O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
-nji surat. Üçtaraplaýyn lizing geleşiginde lizing prosesini
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
27-nji surat. Üçtaraplaýyn lizing geleşiginde lizing prosesini
guramagyň çyzgysy: 156 1 – lizingi alyjydan ýüztutma almak; 2 – lizinge alyjynyň tölege ukyplylygy we lizing taslamasynyň netijeliligi barada netijenama taýýarlamak; 3 – üpjün edijä tabşyryk hatyny ibermek; 4 – lizing geleşigini geçirmek üçin karz serişdeleri almak; 5 – lizing obýektini satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak; 6 – enjamlaryň ulanmaga kabul edilendigi barada ykrar hatyna gol çekmek; 7 – lizing ylalaşygyny baglaşmak; 8 – ylalaşyga laýyklyk- da berilýän enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek barada şertnama baglaşmak; 9 – lizing obýektini ätiýaçlandyrmak barada şertnama baglaşmak; 10 – lizing töleglerini tölemek; 11 – lizing obýektini gaýtarmak; 12 – karzy gaýtarmak we göterimleri tölemek. 2. Enjamyň ulanyş tutumy alynýan döwri, ol kadalaşdyryjy resminamalarda belle nilýär. 3. Hümmetsizlenme prosesleriniň depgini. Lizinge beriji üçin hümmetsizlenmegiň çalt ýokarlanýan halatynda kesgitli kärende töleg leri bilen uzak möhletli şertnama baglaş mak bähbitli däldir, tersine, hümmetsizlenme derejesi pese düşen ýagdaýynda lizinge beriji has uzak möhletli şertnamalary baglaşmak isleýär. Lizing tölegleriniň düzümine şular girýär: ulanyş tutumy; geleşik amala aşyrylanda lizinge beriji tarapyndan çekilýän serişdeler üçin töleg; lizing maržasy, ol öz içine lizinge berijiniň hyzmatlar üçin girdejisini öz içine alýar (13%); töwekgelçilik baýragy, bu lizinge berijiniň çekýän töwekgelçilik derejesine baglydyr. Soňky ýyllarda lizing amallary senagat taýdan ösen ýurtlaryň köpüsiniň maýa goýum işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Käbir ýurtlarda maliýe lizinginiň ýaýramagy lizing işi ulgamynda kadalaşdyry jyhukuk taýdan düzgünleşdirmegiň kämil däldigi, täjirçilik karzy üçin göterimiň ýokary dygy we salgyt salmagyň bar bolan derejesi sebäpli bökdelýär. Lizingiň güýçli depgin bilen ösmegi lizinge berijiniň hemde lizinge alyjynyň alýan artykmaçlyklary bilen baglydyr. Lizinge beriji üçin artykmaçlyklara şular degişlidir: – bank maýasynyň ulanylýan ulgamynyň giňelmegi; – bank karzlary berlendäkä garanyňda töwekgelçiligiň pesligi; – salgyt ýeňillikleri. Lizinge alyjylar şu artykmaçlyklardan peýdalanýarlar: – hak ujy tölegler geçirmezden, kesgitli möçberler boýunça geleşigi 100% maliýeleş dirmek, bu aýratyn hem täze we ösüp barýan kärhanalar üçin möhümdir; – köp möçberde harajat çykarmazdan we karz serişdeleri çekmezden önümçiligi giňeltmek, täze enjamy gurnamak we sazlamak mümkinçiligi; – enjamy satyn almak üçin harajatlary şertnamanyň hereket edýän möhletiniň bitin dowamyna deňeçer bölmek, bu bolsa birinji tapgyrda serişdeleri başga maksatlar üçin boşat maga mümkinçilik berýär; – moral taýdan könelmeden goramak – lizing ulanylýan enjamy has häzirkizaman enjama çalt çalyşmaga mümkinçilik berýär; – öz maýasy bilen çekilen maýanyň gatnaşygyny amatly etmek; – lizinge berijiniň güýçleri bilen tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak; 157 – salgyt ýeňillikleri we maýa goýumlary höweslendirmek – enjamyň lizinge alyjynyň balansynda durmaýandygy sebäpli, ýuridiki şahslaryň emläk üçin salgydy peselýär we ş.m. Lizing amallary şular ýaly toparlanma bölünýär: – gatnaşyjylaryň düzümi boýunça: – göni lizing – emlägi bermek araçynyň üstünden bolup geçýär; – gaýtarylýan lizing – göni lizingiň aýratyn ýagdaýy, şunda lizing firmasy enjamy onuň eýesinden satyn alýar we onuň özüne lizinge tabşyrýar; – emlägiň görnüşi boýunça: – gozgalýan emlägiň lizingi; – gozgalmaýan emlägiň lizingi; – ozal ulanylan emlägiň lizingi. Şahsy girdejilere salgyt salmagyň derejesi näderejede ýokary bolsa (ösen ýurtlarda ol ýeterlik ýokarydyr), şahsy sarp ediş ulgamynda lizingiň ýaýraýyş derejesi şonça giň bolýar. Hakyky lizingiň hereket edýän çygry kiçi, orta we iri telekeçiligi öz içine alýar, şunda kiçi tele keçilik üçin esasy zat häzirkizaman enjamy üçin tölegi möhletlere bölüp geçirmek mümkinçiligi bolup durýan bolsa, onda beýleki kärhanalar üçin iri maýa goýum taslama lary durmuşa geçirilende salgytlarda serişdeleriň tygşytlanmagy kärhanalaryň girdejilerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Özüni ödeýän möhleti boýunça şular tapawutlandyrylýar: – doly özüni ödeýän lizing – şertnamanyň hereket edýän möhletiniň dowamynda emlägiň gymmatynyň doly tölenmegi bolup geçýär; – doly özüni ödemeýän lizing – şertnamanyň hereket edýän möhletiniň dowamynda kärendä alnan emlägiň gymmatynyň bir bölegi ödelýär. Ulanyş tutumyny almagyň şertleri boýunça şular tapawutlandyrylýar: doly ulanyş tu tumy alynýan lizing we degişlilikde, obýektiň gymmaty doly tölenýän lizing; doly ulanyş tutumy alynmaýan lizing we degişlilikde, obýektiň gymmaty bölekleýin tölenýän lizing. Maliýe lizingi doly özüni ödeýän ýada onuň gymmaty doly tölenýän emlägiň lizingi bolup durýar. Lizingiň bu görnüşi üçin enjamyň wagtlaýyn peýdalanmaga berilýän möhle tiniň dowamlylygy boýunça enjamdan ulanyş tutumynyň doly alynýan möhlet bilen gabat gelmegi häsiýetlidir. Çaltlandyrylan lizing bolanda şertnamanyň möhleti emlägiň ula nylýan möhletinden gysga bolýar. Düzgün bolşy ýaly, moral taýdan könelişi ýokary depginlerde bolup geçýän enjamlar çaltlandyrylan lizingiň obýekti bolup durýarlar. Şu şertnamanyň dowam edýän wag tynda lizinge beriji enjamyň gymmatynyň diňe bir böleginiň öwezini dolýar we şonuň üçin hem ony, düzgün bolşy ýaly, dürli peýdalanyjylara wagtlaýyn peýdalanmaga birnäçe gezek bermäge mejbur bolýar. Hyzmat etmegiň möçberi boýunça: 158 – arassa lizing, şunda lizingiň berilýän predmetine hyzmat etmek boýunça ähli işleri lizinge alyjy öz üstüne alýar; – hyzmatlaryň doly toplumy bolan lizing – geleşik obýektine doly hyzmat etmek li zinge berijiniň üstüne ýüklenýär; – hyzmatlaryň bölekleýin toplumy bolan lizing, şunda lizinge beriji lizing predmetine hyzmat etmek boýunça aýryaýry wezipeleri özünde alyp galýar. Lizing tölegleriniň häsiýeti boýunça pul tölegi bolan lizing, töleg ler şu enjamda ön dürilen harytlary ibermek bilen ýada garşylyklaýyn hyzmaty etmek görnüşinde amala aşyrylýan öwezini doluş tölegi bolan lizing tapawutlandyrylýar. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling