A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.

bet4/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10
Adalgalar, daýanç düºnjeler we atlar
„Okean


atmosfera


gury  ýer“  ulgamy,  „ýylylyk  maºyny“,  deòiz
akymlary, taýfun, tupan, Koriolis güýçi.
Barlag  üçin  soraglar
1. „Okean 


 atmosfera 


 gury ýer“ ulgamyny düºündiriò.
2. „Ýylylyk maºyny“ nähili manyny aòladýar?
10- njy surat. „Okean 


atmosfera 


 gury ýer“
ulgamyndaky  suwuò aý-
lanma hereketi.

41
Amaly ýumuºlar
1. Howa massalarynyò „okean 


atmosfera 


 gury ýer“ ulgamyna
täsirini depderiòize ýazyò.
2. Okean  bilen  gury  ýeriò  özara  täsirinde  suwuò  aýlanma  here-
ketniò shemasyny çyzgyda ºekillendiriò.
17- §. Okean baýlyklary, olardan
peýdalanmak we goramak
Okean baýlyklary we olardan peýdalanmak. Alymlaryò pikiriçe,
ýaºaýyº  okeanyò  kenarlaryndaky  tolkunlar  emele  getiren  „durmuº
ºerbeti — batga ºekilli lüýk“ li suw gurºawynda emele gelipdir. Okean
suwlarynda mikroskop bilen görünýän organizmlerden çekip 150 tonna
gelýän gök kitlere çenli, dürli organizmler ýaºaýar. Häzir Dünýä okea-
nynda 160 müò haýwan görnüºi, 10 müòe golaý ösümlik görnüºi bar.
Okean organizmleri ýaºaýan ýerlerine görä toparlara bölünýär. Me-
selem, bentos organizmler — okean suwlarynyò düýbünde, gatlaklaryò
arasynda  ýaºaýar.  Nektonlar — erkin  göçüp  ýöreýän  organizmler
bolsa, planktonlar suw akymlaryna garºylyk görkezip bilmän, asylgy
ýagdaýynda ýüzüp ýöreýän organizmlerdir (fitoplanktonlar we zoop-
lanktonlar).
Dünýä okeany tebigy baýlyklaryò hazynasy hasaplanýar. Bu baý-
lyklar biologik, himiki, magdanly we ýangyç-energetika resurslaryndan
ybarat. Häzir biologik resurslaryò diòe 2 %-inden peýdalanylýar. Ýöne
bu dünýäde ulanylýan belok maddalaryò 20 %-ini tutýar.
Okean suwlaryndan ýylyna treska, seld, skumbriýa balyklary köp
tutulýar. Okean düýbünden nahar duzy, brom, magniý, kükürt, alýu-
miniý, mis, uran, kümüº, altyn alynýar.
Dünýä  okeanynda  nebit  we  gaz  iò  köp  Pars  aýlagyndan,  ºeýe
hem, Wenesuela kenarlaryndan, Demirgazyk deòizden, Meksika aýla-
gyndan gazylyp alynýar.

42
Dünýä  okeany  iò  möhüm  we  arzan  deòiz  transporty  ýoly
wezipesini  ýerine  ýetirýär.  Söwda-ykdysady  aragatnaºyk  çägindäki
önüm daºamagyò 60 %-inden artygy deòiz transporty arkaly ýerine
ýetirilýär. Dünýä hojalygynyò ösüºi, halkara zähmet paýlanyºygynyò
emele gelmegi, söwda-satygyò ösüºi deòiz transporty arkalydyr. Häzir
Dünýä okeanynyò kenar-larynda 2 700 sany deòiz port-ºäherleri bar.
Deòiz  transportynda  daºalýan  esasy  ýük  nebit  we  nebit  önüm-
lerine dogry gelýär. Käte bu önümleri daºaýan ýörite gämi — tanker-
ler heläkçilige duçar bolup, kenaryò tebigatyna, deòiz organizmlerine
uly zyýan ýetirýär.
Deòiz turizmi hem okean resurslaryndan peýdalanmagyò bir pu-
dagy hökmünde barha rowaçlanýar.
Dünýä  okeanyny  goramak  milli,  regional  we  halkara  möçberde
amala  aºyrylýan  çäredir.  Dünýä  okeanyny  öwrenmek  we  peýda-
lanmak  hem-de  goramak  maksadynda  ençeme  halkara  guramalar
düzüldi. Halkara deòiz komiteti, Döwletlerara okeanografik komissiýa
(UNESKO-nyò  ýanynda)  we  baºgalar  Dünýä  okeanynyò  baýlyk-
laryndan  akylly-baºly  we  tygºytlylyk  bilen  peýdalanmak,  olary
goramak, dikeltmek we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça
göreldeli iº alyp barýarlar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Okean  baýlyklary,  suwotylar,  Halkara  deòiz  komiteti,  bentos,
nekton, plankton, turizm.
Barlag  üçin  soraglar
1. Dünýä okeanyndan haýsy organizmler iò köp awlanýar?
2. Okean suwlary köpräk näme sebäpden hapalanýar?
Amaly ýumuºlar
1. Okean baýlyklarynyò görnüºlerini geografiýa depderiòize ýazyò.
2. Kartadan Dünýä okeanyndaky esasy nebit we gaz gazyp alynýan
çäkleri tapyò.

43
MATERIKLERIÒ WE OKEANLARYÒ TEBIGATY
AFRIKA
18
- §. Afrika materiginiò geografik
ýerleºiºi we öwreniliº taryhy
Esasy aýratynlyklary. Afrika ekwatoryò arasyndan we baº meri-
dianyò günbataryndan kesip geçýän ýeke-täk materik, iò uly çölleri
bar, iò yssy materik, iò ýokary temperatura anyklandy, iò uzyn we
gündogar ýarymºaryò iò bol suwly derýalary bar, iò iri maýmynlar, iò
iri süýdemdirijiler ýaºaýar, kenary iò kem dilkawlanan, gury ýerdäki iò
uly Beýik Afrika ýer jaýrygy bar, iki giòlikler boýunça hem klimat
guºaklyklary we tebigy zolaklar gaýtalanyp ýerleºýär, süýji suwly iò
uzyn (750 km) we çuò Tanganika (1 435 m) köli bar, almaz gazyp
almak boýunça dünýäde birinji orunda.
Mälim  bolºy  ýaly,  Ýer  ºarynda  okeanlar  we  materikler  dürlüçe
paýlanandyr.  ªol  sanda,  Demirgazyk  ýarymºaryò  39 %-i,  Günorta
ýarymºaryò  bolsa  19 %-i  gury  ýerden  ybarat.  Eger  globusy  köpräk
materikler çägine gabat getirilse, „Materikler ýarymºary“ emele gelýär.
ªu ýarymºarda gury ýer 53 % meýdany eýeleýär. ªolara esaslanyp,
soòky wagtda  alymlar „Materikler  ýarym-
ºaryny“ tapawutlandyrmakçy bolýarlar (11-
nji surat).
Geografik ýerleºiºi. Afrika — dört ýa-
rymºarda ýerleºýän ýeke-täk materik. Ek-
wator Afrikany  deò ikä bölýär. Onuò  de-
mirgazyk we günorta çetki nokatlary ekwa-
tordan  deò aralykda diýen ýaly  ýerleºýär.
Gibraltar  bogazy  arkaly  Ýewropa,  Sues
kanaly arkaly Aziýa kontinentleri bilen ut-
gaºýar. Materigiò demirgazyk we günbatar
11- nji surat. Materikler
ýarymºary.

44
kenarlaryny Atlantik okeanyò suwlary, demirgazyk-gündogar we gün-
dogar kenarlaryny bolsa Hindi okeanynyò suwlary ýuwýar. Afrikanyò
kenarlary kem dilkawlanan bolup, uzynlygy 30 500 km-e deò.
Afrika  demirgazykdan  günorta  barha  daralýar.  Demirgazyk
böleginiò ini (Almadi we Ros-Hafun burunlary aralygy) 7 500 km
bolsa, günortasynyò ini 3 000 km-e deò. Materigiò gündogarynda iri
Somali ýarymadasy we Mozambik bogazy bilen bölünen Madagas-
kar adasy ýerleºýär. Günbatarynda iò iri Gwineýa aýlagy bar.
Öwreniliº taryhy. Afrika materigine ilki Liwiýa diýipdirler. Alym-
laryò  pikiriçe,  Afrika  sözi  eramyzdan  öòki  II  asyrdan  ulanylyp,
materigiò  demirgazyk-günbatar  böleginde  (Tunis,  Marokko  ýerleri)
ýaºan gadymky berberleriò afarik taýpasynyò adyndan alnan.
Afrika  siwilizasiýanyò  ilki  dörän  ýeri  hasaplanýar.  Onda  3 —
4 mln ýyl öò adamlaryò ýaºandyklary arheolog alymlar tarapyndan
anyklandy. 6 000 ýyl öò Nil derýasynyò jülgesiniò hasyldar ýerlerinde
irki siwilizasiýa döräpdir.
Afrikanyò tebigatyny, ilatynyò urp-adatlaryny, hojalygyny öwren-
mekde meºhur marokkoly syýahatçy Ibn Battutanyò aýratyn orny bar.
Ol  Afrikanyò  demirgazyk  we  gündogar  kenarlaryny,  Nil  basseýnini
(1325 — 1349- njy ý.), Saharanyò günbatar bölegini, Niger derýasy-
nyò ýokarky akymyndan orta akymyna çenli öwrenipdir.
XV  asyr  ýewropalylaryò  Afrikany  öwrenmeginde  möhüm  bas-
gançak bolsa-da, oòa gara günleri — gullar söwdasyny getirdi. 1487-
nji  ýylda  Bartolomeu  Diaº  Afrikanyò  günortasyndaky  Hoº  Umyt
burnuna çenli Atlantik okeanyò kenarlaryny öwrendi. 1497 — 1498-
nji  ýyllarda  portugaliýaly  Wasko  da  Gama  Afrikany  günortadan
aýlanyp geçip, 1498- nji ýylyò 20-nji maýynda Hindistanyò Kalkutta
portuna  ýetip  geldi.  Ol  ýewropalylar  üçin  Hindistana  barýan  deòiz
ýoluny açyº etdi.
Afrikanyò içerki böleginiò tebigatyny öwrenmekde iòlis barlag-
çysy Dewid Liwingstonyò hyzmatlary uly boldy. Ol Kalahari çölü-
ni,  Zambezi  derýasyny,  Kongo  derýasynyò  ýokarky  akymlaryny,
Nýasa,  Tanganika  köllerini  öwrendi.  Zambezi  derýasyndaky  ºag-

45
lawuga  Wiktoriýa  adyny  berdi.  Iòlis-amerikan  ekspedisiýasynyò
baºlygy G. M. Stenli (1817 — 1877- nji ý.) Zanzibar adasyny, Wik-
toriýa kölüni we Nil derýasynyò gözbaºynyò Kageradygyny anyklady,
Lialoba we Kongo derýasy boýunça aºaky akymyna çenli öwrendi.
Afrikanyò tebigatyny we halklarynyò durmuºyny rus alymlaryndan
W. W. Ýunker,  Ý. P. Kowalewskiý,  A. A. Ýeliseýew,  N. I.  Wawilowlar
barladylar.  N. I. Wawilow  guran  ekspedisiýa  (1926 —1927- nji  ý.)
6 000-den  artyk  medeni  ösümliklerden  nusga  aldy.  Ol  Efiopiýanyò
gymmatly gaty bugdaý sortunyò watanydygyny anyklady.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Afrika,  berberler,  siwilizasiýanyò  merkezi,  Wiktoriýa,  Mozambik,
Madagaskar, Liwingston, Stenli, Ibn Battuta, Wawilow.
Barlag  üçin  soraglar
1. Afrikanyò esasy aýratynlyklary nämelerden ybarat?
2. Afrika haýsy ýarymºarlarda ýerleºýär?
3. Afrikanyò kenarlaryny we içerki bölegini kimler öwrenipdir?
Amaly ýumuºlar
1. Afrikanyò çet nokatlaryny anyklaò we koordinatalaryny tapyò.
2. Afrikany öwrenen syýahatçylaryò ýörän ýollaryny sudury karta
geçiriò.
19- §. Geologik gurluºy we gazylyp
alynýan peýdaly zatlary. Relýefi
Geologik gurluºy. Afrika — gadymky Gondwana gury ýeriniò
bir bölegi. 180 mln ýyl öò Arabystan ýarymadasy bilen bilelikde
bitewi platformany emele getiripdir. Alp dag ýygyrtlanyº döwründe
Gyzyl deòziò orny açylypdyr. Netijede Arabystan ýarymadasy Ýew-
raziýa utgaºypdyr.

46
Afrika materigi, esasan, gadymky platformanyò üstünde ýerleºen
bolup,  köpräk  düzlük  we  ýasy  daglardan  ybarat.  Seýsmik  çäkler
beýlekilerden az. Çet demirgazyk-günbatarynda Ýewraziýa plitasy bi-
len galtaºmasynda beýikligi 4 165 m-e ýetýän Atlas gatlamkly dag
ulgamy ýokary galypdyr.
Gury ýerdäki iò iri Gündogar Afrika ýer jaýrygy 6500 km ara-
lyga  uzap  giden  bolup,  Akoba  aýlagyndan  Zambezi  derýasynyò
aºaky akymyna çenli dowam edýär. Alymlaryò çaklamalaryna görä,
geljekde Beýik Afrika ýer jaýrygyndan gündogardaky ýerler materigiò
adasy hökmünde (Madagaskar adasy ýaly) Afrikadan bölünip gidýär.
Bu zolakda ýer gabygy hereketjeò bolup, oòa hereketdäki wulkanlar
(Kilimanjaro,  Karisimbi)  we  ýer  titremeleri  mahsusdyr.  Gündogar
Afrika  ýasy  daglary  gatlaklanyp  ýokary  galan  gorstlardan  we  gra-
benlerden ybarat. Çuò köller grabenlerde döräpdir. Daglar, platolar
magmatik we metamorfik jynslardan düzülen. Oýuklar, çöketlikler,
pes düzýerleºýärdüzlükler çökündi jynslar bilen örtülen.
Gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Afrika dürli-dürli gymmatbaha
tebigy  baýlyklary  öz  jümmüºinde  saklap  ýatan  ullakan  hazynadyr.
Afrikada  magmatik  jynslaryò  giò  ýaýramagy  magdanly  peýdaly
baýlyklaryò köp emele gelmegine sebäp bolupdyr.
Afrika  almaz  gazyp  almakda  dünýäde  birinji  orunda  durýar.
Gadymky  kristal  jynslar  demir  magdany,  hrom,  mis,  sink,  galaýy,
uran  magdany,  altyn  we  gymmatbaha  daºlara  baý.  Meºhur  „mis
guºaklygy“ Zambiýa we Kongo Demokratik Respublikasynyò araçäk
zolagynda ýerleºýär. Materigiò oýuk, çökündi jynslar toplanan ýer-
lerinde daºkömür, nebit, tebigy gaz, marganes magdanlary, duzlar,
fosforitler giò ýaýrandyr (goºmaçadaky 24- nji surata garaò).
Relýefi.  Afrikanyò  çägi  relýef  aýratynlygyna  görä  iki  bölege
bölünýär.  Aòrybaº  belentligi  1 000  metre  çenli  bolan  düzlüklerden,
platolardan we daglyklardan ybarat „pes“ Afrika. Bu ýerler Demirgazyk
we Günbatar Afrika mahsusdyr. „Belent“ Afrika Gündogar we Günorta
Afrikany  eýeleýär.  „Pes“  we  „belent“  Afrikanyò  arasyndaky  araçäk
Angola-Efiopiýa ýöneliºinden geçýär (24- nji surat, goºmaça garaò).

47
„Pes“ Afrikada çägeli pes-beýiklikler köp bolan Sahara, tekiz we
batgaly Kongo çöketligi, plato we daglyk (Darfur, Ahaggar, Tibesti we
baºga)lar esasy relýef ºekilleridir. Saharanyò demirgazyk-gündogaryn-
da  Atlas  daglary  ýerleºýär.  Onuò  iò  belent  depesi  Tubkal  dagydyr
(4 165 m). Atlas daglary Belent Atlas, Sahara Atlasy, Ar-Rif Atlas we
Antiatlas  daglaryna  bölünýär.  „Belent“  Afrikada  Efiopiýa  daglary,
Gündogar Afrika ýasy daglary we Günorta Afrika ýasy daglary ýer-
leºýär. Bu ýerde-de dag aralygyndaky (Wiktoriýa, Kalahari) we Gün-
dogar Afrika ýer jaýrygy geçen zolakdaky çuò çöketlikler bar. Gün-
dogar Afrika ýasy daglarynda Kilimanjaro (5 895 m), Keniýa (5 199 m),
Margerita  (5 109  m)  we  baºga  dag  depeleri  bar.  Gündogar  Afrika
daglaryndan demirgazyk tarapda Efiopiýa daglary ýerleºýär. Onuò iò
belent depesi Ras-Daºan dagydyr (4 620 m). Plato, daglyk we ýasy
daglykdan baºlanýan ýa-da akyp geçýän derýa jülgelerinde relýefiò
dara, kanýon, ºaglawuk (Wiktoriýa, Liwingston, Stenli), bosagalar köp
emele gelipdir. Afrikanyò iò beýik (Kilimanjaro wulkany, 5 895 m)
we  iò  pes  nokatlary  (Afar  çöketligindäki  Assal  köli,  –153  m)  hem
„belent“  Afrikada  ýerleºýär.  „Pes“  Afrikanyò  iò  pes  ýeri  Kattara
çöketligidir (–133 m).
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Gondwana, Belent Afrika ýer jaýrygy, gorst, graben, mis guºaklygy,
Tanganika.
Barlag  üçin  soraglar
1. Gondwana nähili iri materik?
2. Afrika nähili gazylyp alynýan peýdaly zatlara baý?
3. Afrikanyò köp bölegini nähili relýef ºekli eýeleýär?
Amaly ýumuºlar
1. Sudury karta Afrikanyò iri relýef ºekillerini geçiriò.
2. Atlasdan Gündogar Afrika ýer jaýrygyny tapyò.

48
    
20- §. Materigiò klimatynyò
      aýratynlyklary
Klimatyò emele gelºi. Afrika diýende ilki bilen jöwzaly yssyda
taplanan,  gara  tenli,  buýra  saçly  adamlar  göz  öòümize  gelýär.
Hakykatdan  hem  Afrika  „yssy  materik“  diýlip  ýöne  ýere  aýdyl-
mandyr. Tropikler aralygynda Gün gorizontdan gaty belentde we her
ýyl iki gezek zenitde bolýar. ªonuò üçin onuò örän uly böleginde
islendik aýyò ortaça temperaturasy +20
o
C-dan artyk. Hatda iò demir-
gazyk  we  günorta  böleklerinde  gyº  aýynyò  ortaça  temperaturasy
+10 +15
o
C-dan peselmeýär.
Afrikanyò klimatynyò emele gelmeginde onuò geografik ýerleºiºi,
howanyò basyºy we massalary, relýefi, okean akymlary ýaly faktorlar
güýçli täsir edýär. Ekwatora ýakyn ýerleºýän ornuna görä örän uly
mukdarda  gün  radiasiýasyny  (ýylyna  bir  sm

-a  160 — 200  kkal)
alýar. Ýylyò pasyllary ygalyò mukdaryna garap tapawutlanýar. Ek-
watorial  çäklerde  pes  basyºly  guºaklyklar,  tropiki  giòliklerde  bolsa
ýokary basyºly guºaklyklaryò emele gelmegi Günüò belentligine bagly.
ªoòa  görä-de  materigiò  üstünde  ekwatorial,  tropiki  we  aram  howa
massalary hereketlenýär.
Materigiò klimatynyò ºekillenmeginde hemiºelik ýeller — passat-
laryò  täsiri  güýçli.  Ýylyò dowamynda Atlantik okeandan öwüsýän
çygly howa massalary Gwineýa aýlagynyò kenarlaryna we ekwatorial
zolaklara gaty köp ygal getirýär. Meselem, Gwineýa aýlagynyò kena-
ryndaky Debunja çägine 10 000 mm-e çenli ýagyn ýagýar.
 Ygallar paýlanyºygyna relýef ºekilleri täsir edýär. Çygly howa
massalarynyò ugruna garºy duran dag eteklerine köp ygal ýagýar.
Okean akymlary materigiò klimatyny düýpgöter üýtgedýär. Eger
kenaryò boýunda sowuk akym bolsa, ygal ýagmaýar we çöl klimaty
emele gelýär (meselem, Namib, Somali). Kanar, Bengela sowuk akym-
larynyò üstünden öwüsýän ýeller materige sowuk howa alyp gelýär.

49
Ýöne ýokardaky howanyò maýyl bolmagyna seretmezden, gyraw we
ümürler  emele  gelse-de,  ýagyn  ýagmaýar.  Netijede  gurakçyl  çöller
emele gelýär.
Klimat aýratynlyklary. Afrika — iò yssy materik. Bu onuò uly
böleginiò  ýagtylandyryº  guºaklygynda  ýerleºýänligindendir.  Plane-
tamyzdaky  iò  yssy  temperatura  ºu  ýerde  bolýar (Tripoli  ºäheriniò
ýanynda +58
o
C). Ýöne iò belent daglarda hemiºelik garlar we buz-
luklar  bar.  Afrikanyò  klimatynyò  özboluºly  aýratynlyklary  klimat
guºaklyklarynda aýdyò görünýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Iò yssy materik, ýagtylandyryº guºaklygy, gün radiasiýasy, ortaça
temperatura, Tripoli, sowuk akymlar.
Barlag  üçin  soraglar
1. Afrikanyò klimaty haýsy faktorlaryò täsirinde emele gelýär?
2. Näme üçin Afrikany iò yssy materik diýýäris?
3. Afrikada nähili howa massalary bar?
Amaly ýumuºlar
1. Afrikanyò klimat kartasyny sudury karta geçiriò.
2.  Depderiòize  köp  we  az  mukdarda  ygal  ýagýan  ýerleri,  ýelleriò
ugruny we olaryò sebäplerini ýazyò.
3. Relýef bilen klimat kartalaryny deòeºdiriò we deròäò.
21- §. Klimat guºaklyklary
Afrikada bir sany ekwatorial, iki-ikiden subekwatorial, tropiki we
subtropiki klimat guºaklyklary ºekillenen.
Ekwatorial guºaklyk. Bu guºaklyk Kongo derýasynyò basseýni-
niò bir bölegini we Gwineýa aýlagynyò kenarlaryny öz içine alýar. Bu
ýerlerde  ýylyò  dowamynda  ekwatorial  howa  massalary  agdyklyk
4 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow

50
edýär.  Ortaça  ýyllyk  we  aýlyk  temperatura  hemiºe  ýokary  we  bir
tekiz  paýlanan  bolup,  ol  26°C-a  deò.  Ygal  hem  bir  tekiz  ýagýar.
Käbir ýerlerde 10 000 mm ygal ýagýar. ªonuò üçin ösümlikleriò ösüºi
ýylboýy dyngysyz dowam edýär. Bu guºaklykda her gün ir bilen Gün
çykyp  ºöhle  saçyp  durýar  wýerleºýärni  güýçli  gysdyryp  baºlaýar.
Öýlän gyzan we nemlenen howa ýokary galyp, bulut emele getirýär.
Öýländen soò bolsa güýçli ýagyº ýagýar. Agºamara Gün ýene ºöhle-
sini saçyp baºlaýar. Beýle howa günüò, aýyò we ýylyò dowamynda
gaýtalanyp  durýar  diýen  ýalydyr.  Ekwatorial  guºaklykda  ýylboýy
tomus pasly bolýar.
Subekwatorial guºaklyk. Subekwatorial klimat guºaklygy ekwa-
torial  klimat  guºaklygyny  demirgazykdan  we  günortadan gurºaýar.
Araçäkleri  ekwatordan  demirgazyk  we  günorta  taraplara  15 — 20°
giòliklere çenli uzap gidýär. Subekwatorial klimat ekwatorial klimatdan
ygalyò mukdarynyò otnositel kemligi we ygallaryò pasyllar boýunça
biendigan paýlanmagy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde iki pasyl, ýagny
çygly tomuz, gurak gyº aýdyò duýulýär.
Tropiki guºaklyk. Bu guºaklyk iki ýarymºaryò tropiki giòliklerine
dogry gelýär. Demirgazyk tropiki klimat guºaklygy Saharanyò örän
uly bölegini eýeleýär. Bu ýeriò klimaty diòe bir materikde däl, eýsem
bütin dünýäde iò yssy we iò gurak klimat hasaplanýar. Meselem, tom-
suna gaty yssy bolup, howa-da bulut bolmaýar diýen ýaly, Gün daºly
we çägeli çölleriò ýer üstüni 70° — 80 °C çenli gyzdyrýar, howanyò
temperaturasy 40°—45 ° C çenli ýokarlanýar. Gijesine bolsa ýeriò üsti
we howanyò temperaturasy 0 °C çenli peselýän wagtlary-da bolýar.
Demirgazyk  tropigiò  ýaz  aýlarynda  wagty-wagty  bilen  güýçli
samum(arapça — yssy ýel) we hamsin(yssy, gurak,güýçli günorta we
günorta-günbatar ýel) ýeli öwsüp, gum tupany bolup durýar. Gurak
jülgeler tötänden ýagan ýagyº suwlaryndan ganýar.
Subtropik klimat guºaklygy. Afrikanyò çetki günorta we de-
mirgazyk çäkleri subtropiki klimat guºaklygynda ýerleºýär. Bu ýer-
de möwsümleýin howa massalary çalºyp durýar: ýazda deòiz tropiki
howasy,  gyºda  aram  giòlikleriò  deòiz  howasy  höküm sürýär.  Ne-

51
tijede subtropikleriò orta deòiz klimaty tipi ºekillenipdir.  Günorta
Afrikanyò günorta-gündogar kenarýaka çäklerinde ygal ýylyò do-
wamynda  birsydyrgyn  ýagýar,  ýöne  musson  ýelleri  ýazda  iò  köp
ygal  getirýär.   Materigiò  demirgazyk-günbatarynda  (iýul  aýynyò
ortaça temperaturasy +27 °C, +28 °C, ýanwarda +11 °C, +12 °C) we
günorta-günbatarynda  (iýul  +13 °C,  +14 °C,  ýanwarda  +21 °C),
tersine, ýaz gurak gelýär, gyºda ýagynly howa bolýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Klimat  guºaklyklary,  Sahara,  daºly  çöl,  samum,  gum  tupanlary,
jülge.
Barlag  üçin  soraglar
1. Afrikada nähili klimat guºaklyklary ºekillenipdir?
2.  Afrika  klimatynyò  döremeginde  nähili  howa  massalary  gat-
naºýar?
Amaly ýumuºlar
1. Klimat guºaklyklaryny sudury karta geçiriò.
2. Ýazda we gyºda ýagynly klimat guºaklyklaryny anyklaò.
22- §. Içerki suwlary
Afrikanyò  ýerüsti  we  ýerasty  suwlary  onuò  içerki  suwlaryny
emele getirýär. Olary basseýnler boýunça öwrenýäris. Bular Atlantik
we Hindi okeany basseýnleri hem-de ýapyk basseýnlerdir.
Afrikanyò ýerüsti suwlary derýalardan, köllerden, suw howdan-
laryndan, kanallardan ybarat.
Nil — dünýädäki iò uzyn (6 671 km) derýa. Ol Gündogar Afrika
ýasy  daglaryndan  baºlanýan  Ak  Nil  bilen  Efiopiýa  daglaryndan
baºlanýan Gök Nil ºahalarynyò goºulyºmagyndan Nil adyny alypdyr.

52
Onuò Kagera goºandy 3° go.g.den baºlanyp, Wiktoriýa kölüne guý-
ýar. Ak Nil ºu kölden akyp çykýar. Nil derýasy Orta deòze guýulýan
ýerinde  uly  delta  emele  getirýär.  Watandaºymyz  Al-Fergany  (IX
asyr) birinji bolup Nil derýasynyò mysalynda suwuò sarpyny ölçeý-
än „nilometr“ gurluºyny döredipdir.
Kongo (Zair) uzynlygyna (4 320 km) görä Afrikada ikinji, ýöne
bol suwlulygy (1 414 km
3
) we basseýniniò meýdanyna (3 691 müò
km
2
) görä dünýäde Amazonka derýasyndan soò ikinji orunda durýar.
Onuò Lukuga goºandy Tanganika kölünden baºlanýar. Derýanyò suw
sarpy  ýylyò  dowamynda  üýtgemeýär  diýen  ýalydyr.  Munuò  sebäbi
ýyllyk ygallaryò birsydyrgyn ýagmagydyr. Kongo aºaky we ýokary
akymynda ençeme bosagalary we ºaglawuklary emele getiripdir. ªol
sanda,  aºaky  akymynda  Liwingston  ºaglawuklar  topary  bar.  Orta
akymynda  ekwatory  iki  gezek  kesip  geçýär.  Ol  Nil  derýasyndan
tapawutlylykda, delta emele getirmeýär.
Niger  uzynlygyna  we  basseýniniò  meýdanyna  görä  Afrikanyò
üçünji  derýasy.  Ýokary  we  aºaky  akymlarynda  bosagalar  we  ºag-
lawuklar köp. Orta akymynda Sahara utgaºýan tekiz we oýuk relýefli
çöl zolagyndan akyp geçýär.
Oranj derýasy Afrikanyò günortasynda ýerleºýär. Ol gündogarda
Drakon daglaryndan baºlanyp, günbatarda Atlantik okeana guýulýar.
Afrikanyò  Zambezi,  Limpopo,  Rufiji,  Tana,  Jubba,  Uabi-ªe-
belle we baºga ençeme kiçi derýalary Hindi okeanynyò basseýnin-
den orun alypdyr. Bulardan iò irisi Zambezi derýasydyr (uzynlygy
2 660 km). Derýada köp bosagalar we ºaglawuklar emele gelipdir.
Aºaky  akymynda  delta  döräpdir  we  gämiler gatnaýar.  Derýadaky
Wiktoriýa  ºaglawugy  giò  (1 800  m)  suw  akymyny  emele  getirip,
120 m beýiklikden  dar derä akyp düºýär. Bu dünýädäki iò iri we
gözel ºagla-wuklardan hasaplanýar.
Ýapyk  basseýnde  ýerleºýän  ªary  derýasy  Çad  kölüne  guýulýar.
Afrikanyò ähli iri derýalarynda balyklar kän. Wiktoriýa, Tanganika,
Nýasa kölleri esasy köllerdir. Wiktoriýa tektoniki oýukda, galan ikisi
Afrikanyò  ýer  jaýrygynda  ýerleºýär.  Ählisi  akýan  köllerdir.  Çad,


Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2017
ma'muriyatiga murojaat qiling