O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- X BAP. KÄRHANANYŇ IŞINDE MARKETING 10.1. Marketing dolandyryşyň bazar konsepsiýasy hökmünde
Soraglar
1. «Sertifikatlaşdyrmak» düşünjesine kesgitleme beriň. Onuň maksatlary we we zipeleri näme- den ybarat? 2. Sertifikatlaşdyrmagyň nähili görnüşleri bar? 3. Hil menejmenti ulgamlarynyň sertifikatlaşdyrylyşyna kesgitleme beriň. Olar näme üçin peý- dalanylýar? 4. Hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmak haýsy ýörelgelere esaslanýar? X BAP. KÄRHANANYŇ IŞINDE MARKETING 10.1. Marketing dolandyryşyň bazar konsepsiýasy hökmünde Marketing (market – bazar) – kärhananyň ylmytehniki, tejribekonstruktorçylyk we önümçilikýerleme işini ulgamlaýyn do lan dyr magyň bar bolan we bolup biläýjek sarp ediji leriň taraplaryny aň ry baş de rejede kanagatlandyrmaga gönükdirilen bazar konsepsiýa sydyr. Marketing dolandyryş ulgamy hökmünde: – önümçilikýerleme işiniň ahyrky netijesini gazanmaga – bazarda harydy netijeli ýerlemäge gönükdirilendir; – kärhananyň ähli işini sarp edijileriň talaplaryna tabyn etmegi göz öňünde tutýar; – bazary öwrenmek we şol bir wagtyň özünde bazara maksada gönükdirilen täsir et mek bilen, oňa işjeň uýgunlaşmak syýasatyna esas lanýar; – marketing işinde adam faktoryny işjeňleşdirmäge ýardam ed ýär, munuň üçin işgär leri terbiýelemek, olaryň işewürlik işjeňligini wе başarnyklaryny, şeýle hem olaryň hüjüm ediş taktikasyna eýermek lerini üpjün etmek zerurdyr. Marketingiň umumy ýörelgeleri marketing işiniň anyk ugur larynda öz beýanyny tap ýar. Marketingiň esasy ugurlaryna şular degişlidir: – bazary toplumlaýyn öwrenmek we çaklamak; – haryt we baha syýasatyny emele getirmek hemde amala aşyrmak; – kommunikasiýa syýasatyny alyp barmak; 136 – satuwlar syýasatyny işläp taýýarlamak we alyp barmak; – marketing işini dolandyrmak we onuň amala aşyrylyşyna gözeg çilik etmek. Bazary toplumlaýyn öwrenmek we çaklamak, marketing işiniň bölegi hökmünde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine, aýratyn alnan ýur duň ykdysady ýagdaýyna, önümçiligiň haýsydyr bir ulgamynyň ösüşine täsir edýän faktorlaryň we şertleriň jeminden ybarat bolan konýunkturany öwrenmäge esaslanýar. Umumy hojalyk konýunkturasy, ykdysadyýetiň pu daklarynyň ýada haryt bazarlarynyň konýunkturasy tapawutlandyrylýar. Umumy hojalyk konýunkturasy dünýä hojalygynyň ýada aý ratyn alnan ykdysa dyýetiň bellibir döwürdäki ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň konýunkturasy ykdysadyýetiň anyk pudaklarynyň ýagdaýyny we ösüş depginini görkezýär. Haryt ba zarlarynyň konýunkturasy anyk harytlary öndürmek we ýerlemek ulgamyndaky gündelik üýtgemeleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň marketing işi şu tapgyrlary öz içine alýar: 1) bazar potensialyny (bazaryň sygymyny) öwrenmek – anyk harydyň bellibir döwrüň dowamynda bazarda ýerlenip biljek aňryçäk mümkin bolan mukdaryny kesgitlemek; 2) bazar segmentasiýasyny seljermek – bazary onuň saýlanyp alnan ölçeglerine (geo grafik, demografik, özüňi alyp baryş we ş.m.) laýyklykda bölmek. Segmentleşdirmegi sel jermek, soňundan sarp edi jileriň isleglerine we kärhananyň mümkinçiliklerine has laýyk gelýän maksatlaýyn bazarlary kesgitlemek üçin geçirilýär; 3) bazaryň firma gurluşyny we bäsdeşleriň orunlaryny anyklamak – şu bazarda işleýän firmalaryň esasy toparlaryny kesgitlemäge esaslanýar: bäsdeşler, bitaraplar, hyz matdaşlar (satyn alyjylar). Firmanyň ol ýada beýleki topara degişliligine baglylykda her bir firma babatynda ygtybarlylyk, tölege ukyplylyk, bäsdeşlik babatda gowşak we ar tyk ýerleri we ş.m. öwrenilýär. Munuň üçin maglumatlary almagyň dürli ýollary peýda lanylýar: araçy we ýerleýiş gulluklaryndan alynýan mag lumatlar, mahabat ýollaryny, ka taloglary we beýleki edebiýatlary seljermek, sergilere baryp görmek. Bu maglumatlar bäsdeş firma tarapyndan çykarylan meňzeş önümler baradaky tehnikiykdysady mag lumatlary, şeýle hem bäsdeş firmalaryň strategiýasy baradaky maglumatlary öz içine alýar. Diňe bir bäsdeşiň bazara çykarylýan önümi dälde, eýsem bäsdeş firmalaryň täze işläp taýýarlamalary hem öwrenilýär, bazaryň bäsdeşleriň arasynda bölünişine baha berilýär; 4) satyn alyjylar baradaky maglumatlary öwrenmek – satyn alyjylar tarapyndan ol ýa da beýleki harydyň saýlanyp alnyşy bagly bolan esasy kriterileri ýüze çykarmak maksady bilen, satyn alyjylaryň isleglerine täsir edýän faktorlar öwrenilýär. Şonuň esasynda satyjy firma öz önüminiň potensial satyn alyjylaryny kesgitleýär. Anyk bazarlaryň satyn alyjylarynyň we sarp edijileriniň durmuşpsihologik aýratyn lyklaryna seljerme geçirilýär, satyn almak hakynda çöz gütler kabul edilende olaryň nämä esaslanýandyklary, olaryň satyn almalara gatnaşygyna baglylykda satyn alyjylaryň görnüşleri öwrenilýär. Bazary öwrenmek boýunça marketing maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň netijeleri firmanyň satuwlaryny çaklamak üçin peýdalanylýar. Firmanyň bazardaky paýyny çakla magyň dürli usullary peýdalanylýar, hususanda: – bilermenleriň bahalary (bazaryň geljekki ösüşi barada hünärmenleriň berýän baha laryny we pikirlerini öwrenmek); 137 – degişli haryda bolan isleg barada söwda agentlerinden we sarp edijilerden soraşma lary geçirmek; – bazaryň ozalky ösüş meýillerini peýdalanmak hemde bölekleýin we bölekleýin däl faktorlary hasaba almak bilen, çaklamalary seljermek we işläp taýýarlamak. Bazary toplumlaýyn öwrenmek kärhananyň öndürýän önüminiň bäsdeşlige ukyplyly gyny ýokarlandyrmak, täze harytlary döretmek, nomenklaturany we görnüşleri amatly et mek boýunça çäreleri öwrenmäge we geljekde olary kesgitlemäge esaslanýan haryt syýa satyny amala aşyrmagyň esasy bolup durýar. Harydy öwrenmek şu ugurlar boýunça alnyp barylýar: hil gör kezijisi, söwda nyşany, gaplama we belgileme, kepillendirmeler, saty landan soňky serwis. Haryt orun eýelemek prosesiniň kömegi bilen öwrenilýär, bu proses diýip maksat laýyn bazarda ýada şu önümiň klasynda bäsdeş babatynda önüm tarapyndan eýelenýän ýada önüm bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýan ornuň kesgitlenmegine düşünilýär. Orun eýelemegiň, bazar isleglerini öwrenmegiň we çaklamagyň esasynda marketing gullugy önümiň bir görnüşini önümçilikden aýyr mak, beýlekilerini döwrebaplaşdyrmak, täze görnüşlerini döretmek we özleşdirmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlaýar. Kärha na tarapyndan innowasion syýasatyň durmuşa geçirilişine, sarp edijileriň talaplaryny hasa ba almak bilen, täze harytlary döretmek, täze harytlary we tehnologiýalary bazara çykar mak hemde olaryň özüni alyp barşyna syn etmek işlerine uly ähmiýet berilýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde nyrh emele getirmek usulyýeti hem marketing barlag laryna esaslanýar. Öndüriji firmalar bazarda harydyň tutuş nomenklaturasy we her bir görnüşi boýunça kärhananyň baha babatda özüni alyp barşynyň strategiýasynyň saýlanyp alynmagyny göz öňünde tutýan baha syýasatyny amala aşyrýarlar, işläp taýýarlaýarlar we durmuşa ge çirýärler. Saýlanyp alnan strategiýanyň çäklerinde harydyň başlangyç bahalary we geljekde daşky hemde içki faktorlary hasaba almak bilen, olara düzediş girizmek kesgitlenilýär. Marketing diňe bir bazary öwrenmegi däl, eýsem şol bir wagtyň özünde bazara maksada gönükdirilen täsir etmek bilen, oňa işjeň uýgunlaşmagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen bag lylykda, öz içine islegi emele getirmek we ýerlemegi höweslendirmek boýunça çäreleri alýan kommunikasiýa syýasatyny emele getirmegiň hemde durmuşa geçirmegiň uly ähmiýeti bar dyr. Mahabat, şahsy satuwlar, sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak, firma stilini işläp taýýar lamak we önümiň ýerlenişini höweslendirmegiň beýleki çäreleri şular ýaly çärelere degişlidir. Marketing işinde ýerleme syýasatyna uly orun berilýär, onuň esasy maksady öndürilýän önümi netijeli satmak üçin ýerleme ulgamyny gurmak bolup durýar. Ýerleme syýasatynyň çäklerinde lomaý we bölek söwda dükanlary, harytlaryň aralyk saklanýan ammar lary, serwis hyzmatyny edýän nokatlar döredilýär, harydyň hereket edýän ugurlary saýlanylyp alynýar, önümleri daşamak guralýar, ha rytlary satmagyň şertleri emele getirilýär we ş.m. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling