O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-nji surat. Marketing bölüminiň funksional


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet66/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

23-nji surat. Marketing bölüminiň funksional
guramaçylyk gurluşy


143
Şunuň ýaly gurluşyň çäklerinde dürli funksional toparlaryň hü när menleriniň bähbit­
lerini utgaşdyrmagy üpjün etmekde bellibir kynçylyklar döräp biler. Şunuň ýaly gurluş 
uly bolmadyk, lokal, bir önüm öndürýän ýa­da az sanly önüm öndürýän kärhanalar üçin 
häsiýetlidir. Iri firmalar hem, eger olar bir görnüşdäki özboluşly ha rytlary ýa­da şular ýaly 
harytlaryň maşgalasyny çykarýan bolsalar, funk sional gurluşy peýdalanyp bilerler. 
Marketing bölüminiň haryt gurluşy (24-nji surat) marketing işiniň aýry­aýry harytlar 
boýunça bölünmegini göz öňünde tutýar. Her bir haryt boýunça utgaşdyryjy wezipeleri 
bellibir haryt boýunça marketingi dolandyryjy ýerine ýetirýär, ol degişli marketing maksat­
namasynyň ýolbaşçysy bolýar.
Direktoryň marketing boýunça orunbasary

haryt boýunça
marketingi
dolandyryjy

haryt boýunça
marketingi
dolandyryjy
Ç
haryt boýunça
marketingi
dolandyryjy
24-nji surat. Marketingiň haryt
guramaçylyk gurluşy
Marketingiň haryt babatda guralýan şertlerinde bölümiň işgärleri harydyň aýratyn­
lyklaryny öwrenmäge we sarp edijileriň şu aýratynlyklar bilen şertlendirilen talaplaryny 
kanagatlandyrmaga mümkinçilik alýarlar. Ýöne bu gurluşyň düýpli ýetmezçilikleri hem 
bardyr. Olara şulary degişli edip bolar: funksional ýöriteleşmäniň ýeterlik derejede çuň 
bolmazlygy, dürli haryt toparlarynyň köp möçberde bolan şertlerinde ony saklamak üçin 
harajatlaryň ýokary bolmagy.
Dürli görnüşdäki bazarlarda işleýän, köp pudakly firmalar üçin marketingiň bazar­
laýyn guralyşy häsiýetlidir (25-nji surat). Şu ýagdaýda bazar boýunça dolandyryjy bu fir­
manyň şu bazarda ýerlenýän islendik harytlarynyň marketingine ýolbaşçylyk edýär, onuň 
işgärleri bolsa harytlaryň her biri üçin zerur bolan marketing wezipelerini üpjün edýärler.
Aýratyn uly kärhanalar üçin bazar gurluşynyň mundan beýläkki ösüşi marketingi gu­
ramagyň sebitleýin gurluşy bolup durýar, şunuň ýaly gurluşda tutuş sebit üçin marketingiň 
ýeke­täk toplumy firmanyň sebitdäki ştab­kwartirasynyň düzümindäki marketing birligi 
tarapyndan amala aşyrylýar.
Firmanyň gündelik işinde haryt, bazar we sebit gurluşlarynyň arassa görnüşde örän 
seýrek ulanylýandygyny belläp geçmek gerek. Garyşyk guramaçylyk gurluşlary has giň 
ýaýran gurluşlar bolup durýar, olarda arassa gurluşlaryň gowy taraplaryny birleşdirip, ýara­
maz taraplaryny aýyrmaga synanyşyk edilýär. Garyşyk guramaçylyk gurluşlarynyň arasyn­
da şulary görkezip bolar: haryt­funksional, funksional­sebitleýin, funksional­bazar. Şunuň 
ýaly garyşyk gurluşlar matrisa ýörelgesiniň esasynda gurlup bilner.


144
Direktoryň marketing boýunça
orunbasary

bazarda marketingi 
dolandyryjy
B
bazarda marketingi 
dolandyryjy
Ç
bazarda marketingi 
dolandyryjy

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling