satuwynyň esasynda göni bazar 
synagyny geçirmek;
– wagtyň bellibir döwründe bahalaryň üýtgeýiş depgininiň esa synda islegiň we tekli­
biň görkezijilerine baha berýän statistik usullar.
Islege seljerme geçirmek firmanyň öz önümi üçin sorap biljek aňrybaş bahasyny ha­
saplamaga mümkinçilik berýär. Iň pes baha, düz gün bolşy ýaly, önümçilik çykdajylary bilen 
kesgitlenýär, ol önümi öndürmek we ýerlemek bilen bagly harajatlaryň jeminden ybaratdyr. 
Degişlilikde, bahalar emele getirilende kärhananyň önüm öndürmek üçin harajatlaryna sel­
jerme geçirmek we bu harajatlary mümkin boldugyça azaltmaga çalyşmak zerurdyr. 
Önümçilik möçberiniň, harajatlaryň we peýdanyň özara bag lanyşygyny öwrenme­
giň netijesinde alnan maglumatlara seljerme geçirmek önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny 
ýokarlandyrmak we ony üpjün etmek babatynda amatly dolandyryş çözgütlerini tapmaga 
mümkinçilik berýär. Hususan­da, harajatlary hemişelik we üýtgäp durýan harajatlara böl­
mek, olaryň derejesine we meýillerine seljerme geçirmek dürli bazar faktorlarynyň täsirine 
baglylykda bahalaryň çäklerini hem­de görnüşlerini bellemäge mümkinçilik berýär.
Anyk bazar şertlerine baglylykda bahalary bellemek bäsdeşleriň harytlarynyň bahasy­
na seljerme geçirmek zerurlygy bilen baglydyr. Bäsdeşlik faktorynyň bahalaryň derejesi 
baradaky çözgüdiň kabul edilmegine edýän täsiri bazaryň gurluşyna, hususan­da, işleýän 
kompaniýalaryň sanyna we görnüşine baglydyr. Baha emele getirmegiň saýlanyp alnan 
strategiýasyna laýyklykda kärhana bäsdeş firmalaryň bahalaryna üns berýär. Meselem, 
baha liderligi strategiýasynda kär hana öz harytlarynyň bahasyny baha lideri bolup durýan 
kärhana bag lylykda belleýär, bäsleşikli bahalar strategiýasynda kärhana öz bahasyny pe­
seldýär ýa­da üýtgewsiz goýýar.
Baha emele getirmegiň bazar ykdysadyýetinde has giň ýaýran usullarynyň arasynda 
şulary görkezip bolar:
– «praýsing» usullary;
– bahalary elementler boýunça hasaplamak usullary;
– kesgitli bahany bellemäge esaslanýan usullar;
– bahany önümçilik çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyny hasaba almak bilen kes­
gitlemek usullary;


205
– bahalary kesgitlemegiň höweslendiriji usullary.
«Praýsing» usullary bahanyň düzüm böleklerini – harajatlary we peýdany hasapla­
magyň dürli usullaryna esaslanýar. Olaryň arasynda doly harajatlar, ortaça harajatlar
aňrybaş harajatlar, standart (kadaly) önümçilik çykdajylary, maksatlaýyn peýda usullary 
görkezilýär.
Doly harajatlar usuly önüm öndürmek we ýerlemek üçin doly çykdajylary hem­de 
pudak boýunça birnäçe ýylyň dowamyndaky ortaça baha, karz göterimine, maýanyň do­
lanyşygynyň ortaça tizligine we pudakda jemlenme derejesine laýyklykda kesgitlenýän 
peýdany hasaba almagy göz öňünde tutýar.
Ortaça harajatlar usuly mundan öňki usuldan bahanyň düzüm bölekleri hökmünde 
çykdajylary hasaplamagyň usuly bilen tapawutlanýar. Şunda önüm öndürmek üçin ortaça 
harajatlar jemi harajatlary öndürilen önümiň mukdaryna bölmek ýoly bilen kesgitlenýär. 
Şunda harajatlar hemişelik we üýtgeýän harajatlara bölünýär.
Aňrybaş harajatlar usuly önümçiligiň we ýerlemegiň çak edilýän giňelmegi ýag­
daýynda ulanylýar. Şu ýagdaýda bahalaryň hasaplamasynda aňrybaş harajatlar peýda­
lanylýar, şeýle harajatlar diýip önüm çiligiň möçberiniň artmagynyň netijesinde umumy 
harajatlaryň önü miň birligine düşýän möçberiniň üýtgemegine düşünilýär. Başga söz ler 
bilen aýdylanda, aňrybaş harajatlar önümiň goşmaça birligini öndürmek bilen bagly çyk­
dajylary görkezýär. 
Önümçiligiň standart (kadaly) çykdajylary usuly önümiň özüne düşýän gymmatynyň 
kadaly kalkulýasiýasyny peýdalanýar.
Maksatlaýyn peýda usuly peýdanyň (maksatlaýyn peýdanyň) öňün den kesgitlenen 
möç beriniň peýdalanylmagyny göz öňünde tut ýar.
Wagt boýunça tölemek usuly işleri ýerine ýetirmegiň netijesinde kärhananyň çekýän 
hakyky çykdajylaryň hasaba alynmagyna esaslanýar. Şu ýagdaýda harajatlaryň esasy üç to­
pary ulanylýar: zähmet haky üçin çykdajylar we işgärlere beýleki pul tölegleri; kärhananyň 
(firmanyň) merkezi edarasynyň hereket etmegi üçin goşmaça çykdajylar; anyk işleri ýerine 
ýetirmek bilen bagly göni çykdajylar. Şunda işleriň bahasy zähmet haky üçin harajatlaryň 
goşmaça çykdajylaryň, göni harajatlaryň we peýdanyň koeffisiýentine köpeldilen hakyky 
ululygynyň jemi hökmünde hasaplanylýar.
Taslama işleriniň gymmatyny taslamany durmuşa geçirmegiň gymmatynyň göte rim­
lerinde hasaplamak usuly gurluşyk senagatynda peýdalanylýar. Taslama işleriniň gym maty 
gurluşyk desgasynyň çylşyrymlylygyny hasaba almak bilen, gurluşygyň umumy möç­
berinden ugur alnyp hasaplanýar. Degişlilikde, ululygy işleriň çylşyrymlylygyna bagly bo­
lan ýokarlandyryjy koeffisiýentler peýdalanylýar.
Kesgitli bahany bellemäge esaslanýan usullar:
– gutarnykly kesgitlenen usullar;
– oňa soňundan seretmek mümkinçiligi bilen kesgitli bahalar;
– üýtgäp durýan şkala boýunça düzediş girizilen kesgitli baha. 
Gutarnykly kesgitlenen usul şertnama ýerine ýetirilende satyjynyň hakyky çykda­
jylaryna garamazdan, onuň üýtgewsiz galmagyny göz öňünde tutýar.


206
Oňa soňundan seretmek mümkinçiligi bilen kesgitli bahalar usuly wagtyň çäkli ara­
lygynda kesgitli bahanyň bellenilmegini, şol wagt geçenden soň baha gaýtadan seredilip 
bilinjekdigini göz öňünde tutýar.
Üýtgäp durýan şkala boýunça düzediş girizilen kesgitli baha usuly wagtyň döwürleri 
boýunça degişli derejede kesgitlenmegini göz öňünde tutýar. Şu usullara şertnamalarda 
«üýtgäp durýan» bahalaryň bellenmegini degişli edip bolar, olar bahanyň üýtgewsiz kesgit­
li binýatlyk böleginiň we oňa üýtgeýän goşulan bölegiň jemlenmegini göz öňünde tutýar.
Bahany önümçilik çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyny hasaba almak bilen kes­
gitlemek usuly öndürijiniň şertnamanyň (ylalaşygyň) şertlerini ähli çykdajylaryň öwezi 
dolunan ýagdaýynda ýerine ýetirmek borjuny göz öňünde tutýar.
Bahalary kesgitlemegiň höweslendiriji usullary bahada işleri ýerine ýetiriji üçin 
hak­heşdegi aýratyn hasaba almak ýörelgesinde gurulýar. Olaryň arasynda şu usullary bel­
lemek gerek: hak­heşdekli kesgitli baha usuly; höweslendiriji hak­heşdegi bolan önümçilik 
çykdajylary usuly; baýrak hak­heşdegi bolan çykdajylaryň öwezini doluş usuly.
Hak­heşdekli kesgitli baha usuly baha höweslendiriş tölegini göz öňünde tutýar, ol 
meýilnama bilen deňeşdirilende hakyky önümçilik çykdajylarynyň derejesiniň peselme­
gine baglylykda bellenýär. Höweslendiriş tölegi, düzgün bolşy ýaly, çykdajylaryň derejes­
iniň 7,5­15%­den geçmeýär.
Höweslendiriji hak­heşdegi bolan önümçilik çykdajylary usulynda aňrybaş hak­heşde­
giň möçberi çäkli (adaty çykdajylaryň 7,5%­i) bolýar, hakyky çykdajylaryň meýilnamadan 
gyşarmalaryna 25% çäklerde rugsat edýär. Mundan başga­da, şu ýagdaýda hak­heşdegiň 
möçberi işleriň ýerine ýetirilmeli möhletleriniň we hiliniň berjaý edilişine bagly bellenýär.
Baýrak hak­heşdegi bolan çykdajylaryň öwezini doluş usuly esa san, taslama işlerinde 
peýdalanylýar we bahanyň çykdajylarynyň iň pes derejesinden we işiň hili üçin berilýän 
baýrakdan ugur alnyp kesgitlenilmegini göz öňünde tutýar.
Harydyň gutarnykly (ylalaşyk, şertnama) bahasyny bellemek ýokarda agzalan faktor­
lary hasaba almak bilen geçirilýär (35-nji surat).
Kärhananyň çyk
­
dajylary (özüne düşýän gymmaty)
Peýda
GBÜS (goşulan baha üçin salgyrt)
Aksiz (aksiz tölenmäge degişli harytlar üçin)
Çykdajylar
Peýda
GBÜS
Çykdajylar
Peýda
GBÜS
Kärhananyň lomaý bahasy 
(ýa­da goýberilýän baha)
Üpjünçilik­ýerleme ba­
halary ýa­da lomaý nyrh 
goşundysy (ýeňillik)
Söwda nyrh goşundysy 
(ýeňillik)

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling