O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet65/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuş
1. Kärhananyň marketing strategiýasyny işläp taýýarlamagyň barşynda nähili wezipeler çö-
zülýär?
2. Marketing strategiýasynyň esasy elementlerini aýdyp beriň we olaryň düýp mazmunyny 
düşündiriň.
3. Önümiň ýaşaýyş döwri (ÖÝD) näme we onuň esasy tapgyrlary haýsylar?
4. Marketing strategiýasy emele getirilende haýsy modeller peýdalanylyp bilner?
5. Önümi ýerlemegiň esasy usullaryny aýdyp beriň.
 10.3.
Kärhananyň marketing
işini guramak
Kärhanada marketing işini guramak üçin onuň umumy maksatlaryna we wezipelerine 
laýyk gelýän dolandyryş görnüşi saýlanylyp alynmalydyr. Marketing ugurlaryny durmuşa 
geçirmegiň ileri tutulýan ugurlaryna we dolulygyna baglylykda, marketing işini gurama­
gyň birnäçe esasy görnüşleri görkezilip bilner.
Uly bolmadyk kärhanalar üçin marketing, düzgün bolşy ýaly, kärhananyň beýleki bir­
liginiň düzümine girýän marketing topary tarapyndan geçirilýär. Mysal üçin, şunuň ýaly 
topar ýerleme bölüminde ýa­da konýunkturany we islegi öwreniş bölüminde döredilip bil­
ner. Marketing boýunça hünärmenleriň baş maksady haryt ýerlenýän bazar barada mag­


142
lumatlary yzygiderli seljermek we kärhananyň ýolbaşçylary üçin marketing işiniň esasy 
ugurlary boýunça gündelik hem­de geljege niýetlenen häsiýeti bolan maslahatlary taýýarla­
mak bolup durýar.
Kärhanada marketing bölümini guramak ähli marketing wezipeleriniň bir bölümde 
jemlenmegini göz öňünde tutýar. Şunuň ýaly bölümiň esasy wezipesi önümçiligi, nyrh 
emele getirilişini, önümi ýerlemegi meýilnamalaşdyrmak maksady bilen, kärhananyň 
beýleki birliklerini utgaşdyrmak bolup durýar.
Diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarda hem işlemäge gönükdirilen iri 
senagat kärhanalarynda ýöriteleşdirilen marketing gullugyny – kärhananyň uzak möhletli 
geljege niýetlenen marketing syýasatyny işläp düzýän giň gerimli birligi döretmek bolup 
durýar, şunuň ýaly marketing gullugynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:
– bazarlara toplumlaýyn barlaglary we çaklamalary geçirmek;
– haryt, baha, ýerleme, mahabat, serwis marketing syýasatyny öz başdak emele getirmek 
ýoly bilen, firmanyň bazarda özüni alyp bar şynyň strategiýasyny we taktikasyny işläp taýýar­
lamaga yzygiderli gatnaşmak;
– harytlary ýerleýiş ulgamyny guramak we netijeli peýdalanmak;
– mahabat işini guramak;
– sarp edijileriň talaplaryny ähli taraplaýyn hasaba almagyň esa synda kärhananyň 
önümleriniň netijeli serwisini üpjün etmek;
– kärhananyň ähli birliklerine degişli geňeş kömegini bermek;
– kärhanada marketinge seljerme geçirmek, onuň netijeliligine baha bermek.
Şunuň ýaly marketing gullugy kärhananyň eksport işiniň top lumlaýyn, uzak möhletli 
maksatlaýyn maksatnamalary işlenip taýýarlananda esasy gulluk bolup durmalydyr. Marke­
ting birliginiň direktoryň marketing boýunça orunbasaryna tabyn edilmegi maksada laýyk 
bolar. 
Marketing birlikleriniň has giň ýaýran gurluşlary şulardan ybaratdyr: funksional
haryt, bazar, sebit, garyşyk gurluş.
Marketing birliginiň funksional guramaçylyk gurluşy (23-nji surat) işgärleri olaryň 
funksional ýöriteleşen ugurlaryna baglylykda toparlara jemlemegi göz öňünde tutýar. Şunuň 
ýaly gurluşyň artykmaç lygy onuň ýönekeýligi we işgärleriň borçlarynyň takyk bölünmegi 
bolup durýar.
Direktoryň marke­
ting boýunça orun­
basary
Marketing barlaglary
Haryt görnüşlerini emele getirmek
Nyrh syýasatyny emele getirmek
Mahabat we ýerlemegi höweslendirmek
Täjirçilik amallary
Beýlekiler

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling