O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- XII BAP. KÄRHANANYŇ DAŞARY YKDYSADY IŞI 12.1. Kärhananyň daşary ykdysady işi: düşünje we ykdysady mazmuny
Soraglar we ýumuşlar
1. Maýa goýum töwekgelçiligi näme? 2. Maliýe ýitgileriniň absolýut möçberine nähili baha bermeli? 3. Maliýe ýitgileriniň otnositel möçberi näme? 4. Maýa goýum hereketleriniň barşynda töwekgelçiligi peseltmegiň usullaryny aýdyp beriň we açyp görkeziň. 5. Ssenariler usuly nämeden ybarat? 6. Töwekgelçilikleri peseltmegiň hukuk usullaryny aýdyp beriň we açyp gör ke ziň. 7. Töwekgelçiligi peseltmegiň haýsy usullaryny ykdysady usullara degişli edip bolar? 174 XII BAP. KÄRHANANYŇ DAŞARY YKDYSADY IŞI 12.1. Kärhananyň daşary ykdysady işi: düşünje we ykdysady mazmuny Kärhanalaryň daşary ykdysady işini (DYI) amala aşyrmak umu mymilli daşary yk dysady işiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ýurt da daşary ykdysady iş halk hojalygynyň dürli pudaklarynda halkara hyz matdaşlygynyň ugurlarynyň, görnüşleriniň we usullarynyň, şeýle hem daşary ýurt pulundaky amallaryň jeminden, bilelikdäki kärhanany döretmekden we ş.m. ybarat bolýar. Ýöriteleşdirilen daşary söwda guramalary, senagat kärhanalary, guramalary, edaralary we ş.m., şeýle hem daşary ykdysady işe hyzmat edýän hemde onuň ösüşine ýardam edýän guramalar (banklar, söw dasenagat edaralary we ş.m.) DYIniň subýektleri bolup durýarlar. Kärhananyň DYI harytlaryň (hyzmatlaryň) halkara alyşçalşy, maddy, maliýe we in tellektual serişdeleri ondanoňa geçirmek ulgamyndaky telekeçilik işiniň görnüşleriniň biri bolup durýar. DYIň düzüminde söwda we söwda däl amallar görkezilýär. Olaryň birinji sine harytlaryň we hyzmatlaryň eksporty hemde importy bilen bagly amal lar, ikinjisine maýa we karzmaliýe işi bilen bagly beýleki özboluşly töleg ler bilen geçirilýän amallar degişlidir. DYIň möhüm düzüm bölegi bolup daşary söwda işi (DSI) – daşary ýurtly hyz matdaşlar bilen söwdaykdysady we ylmytehniki hyzmatdaşlyk babatynda telekeçilik işi çykyş edýär. DSI, birinji nobatda, harytlaryň (hyzmatlaryň) eksport we import görnüşinde alşylmagyny häýetlendirýär. Eksport – harytlary (hyzmatlary) satmak we beýleki ýurtlaryň çäklerine çykarmak. Maýanyň eksporty – maýany ýurduň daşyna geçirmek (mysal üçin, ýerli kompaniýalaryň paýnamalaryny satyn almak görnüşinde), karz bermek we ş.m. Import – şahsy sarp etmek, senagat, gurluşyk we beýleki kärhana lar tarapyndan peý dalanylmagy üçin, ýurduň içinde sarp etmek, so ňundan içerki bazarda satmak we ýurduň daşyna çykarmak mak sady bilen gaýtadan işlemek üçin daşary ýurtlardan getirilýän ha rytlary we hyzmatlary satyn almak hemde öndüriji ýurduň (ýada araçy ýur duň) çäklerin den satyn alýan ýurduň çägine getirmek. Reeksport – ozal daşary ýurtlardan getirilen harytlary gaýtadan işlemezden ýurduň daşyna çykarmak. Köp ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda reeksport edilende harytlar gümrük paçlary we salgytlar tölenmezden ýada olary gaýtarmak bilen, ygtyýarlandyrmak, bel lenen paýlar (kwota) ýaly çäreleri we ş.m. ulanmazdan çykarylýar. Köplenç halatda re eksportyň predmeti bolup halkara auksionlarynda we söwda biržalarynda ýerlenýän haryt lar çykyş edýärler. Reeksport amallaryna harydy öz ýurduňa getirmän amala aşyrylýan amallar, şeýle hem erkin zolaklaryň we ýazylyp bellenen ammarlaryň çäklerinden çykar mak boýunça amallar degişlidir. Olar gümrük statistikasy tarapyndan eksport amallary hökmünde hasaba alynýar. Mejbury, spekulýatiw, tehnologik reeksport tapawutlandyrylýar. 175 Mejbury reeksport – ozal import edilen harydy eksport edýän kärhananyň içki ba zarynda satyp bolmaýandygy sebäpli çykarmak. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling