O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 11.2. Kärhananyň maýa goýum işi
Soraglar we ýumuşlar
1. «Maýa goýum» düşünjesine kesgitleme beriň. 2. Maýa goýum işiniň nähili maksatlary bolup biler? 3. Maýa goýum işiniň esasy ýörelgelerini aýdyp beriň. 4. Maýa goýumlaryň esasy görnüşlerini aýdyp beriň we mazmunyny açyp görkeziň. 5. Maýa goýumçy kim we maýa goýumçylaryň haýsy esasy toparlaryny atlandyryp bilersiňiz? 6. Maýa goýum ulgamynyň subýektlerini aýdyp beriň. 11.2. Kärhananyň maýa goýum işi Maýa goýum işiniň düýp manysy kärhananyň ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin, bir tarapdan, maýa goýum serişdelerini çekmek we jemlemek boýunça çäreleriň dürli döwür üçin toplumyny emele getirmekden, beýleki tarapdan, maýa goýum maksatnamalaryny we maýa goýum işini amatly etmekden ybaratdyr. Maýa goýum maksatnamasy – bu kärhanada ähli maýa goýum taslamalaryny dur muşa geçirmegiň meýilnamasydyr. Maýa goýum taslamasy diýip maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň ykdysady taýdan maksada laýyklygynyň, möçberiniň we möhletleriniň esaslandyr malaryna, şeýle hem şu mesele boýunça iş ýüzündäki hereketleriň (telekeçi lik meýilnamasynyň) we olary durmuşa geçirmegiň beýanyna düşünilýär. Maýa goýum maksatnamasynyň mazmuny kärhananyň maýa goýum syýasaty bilen kesgitlenýär, ol bol sa kärhananyň seredilýän döwürdäki strategiýasyna baglydyr. Kärhananyň maýa goýum syýasaty şu maksatnamany emele getirýän maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maýanyň ululygyny we gurluşynyň esas landyrmasyny öz içine alýar. Zerur bolan maýa goýum serişdelerini kärhana içki we çekilen daşky çeşmeleri peý dalanmagyň hasabyna alyp biler. Içki maýa goýum çeşmelerine şular degişlidir: – kärhananyň ätiýaçlyk gaznasy; – ulanyş tutumly gaznasy; – kärhananyň ygtyýarynda galýan peýda; – paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary boýunça kärhanany ösdürmäge gönükdi rilýän diwidendler we ş.m. 151 Kärhananyň içki ätiýaçlyklarynyň maýa goýuma bolan islegi doly üpjün edip bil meýän halatlarynda serişdeleri daşky maliýeleşdirmegiň hasabyna başga ýerlerden çekmek zerurlygy ýüze çykýar. Kärhananyň pul serişdelerini çekmek maksady bilen, paýnamalar bukjasynyň bir bölegini satýan ýada paýnamalaryň täze emissiýasyny amala aşyrýan mahalynda, kärha nanyň paýnamalaryny satyn alýan we şeýlelikde onuň işini maliýeleşdirýän maýa goýum çyda firmanyň esaslyk maýasynyň bir bölegine bolan eýeçilik hukugy ýüze çykýar. Şu görnüşde çekilen serişdeler diňe bellibir derejä çenli öz serişdeleri bolup durýar. Degişlilikde, kärhanada maliýe bergi borçnamalary ýüze çykýar. Şu ýagdaýda maliýeleşdirmegiň kärhananyň eýeleri bolup durmaýan karzdarlar tarapyndan amala aşyrylýandygy sebäpli, şunuň ýaly maýa karz alnan maýa diýlip atlandyrylýar. Karzyň berilýän möhletine baglylykda, karz serişdeler uzak möhletli we gysga möhletli serişdelere bölünýär. Möhleti bir ýyla çenli bolan karzlar gysga möhletli karzlar hasap edilýär, ýöne hüm metsizlenmäniň derejesi ýokary bolan şertlerde bu çäk 69 aýa çenli peselýär. Tejribäniň görkezişi ýaly, kärhanalaryň köpüsi şu shemany ileri tutýarlar: esasy maýa we dolanyşyk maýasynyň has durnukly bölegi (ätiýaçlyk gory we ş.m.) uzak möhletli karzlaryň hasaby na, galan bölegi gysga möhletli karzlaryň hasabyna maliýeleşdirilýär. Karzlaşdyrmagyň däp bolan görnüşi bilen bir hatarda soňky ýyl larda karzlaşdyrma gyň karz alyjy kärhana tarapyndan gönüden göni pul