O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-njy surat. Monte Karlo usuly boýunça taslamanyň


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet77/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

29-njy surat. Monte Karlo usuly boýunça taslamanyň
töwekgelçiliklerine seljerme geçirmegiň şekili
Monte Karlo usuly boýunça töwekgelçilikleri seljermek duýgurlygy seljermek we äh­
timallyklar nazaryýetiniň esasynda ssenarileri seljermek usullarynyň integrasiýasy bolup 
durýar. Şunuň ýaly seljermäniň netijesi bolup taslamanyň netijeleriniň ähtimallyklaryny 
paýlamak çykyş edýär (mysal üçin, NPV<0 almak ähtimallygy).
Ilkibaşda taslamanyň pul akymlarynyň emele gelmegine täsir edýän her bir faktory 
(üýtgeýän ululygy) paýlamak wezipesini kesgitlemek gerek. Adatça paýlama wezipesi ka­
daly diýip hasap edilýär we onuň bellenmegi üçin matematiki garaşmany we ortaça kwad­
ratiki gyşarmany kesgitlemek gerek. Seljermäniň netijesi (ol adatça amaly maksatnama­
laryň ýörite bukjalaryny peýdalanmak bilen amala aşyrylýar) töwekgelçiligiň esasy ugry 
görnüşinde berilýär, ol grafika görnüşinde mümkin bolan her bir ýagdaýyň ähtimallygy 
bolup durýar.
Töwekgelçiligiň kumulýatiw (integral) ugry dürli nukdaýnazardan arassa gündelik 
gymmaty anyk taslama üçin kumulýatiw ähtimal paýlanyşyny görkezýär.
Monte Karlo usulynyň birnäçe artykmaçlyklarynyň bardygyna garamazdan, ol iş ýü­
zünde giň ýaýran däldir. Onuň esasy ýetmezçiligi imi tasion modelleşdirmegiň netijeleriniň 
birmeňzeş teswirlenmeýändigi bolup durýar.
Kärhanada töwekgelçiligi dolandyrmak birnäçe tapgyrlary öz içine al ýar. Anyk 
kärhanadaky ýagdaý babatynda işlenip taýýarlanan töwekgelçiligi dolandyrmagyň amaly 
maksatnamasynyň parametrleri ýüze çykýan töwekgelçilikleriň aýratynlygyna, kärha­
nanyň ygtyýarynda bar bolan serişdelere we töwekgelçilikleri has netijeli usulda dolan­
dyrmak üçin hünär derejesine baglydyr. 30-njy suratda töwekgelçiligi dolandyryş prosesi 
getirilýär. 


170
Töwekgelçiligi identifikasiýa etmek (tapawutlandyrmak)
Töwekgelçiligi seljermek (sebäp­netije­waka)
Töwekgelçilige mukdar taýdan baha bermek (ähtimallyk we agyrlyk)
Töwekgelçiligi ýok etmegiň ýa­da peseltmegiň usullary (saýlap almak we baha bermek)
Hereketleri saýlap almak
Saklamak (tehniki­ykdysady)
Bermek (hukuk)
Ätiýaçlandyryş
Şertnamalar
Girew
Jerime
Öňünden töleg
Zamun bolmak
Bank kepillendirmesi
Öz­özüňi ätiýaçlandyrma
(girdejileriň ýa­da ätiýaçlyk
gaznasynyň hasabyna)
Töwekgelçiligi birleşdirmek
Howpsuzlyk üçin goýumlar
Taslamalary diwersifikasiýa etmek
Birža geleşikleri

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling