A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.

bet1/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   10

GEOGRAFIÝA
(MATERIKLERIÒ WE OKEANLARYÒ
 FIZIKI GEOGRAFIÝASY)
A. SOATOW, A. ABDULKASIMOW,  M. MIRAKMALOW
„O‘QITUVCHI“ NEªIRÝAT-ÇAPHANA  DÖREDIJILIK ÖÝI
DAªKENT — 2017
Umumy orta bilim berýän mekdepleriò 6-njy synp okuwçylary üçin derslik
Özbegistan Respublikasynyò Halk bilimi ministrligi tarapyndan tassyklanan
Gaýtadan iºlenen we doldurylan dördünji neºir

2
UO‘K: 91(075.3)
KBK 26.82ya72
S 53
Jogapkär  redaktor    P. Gulamow — geografiýa ylymlarynyò kandidaty,
dosent.
S y n   ý a z a n l a r :
O. K. Abdunazarow — geografiýa ylymlarynyò
                                            kandidaty, dosent;
ª. M. ªaripow — geografiýa ylymlarynyò kandidaty;
W. Fedorko — Daºkent ºäherindäki 233-nji mekdebiò
geografiýa mugallymy;
M. Awezow — Daºkent ºäherindäki 278-nji mekdebiò
geografiýa mugallymy.
Kartalar geografiýa 
ylymlarynyò kandidaty
,
dosent A. Egamberdiýewiò redaksiýasy bilen berildi.
© A. Soatow we baºg.
© „O‘qituvchi“ NÇDÖ, 2005
© „O‘qituvchi“ NÇDÖ, gaýtadan iºlenen
we doldurylan neºir, 2017
ISBN 978-9943-22-091-1
Respublikanyò ýörite kitap gaznasynyò seriºdeleriniò
hasabyndan kärende üçin çap edildi.

3
SÖZBAªY
Eziz okuwçylar! Siz fiziki geografiýa degiºli baºlangyç bilimleri
4-nji synpda  „Tebigaty  öwreniº“,  5-nji synpda  „Fiziki  geografiýa“
dersliklerinden öwrenipdiòiz. Dersliklerdäki mälim daýanç düºünjeler
we jümleler bilen tanyºsyòyz, olaryò mazmunyny bilýärsiòiz. Indi Siz
„Materikleriò  we  okeanlaryò  fiziki  geografiýasy“  kursunda  aºaky
synplarda alan fiziki geografiýa degiºli umumy bilimleriòizi has-da
berkidersiòiz, ºu bilimlere daýanmak bilen täze adalgalaryò, daýanç
düºünjeleriò we atlaryò mazmunyny özleºdirersiòiz, pugta bilimlere
eýe bolarsyòyz.
„Materikleriò we okeanlaryò fiziki geografiýasy“ kursunda Size
geografik kartalar, geografik gabyk we onuò ösüº kanunalaýyklyklary,
gurluºy, aýratynlyklary, düzüm bölekleri (litosfera, gidrosfera, atmos-
fera), her bir materigiò we okeanyò tebigatyna degiºli bilimler ber-
ilýär. Siz geografik gabyk fiziki geografiýany öwrenmegiò obýekti
bolanlygy üçin ºu tema degiºli bilimleri çuòòur eýelemelisiòiz. Diòe
ºonda materikleriò we okeanlaryò tebigatyny, tebigat bilen jemgyý-
etiò  arasyndaky  özara  gatnaºyklary  aòsat  öwrenersiòiz.  Sebäbi,
geografik gabyk iò iri tebigy toplum bolsa, materikler we okeanlar
onuò düzümindäki ondan kiçiräk tebigy toplumlardyr.
Ýerimiz — adam ýaºaýan ýeke-täk planeta. Onuò daºky görnüºi –
reòbe-reòdir. Eger kosmosdan ene topragymyza seredilende, ilki ma-
terikler we okeanlar görünýär. Olaryò tebigaty bir-birine meòzemeýär.
Materikler we okeanlar baradaky bilimler uzak ýyllaryò dowa-
mynda  toplanypdyr.  Bu  bilim  çeºmelerini  dürli  döwürlerde  ýaºan
alymlar (Aneksimandr, Pifagor, Aristotel, Eratosfen, Ptolemeý, A.
Gumboldt,  N. Wawilow),  beýik  syýahatçylar,  batyrgaý  deòizçiler
(finikiýalylar, araplar, normanlar, portugallar, ispanlar we b.) toplan
we  bu  ugurda  açyº  edipdirler.  Aýratynam,  dünýä  ylmy  we  mede-
niýetine, hususan-da, geografiýa ugruna uly goºant goºan ülkämiziò
alymlaryndan Al-Horezmi (783 — 850), Ahmet Fergany (IX asyr),
Abu  Nasyr  Faraby  (873 — 950),  Abu  Reýhan  Biruny  (973 —

4
1048), Abu Ali ibn Sina (980 — 1037), Mahmyt Kaºgarly (XI asyr),
Mürze Ulugbek (1394 — 1449) we baºgalaryò hyzmatlary hormata
mynasypdyr. „Özbek Magellany“ ady bilen meºhur bolan Hamidulla
Hasanow  (1919 — 1985)  orta  asyrlarda  ýaºap  döredijilik  eden
ençeme  orta  azily  beýik  alymlaryò  ylmy-geografik  mirasyny
giòiºleýin häsiýetlendiripdir.
Siz materikleriò we okeanlaryò geografiýasyna degiºli bilimleri
eýelemek üçin dersligiò tekstiniò many-mazmunyna düºünmegiòiz we
bilimiòizi has-da baýlaºdyrýan karta, atlas, surat we çyzgylary dogry
deròemegi baºarmalysyòyz. Temalaryò mazmunyna degiºli atlas we
sudury kartalar bilen iºlemegi endik edinmelisiòiz.
Mundan  baºga-da,  derslikde  her  bir  tema  degiºli  barlag  üçin
soraglar we amaly ýumuºlar berlen bolup, olary ýerine ýetiren ma-
halyòyzda Siz ºu dersi (temany) nähili derejede özleºdirendigiòizi
bilersiòiz.
Geografik bilimleriò möhüm çeºmesi — kartadyr. „Geografiýanyò
dili — kartadyr“, diýlip ýöne ýere aýdylmandyr. Siz 6-njy synp at-
lasyndan, dürli temadaky asylýan kartalardan öwrenilýän çägiò nire-
de ýerleºýändigini, onuò tebigatynyò nähilidigini, bu ýerlerden hoja-
lygyò haýsy pudagy üçin peýdalanylýandygyny bilip alarsyòyz.
Häzirki ylmy-tehniki ösüº döwründe umumy bilim berýän mek-
depleri kompýuterler bilen üpjün etmek we olardan okuw prosesinde
önümli peýdalanmak meselesine üns artýar. ªu sebäpli-de kompýu-
ter  tehnologiýasynyò  kömeginde  Internete  çatylyp,  geomaglumat
ulgamyndan iò soòky geografik maglumatlary alyp bilersiòiz.
Bir wagtyò özünde planetamyzdaky gury ýer we suwlary, Ýeriò
relýefini,  klimatyny  we  topraklaryny,  janly  tebigatyny,  ilatynyò
ýaºaýºyny we hojalyk iºini bitewilikde öwrenýän aýratyn ylym ýok.
Ýöne eliòizdäki derslik Sizi ene topragymyzyò reòbe-reòligi we
köpdürlüligi bilen tanyºmaga hyzmat edýär.

5
1- §. „Materikleriò we okeanlaryò
fiziki geografiýasy“ kursunda
nämeler öwrenilýär?
Ýer  ýüzünde  ýaºaýan  adamlaryò  durmuºy  tebigat  bilen  berk
baglanyºyklydyr. Adam özüne gerek bolan hemme zady tebigatdan
alýar. Adamlar munuò üçin zähmet çekýärler. Adamyò hojalyk iºi
täsirinde Ýer ýüzüniò tebigatynda özgeriºler, käte zyýanly özgeriºler
bolup  geçýär,  tebigat  hapalanýar.  Bularyò  öòüni  almak  üçin  Ýer
ýüzüniò  dürli  ýerlerinde  we  tutuº  geografik  gabykda  bolýan
özgeriºleri bilmek gerek.
Munuò üçin bolsa planetamyzyò tutuº tebigatyny, materikleri we
okeanlary, tebigy toplumlary, olarda bolup geçýän tebigy we adamyò
täsirindäki  prosesleri  bilmek  zerur.  Siz  bu  bilimleri  eliòizdäki
derslikden öwrenersiòiz.
Derslik  mazmun  taýdan  dört  bölümden  ybarat.  Bular  sözbaºy-
dan,  geografik  gabykdan,  okeanlaryò  tebigatyndan,  materikleriò
tebigatyndan ybarat.
Birinji  bölümde  derslikde  nämeler  öwrenilýändigi,  dersligiò
gysgaça mazmuny, adalgalar, geografik kartalar, atlaslar, globuslar
hakynda maglumat berilýär.
Ikinji  bölümde  geografik  gabygyò  aýratynlyklary,  araçäkleri,
ösüº kanunalaýyklyklary, wertikal we gorizontal gurluºy barada pikir
ýöredilýär.
Üçünji bölümde Dünýä okeanynyò bölekleri we olaryò materikleriò
tebigatyna täsiri, Dünýä okeanynyò tebigaty, dünýä hojalygynda tutýan
häzirki we geljekdäki orny hakynda maglumatlar berlen.
Dördünji  bölümde  materikler  öwrenilende  meºhur  deòizçiler,
açyº eden syýahatçylar hakynda, materikleriò tebigaty, materiklerde
we  adalarda  nähili  halklaryò  ýaºaýandygy  we  baºgalar  hakynda
maglumatlar alarsyòyz.
Materikler, okeanlar we olaryò düzüm bölekleri. Geografik
gabyk  iò  iri  tebigy  toplumdyr.  Ol  fiziki  geografiýanyò  öwreniº

6
obýekti bolup, onuò düzüm bölegi — materikler we okeanlar hem
aýratyn tebigy toplumlar hasaplanýar (1- nji surat).
Gadymdan Ýer ýüzüni iki iri gurºawa bölüpdirler: suwly gurºaw
we gury ýer gurºawy. Suwly gurºaw bitewi, ºonuò üçin ony Dünýä
okeany diýip atlandyrypdyrlar.
Materik — tektonik gurluºyna görä bitewi bolan iri gury ýerdir.
Ýer ýüzünde alty sany materik bar: Ýewraziýa, Afrika, Demirgazyk
Amerika, Günorta Amerika, Antarktida we Awstraliýa. Materikleri
öwrenmek  Afrikadan  baºlanýar.  Çünki  ol  tebigatynyò  ähli  aýra-
tynlyklaryna  görä  gaýtalanmaz  hem-de  özboluºly  materikdir.  Soò
Awstraliýa, Antarktida, Günorta Amerika, Demirgazyk Amerika we
Ýewraziýa yzygider öwre-nilýär. ªonuò ýaly-da, Ýer ýüzi alty kon-
tinente — Afrika,  Awstraliýa,  Antarktida,  Amerika,  Ýewropa  we
Aziýa bölünýär. Kontinent — adamzat jemgyýetiniò ösüºi dowamyn-
da dörän taryhy-medeni düºünjedir.
Okeanlar.  Dünýä  okeanynyò  materikleriò  arasyndaky  bölek-
lerine  okean  diýilýär.  Dünýä  okeany  4  bölege  bölünýär:  Ýuwaº
okean (180 mln. kw. km), Atlantik okean (91 mln. kw.km), Hindi
okeany (76 mln. kw.km) we Demirgazyk Buzly okean (14 mln. kw.
km).  Alymlar  bäºinji  Günorta  okeany  hem  tapawutlandyrýarlar.
Deòizler, aýlaglar, bogazlar okeanlaryò kiçi bölekleridir.
1- nji surat. Geografik gabyk — fiziki geografiýanyò öwreniº obýekti.

7
Kenar  çyzygy.  Okean  ýa-da  deòiz  üsti  bilen  gury  ýer  üstüniò
utgaºýan araçägine kenar çyzygy diýilýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Materik, kontinent, Dünýä okeany, okean, kenar çyzygy, geografik
gabyk.
Barlag  üçin  soraglar
1. Ýer ýüzünde näçe materik we kontinent bar? Okeanlar näçe?
2.  Materikleriò  we  okeanlaryò  fiziki  geografiýasy  nämeleri
öwrenýär?
Amaly ýumuºlar
1.  Atlasdan  (2 — 3-nji  sahypalar)  materikleri,  kontinentleri  we
olaryò kenar çyzyklaryny anyklaò.
2. Materikleriò  we  okeanlaryò,  iri  ýarymadalaryò  we  adalaryò,
deòizleriò,  aýlaglaryò  we  bogazlaryò  atlaryny  sudury  karta
bellik ediò.
2- §. Geografik kartalar we olaryò
görnüºleri. Atlaslar, globuslar
Geografik kartalar — bilim çeºmesidir. Dürli mazmundaky we
masºtabdaky kartalardan okuwçylaryò maksatlaýyn peýdalanmagy talap
edilýär. Kursuò Materikleriò we okeanlaryò fiziki geografiýasyna degiºli
bölümlerinde her bir tema degiºli bolan kartalar berlen. Diýmek, belli
bir temany öwrenende hökman kartalardan peýdalanmaly.
Geografik  kartalaryò  toparlara  bölüniºi.  Geografik  kartalar
örän  köp  we  dürli-dürlüdir.  Kartalar — öwrenmek,  hasaba  almak,
saklamak we baºga maksatlar üçin niýetlenilen bolmagy mümkin.
Kartalar  ºekillendirilen  çägiò  uly-kiçiligine,  masºtabyna,  maz-
munyna we nazarda tutulýar maksadyna garap toparlara bölünýär.

8
ªekillendirilen çägiò uly-kiçiligine görä, kartalar: dünýä we ýarym-
ºarlar, materikler we okeanlar, tebigy ülkeler, ýurtlar, welaýatlar we
baºga administratiw birlikleriò kartalaryna bölünýär.
Masºtabyna  görä:  uly  masºtably   (1 : 10 000-den  1 : 200 000
çenli),  orta  masºtably (1 : 200 000-den  1 : 1 000 000  çenli),  kiçi
masºtably (1 : 1 000 000  we  ondan  kiçi)  kartalar  bolýar.  Ýeriò
planyny  düzmekde-de  belli  bir  masºtabdan  (1 : 5000we  ondan  iri)
peýdalanylýar. Ýöne plan kiçi çäkler üçin düzülýär.
Mazmunyna  görä,  kartalar:  umumy  geografik  we  tematik
kartalara  bölünýär.  Umumy  geografik  kartalar  çäkleriò  umumy
görnüºini  we  geografikaýratynlyklaryny  ºekillendirilýär.  Bularda,
esasan, fiziki we syýasy kartalar girýär.
Tematik  fiziki  kartalarda  käbir  tebigat  komponentleri  baºgalara
garanda  anyk  we  gutarnykly  ºekillendirilýär.  Beýle  kartalara  6-njy
synpyò  Ýer  gabygynyò  gurluºy,  tebigy  zolaklar,  klimat  we  baºga
kartalary mysal getirmek bolar.
Käte  tematik  kartalarda  bir  ýa-da  iki  däl,  eýsem  bir-biri  bilen
baglanyºykly birnäçe komponentler görkezilen bolýar. Beýle kartalara
kompleks kartalar diýilýär (6-njy  synpyò atlasyna garaò).
Kartalaryò  ulanylyº  maksady  olaryò  masºtabyna,  mazmunyna
we enjamlaºdyryº usulyna uly täsir edýär. Muny bir çägi birmeòzeº
masºtably we mazmunly, ýöne dürli maksatly kartalary bir-biri bilen
deòeºdirip, aýdyò görmek mümkin. Maksadyna görä, kartalary: okuw,
ylmy, turistik, wagyz ediji ýaly görnüºlere bölmek mümkin.
Geografik atlaslaryò kesgitlemesi, toparlara bölüniºi we aýra-
tynlyklary. Ýeke-täk maksatnama esasynda bir bitewi (bitin, bölün-
meýän) eser hökmünde ýerine ýetirilen geografik kartalaryò sistematik
toplumyna geografik atlas diýilýär.
Gadymy  ýunan  alymy  Klawdiý  Ptolemeýiò  geografik  kartalar
toplumyny  (eramyzyò  II  asyry)  birinji  geografik  atlas  diýip  hasap-
lamak mümkin. Kartalaryò toplumy üçin „Atlas“ ady Merkator tara-
pyndan (1595-nji ýyl) hödürlenipdir. Mekdep geografik atlaslary — bu
okuwçylaryò  sapak  wagtynda  özbaºdak  ýerine  ýetirilýän  iºler  üçin
niýetlenen iò möhüm kartografik gollanmadyr.

9
Geografik globus. Globus — Ýer ºarynyò kiçeldilen modeli bo-
lup,  Ýeriò  daºky  keºbini  hem-de  onuò  iri  böleklerini  (materikleri,
okeanlary,  olaryò  bölekleri)  gatnaºygyny  iò  dogry  we  görkezmeli
teswirleýär. Globusda kartografik ºekiliò ýalòyºlyklary bolmaýar.
Mekdep okuw globuslary 1 : 83 000 000, 1 : 50 000 000, 1 : 40 000 000,
1 : 30 000 000 masºtabynda taýýarlanýar.
Meºhur watandaºymyz Abu Reýhan Biruny (973 — 1048-nji ý.)
XI asyrda ilkinji bolup demirgazyk ýarymºaryò globusyny ýasapdyr.
Bütin  Ýer  ºaryny  suratlandyrýan  birinji  kämilräk  globusy  1492-nji
ýylda Martin Behaým ýasapdyr. Ýöne onda Amerika, Awstraliýa we
Antarktida  suratlandyrylmandyr.  Hajy  Ýusuf  Haýaty  tarapyndan
1886-njy ýylda iºlenen globus Samarkantdaky medeniýet we sungat
taryhy  muzeýinde  saklanýar.  Mürze Ulugbek  adyndaky  ÖzMU
geologiýa we geografiýa fakultetinde 1984-nji ýylda H. Hasanowyò
ýolbaºçylygynda  I. Ý. Oºew  ýasan  ullakan  „Relýefli  globus“  otur-
dyldy.
Häzirki wagtda globuslaryò birnäçe görnüºleri bar. Olar mekdep
globusy, relýefli globus, asman jisimlerini suratlandyrýan globuslardyr.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Geografik karta, masºtab, atlas, globus, Biruny, M. Behaým, Hajy
Ýusuf Haýaty, H. Hasanow, I. Ý. Oºew.
Barlag  üçin  soraglar
1. Geografik kartalar nähili görnüºlere bölünýär?
2. Geografik karta we globuslar masºtabyna görä nähili
görnüºlere bölünýär?
3. Ilkinji atlas, globus kimler tarapyndan döredilipdir?
Amaly ýumuºlar
1. Mekdebiòizden  öýüòize  çenli  bolan  aralygy  1 : 10 000  masº-
tabda görkeziò.
2. Atlaslaryò we kartalaryò görnüºleriniò shemasyny çyzyò.

10
 
GEOGRAFIK GABYK
3- §. Geografik gabygyò
araçäkleri, aýratynlyklary
Geografik gabyk we onuò araçäkleri. Atmosferanyò aºaky gat-
lagy — troposferany, litosferanyò üstki oýuk gatlagy, gidrosferany we
biosferalary  öz  içine  alýan  hem-de  özara  täsir  edip  durýan  bitewi
gabyga Ýeriò geografik gabygy diýilýar.
Geografik  gabygyò  ýokarky  we  aºaky  araçägini,  onuò  galyò-
lygyny  dürli  alymlar  dürlüçe  geçirýärler  we  belgileýärler.  Köp
alymlar geografik gabygyò ýokarky araçägini troposferanyò ýokarky
böleginden  geçirýärler  we  onuò  galyòlygyny  30 — 35  km  diýip
hasaplaýarlar.  Kesgitleniºine  görä,  geografik  gabygyò  ýokarky
araçägi  ozon  gatlagyna,  aºaky  araçägi  bolsa  köwek  jynslaryò
aºagyna  dogry  gelýär.  Ozon  gatlagy  Ýerdäki  organizmleri  Günüò
ultramelewºe ºöhlelerinden goraýar.
Geografik gabygyò aýratynlyklary. Geografik gabygyò birinji
aýratynlygy,  onuò  düzüm  bölekleri  bolan  litosfera,  gidrosfera,  at-
mosfera  we  biosferalar  hemiºelik  ýagdaýda  özara  aragatnaºykda
bolmagy we bir-birine täsir etmegidir; ikinji aýratynlygy, madda we
energiýa çalºygy prosesiniò bolup durmagydyr; üçünji aýratynlygy,
geografik gabykda organiki ýaºaýºyò, ºol sanda, adamzat jemgyýetiniò
barlygydyr.
Geografik gabygyò ösüºine Ýeriò daºky we içki energiýalary täsir
edýär. Geografik gabykda bolup geçýän ähli prosesleriò esasy bölegi
Gün energiýasynyò we azrak bölegi Ýeriò içki energiýasynyò täsirinde
ýüze çykýar (2-nji surat).
Geografik gabygyò gurluºynda madda we energiýa çalºygy möhüm
rol  oýnaýar.  Munda  litosferanyò,  gidrosferanyò,  atmosferanyò  we
biosferalaryò  arasynda  maddalar  çalºygy  bolup  geçýär.  Meselem,
okeanyò suwy 3 000 ýylda bir gezek täzelenýär. Atmosferadaky ygalyò

11
doly  täzelenmegi  üçin  bary-ýogy  10  gün  gerek  bolýar.  Aýlanma
hereketdäki  suw  baºga  komponentler  bilen  gönüden-göni  aragat-
naºykda  bolup,  geografik  gabygyò  ºekillenmeginde  möhüm  rol
oýnaýar.
Geografik gabygyò wertikal we gorizontal gurluºy hem onuò esa-
sy aýratynlyklaryndan hasaplanýar. Geografik gabygyò wertikal gur-
luºy diýende, onuò düzüm bölekleriniò beýiklik boýunça ýerleºýän
ýagdaýyny düºünmeli. Geografik gabygyò gorizontal gurluºy tebigy
toplumlaryò giòlik we uzynlyk boýunça ýaýramagynda we gezekleºip
gelmeginde görünýär. Muòa klimat guºaklyklary, tebigy zolaklar aýdyò
mysaldyr.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Geografik gabyk, geografik gabygyò gurluºy: litosfera, atmosfera,
gidrosfera, biosfera, ozon gatlagy, geografik gabygyò wertikal we
gorizontal gurluºy.
2- nji surat. Geografik gabygyò düzüm bölekleri we
olaryò özara täsiri.
Atmo-
sferanyò
aºaky
bölegi
Bio-
sfera
Gidro-
sfera
Lito-
sferanyò
ýokary
bölegi
Ýeriò içki energiýasy
Gün
 energiýasy

12
Barlag  üçin  soraglar
1.  Geografik  gabygyò  ortaça  galyòlygy  we  araçäkleri  hakynda
aýdyò.
2. Geografik gabygyò aýratynlyklary diýende nämäni düºünýärsiòiz?
3. Ozon gatlagy nähili wezipäni ýerine ýetirýär?
Amaly ýumuºlar
1. Derslikdäki 2-nji suraty depderiòize çyzyò we ony düºündiriò.
2. Geografik gabygyò gorizontal gurluºyny kartadan gözden geçiriò.
3. Geografik gabygyò wertikal we gorizontal gurluºyny düºündirip
ýazyò.
4 – 5- §. Geografik gabygyò ösüº
basgançaklary we umumy
kanunalaýyklyklary
Geografik gabygyò ösüº basgançaklary. Alymlar geografik ga-
bygyò ösüºini üç basgançaga bölýärler: biogen däl, biogen we antro-
pogen. Biogen däl basgançak — Ýeriò ösüºiniò  4,6 mlrd ýyldan tä
570  mln  ýyla  çenli  geçen  döwrüni  öz  içine  alýar.  Bu  basgançakda
geografik gabygyò esasy emele gelýär, ýagny litosfera, atmosfera we
gidrosfera ºekillenýär. Ýerde ýaºaýyº 3,8 — 3,5 mlrd ýyl mundan öò
peýda bolan bolsa-da, olar örän ýönekeý organizmlerden düzülenligi
üçin geografik gabygyò ösüºine duýarly täsir etmändir.
Biogen basgançak — 570 mln ýyl mundan ozal baºlanypdyr. Bu
döwürde organizmler ösüpdir (1-nji jedwele garaò). Netijede biosfera
ºekillenipdir  we  geografik  gabygyò  kämil  ulgama  eýe  bolmagyna
güýçli täsir edipdir.
Antropogen basgançak adam peýda bolandan (2 mln ýyl öò) hä-
zirki güne çenli geçen döwri öz içine alýar. ªol bir wagtda geografik
gabygyò ösüºine adamyò hojalyk iºi (tehniki öwrüliºik, kosmik asyr)
duýarly  derejede  täsir  edýär.  Bular  tebigaty  goramak,  ekologik,
demografik  meseleleri  getirip  çykardy.  ªolardan  biri  ülkämizdäki
Aralýaka ekologik meselesidir.

13
Kaýnozoý
KZ
6 mln ýyl
Era, belgisi,
dowamlylygy
Döwür, belgisi
Dag
gatlaklanyºy
Esasy  özgeriºler
Arheý
Ar
1 mlrd ýyl
Proterozoý
PR
2 mlrd ýyl
Paleozoý
PZ
330 mln ýyl
Era, belgisi,
dowamlylygy
Kaýnozoý
KZ
6 mln ýyl
Bölünmeýär
Mezozoý
MZ
173 mln ýyl
Aºaky
Orta
Ýokary
Kembriý, CM
Ordowik,  O
Silur, S
Dewon,  D
Daºkömür,  C
Perm,  P
Trias,  T
Ýura,  I
Hek,  Cr
Ýönekeý bakteriýalar,
suwotular peýda bolupdyr
Birnäçe
gatlaklanma
bolupdyr
Baýkal
Kaledon
Gersin
Mezozoý
(kimmeriý)
Ýaºyl suwotular,
bakteriýalar  ösen
Gury ýerde organizmler,
aýratynam, ösümlikler
ösüpdir.  Daºkömür  emele
gelipdir. Häzirki goja
daglar peýda bolupdyr.
Äpet dinozawrlar,
peýda bolupdyr
Ýaº  daglar,  klimat
guºaklyklary, tebigy zolaklar,
adam  peýda  bolupdyr
                1                                  2                              3                                  4
Paleogen,  Pg
Neogen,  N
Antropogen,  Q
Alp
1-nji jedwel
Geohronologik jedwel
Geografik  gabygyò  umumy  kanunalaýyklyklary.  Geografik
gabygyò  ösüºinde  we  tebigy  toplumlaryò  gatlaklanmagynda-da
özboluºly  kanunalaýyklyklar  bar.  Olar  Ýeriò  umumy  geogra-fik
kanunalaýyklyklary  diýlip  atlandyrylýar.  Bu  kanunalaýyklyklary
bilmek adama tebigy resurslardan akylly-baºly peýdalanmaga, daºky
gurºawy  goramaga  we  oòa  zyýan  ýetirmezlige,  ekologik  deòag-
ramlylygy  bozmazlyk  çärelerini  görmäge  mümkinçilik  berýär.  Bir
bitewilik,  maddanyò  we  energiýanyò  tebigatda  aýlanyp  gezmegi,
döwürleýin  ýa-da  ritmik  hadysalar,  geografik  zolaklylyk  we  zolak-
lylyk  geografik  gabygyò  umumy  kanunalaýyklyklarydyr.  Bular
geografik gabygyò ösüº kanunalaýyklyklaryny görkezýär (3-nji surat).

14
3- nji surat. Geografik gabygyò ºekilleniºi.
Gün sistemasy,  5 mlrd ýyl
Ýer planetasy, 4,6 mlrd ýyl
Ýeriò içki gabyklary, 4,6 — 4,0 mlrd ýyl
Yadro
Mantiya
Ýer gabygy,
litosfera
Ýeriò daºky gabyklary, 4 — 3,5 mlrd  ýyl
Atmosfera
Gidrosfera
Biosfera
Geografik  gabyk
Geografik  gabygyò  bir  bitewiligi.  Geografik  gabykda  hiç  bir
tebigat  komponenti  aýry-aýry  ösmeýär.  Olar  hemiºe  bir-birleri  bilen
baglanyºýar  we  özara  täsir  ediºýär.  Eger  haýsy-da  bolsa  bir  tebigat
komponenti özgeriºe duçar bolsa, baºga tebigat komponenti-de hökman
özgerýär.  Meselem,  ýönekeýje  bir  agaçlygyò  çapylmagy  netijesinde
aºakdaky özgeriºler bolup geçýär: ýerasty suwlaryò derejesi peselýär,
ýerde  ýaºaýan  haýwanat  dünýäsi  baºga  ýere  göçýär.  ªonuò  ýaly-da,
ýeliò täsiri güýçlenip, topragyò dargamagyna getirýär. ªol ýerdäki howa
ýagdaýy-da üýtgeýär. Gijesine salkynrak, gündizine yssyrak bolýar.
Mundan baºga-da geografik gabygyò düzüm bölekleri atmosfera,
gidrosfera, biosfera we litosfera hemiºe bir-biri bilen aragatnaºykda,
bir-birine geçip durýar. Meselem, howanyò düzümindäki suw buglary
gidrosferanyò,  tozan  bölejikleri  litosferanyò,  guºlar,  mör-möjekler
biosferanyò elementleridir. Suwdaky organizmler biosferanyò elementi

15
bolsa, ondaky gum bölejikleri we dürli gaty jynslar löt litosferanyò
elementidir.
Geografik  gabykda  madda  we  energiýa  çalºygy.  Geografik
gabygyò  dört  düzüm  böleginde,  ýagny  atmosferada,  gidrosferada,
litosferada we biosferalarda madda we energiýa çalºygy iki — gori-


Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   10


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2017
ma'muriyatiga murojaat qiling