serişdelerini almak bilen bagly bol madyk görnüşleri, ýagny lizing, faktoring, täjirçilik we ipoteka karzy ýaly görnüşler hem ösüşe eýe boldy. Günbataryň maliýe bazarlarynda karzlaşdyrmagyň bu görnüşleriniň köp ýyllyk taryhy bardyr, ýöne biziň şertlerimiz üçin bu täze ýagdaýdyr. Faktoringde ýörite firma (faktor) müşderiden bergileri almaga bolan hukugy satyn alýar we öz müşderilerine olaryň bergidarlaryna bildirýän talaplaryny bölekleýin töleýär, ýagny bergidaryň töleg möhleti dolmazdan öň berginiň 70%den 90%ne çenlisini gaý tarýar. Berginiň galan bölegi, müşderilere, göterimleri aýyrmak bilen, bergidar bergini doly üzenden soň gaýtarylýar. Netijede, faktorfirmanyň müşderisi algysyny tiz gaýtarmak mümkinçiligini alýar, onuň üçin bellibir göterim töleýär. Kärhana faktoring hyzmatyna ýüzlenmek bilen, debitor berginiň möçberini azaldýar, şeýlelikde hem öz maliýe durnuklylygyny we geçginliligini ýokarlandyrýar. 10-njy tablisa- da karzlaşdyrmagyň däp bolan görnüşleriniň we faktoringiň deňeşdirilýän artykmaçlyklary we ýetmezçilikleri görkezilýär. Täjirçilik karzy adatça bir kärhana tarapyndan beýleki kärhanadan harytlar satyn al nanda ýada önümçilik ätiýaçlyklary emele getirilende ulanylýar. Kärhananyň täjirçilik karzy satyn alynýan haryt üçin tölegiň möhletini soňa süýşürmek bolup durýar, onuň üçin satyja öwezini doluş tölegleri tölenýär (karz möhleti näçe ýokary bolsa, maliýeleşdirmegiň şu görnüşiniň çeýeligi ýokary bolýar. Mysal üçin, lomaý söwda firmalary harytlaryň tölegi 2 hepdeden geçirilende 10% ýeňillikli, 1 aýdan soň tölenende 5% ýeňillik, 2 aýdan soň tölenende doly bahasy bilen, 3 aýdan tölenende bolsa 5% nyrh goşundysy bilen teklip edip bilerler). 152 Ösen bazar ykdysadýetli ýurtlaryň köpüsinde täjirçilik karzy kiçi kärhanalary ma liýeleşdirmegiň esasy görnüşi bolup durýar. Ipoteka karzy bazar ykdysadyýetinde maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň ösen görnüşleriniň biri bolup durýar. Onuň düýp manysy goz galmaýan emlägi girew goýmagyň hasabyna uzak möhletli karzlary bermekden ybaratdyr. Ipoteka karz institutlary (ipoteka gaznalary, karz jemgyýetleri we ş.m.), düzgün bolşy ýaly, karz alyjy tarapyndan girew görnüşinde resmileşdirilen gozgalmaýan emlägiň hasabyna gymmatly kagyzlary çykar mak bilen, karzdarlar bilen karz alyjylaryň arasynda araçy wezipesini ýerine ýetirýärler. Ipoteka karzlary bo ýunça tölegleri hasaplamagyň usulynyň şunuň ýaly karz laşdyrmagyň uzak möhletli häsiýeti bilen bagly öz aýratynlyklary bardyr. Ipoteka karzlary boýunça tölegler annuitet görnüşde bolup bilerler, şunda ipoteka töleginiň pul möçberi şertna manyň hereket edýän möhletiniň bitin dowamynda hemişelik (üýtgewsiz) bolup durýar we karzy üzmek üçin deň ölçegli gatançlardan hemde karz boýunça göterimden emele gelýär ýada onuň «şar» töleg görnüşi bolýar. Şu ýagdaýda karz ipoteka şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň bir wagtda üzülýär, aralyk möhletlerde bolsa diňe göterimler tölenýär. Maliýeleşdirmegiň görnüşini saýlap almagyň we maýa goýum maksatnamasyna goşmak üçin maýa goýum taslamalaryny seçip almagyň soňundan maýa goýum maksat namasyny amatly etmek üçin ýörelgeleýin ähmiýeti bardyr. Wagt we serişdeler boýunça çäklendirmeler berjaý edilen halatynda kärhananyň strategik maksatlaryna ýetilmegini iň gowy ýagdaýda üpjün edýän maýa goýum maksatnamasyny amatly maksatnama hasap edilýär. 10-njy tablisa. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling