A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.

bet5/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10

53
Rudolf,  Rukwa  akmaýan  köller  toparyna  girýär.  Çad  kölüne  ýagyº
ýagan wagtynda derýalar köp suwly bolýarlar. ªol wagt kölüò meý-
dany iki esse giòeýär.
Ýerasty suwlary Afrikanyò gurakçyl çäklerinde ýeke-täk suw çeº-
mesi  hasaplanýar.  Sahara,  Namib,  Kalahari  we  Somali  çöllerinde
ýerasty suwlary tapylan.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Içerki suwlar, ýapyk basseýn, bosagalar, ºaglawuklar, Al-Fergany,
nilometr, Wiktoriýa, Liwingston ºaglawuklary.
Barlag  üçin  soraglar
1. Afrikanyò içerki suwlaryny nähili basseýnlere bölmek mümkin?
2. Haýsy derýalar iò uzyn, basseýni uly we bol suwly?
3. Akýan, akmaýan we ºor köller nirede ýerleºipdir?
Amaly ýumuºlar
1. Afrikanyò içerki suwlaryny sudury karta geçiriò.
2. Iri derýalaryò nähili geografik obýektlerden akýandygyny dep-
deriòize ýazyò.
23- §. Ekwatorial
             
            tokaýlar  we  sawannalar
Afrika materiginde hemiºelik çygly ekwatorial tokaýlar zolagy bir,
pasyllaýyn çygly tokaýlar, sawannalar we seýrek tokaýlar, ýarym çöl
we  çöller,  gaty  ýaprakly  hemiºelik  ýaºyl  tokaýlar  we  gyrymsylar
zolaklary iki gezekden gaýtalanýar. Daglarda beýiklik zolaklylygy bar.
Ekwatorial tokaýlar zolagy. Bu zolak ekwatorial klimat gu-
ºaklygynda, ekwatora utgaºýan çäklerde we Gwineýa aýlagynyò ke-
narlarynda döräpdir. Ony gileýa ýa-da çygly tokaýlar diýip hem at-
landyrýarlar.

54
Dag jynslarynda demir birikmeleriniò bolmagy gyzyl-sary ferralit
topraklary emele getiripdir. Topraklar çüýrüntgä baý däl. Ösümlikler
iýmiti köpräk ýapraklary arkaly alýar.
Ekwatorial tokaýlaryò esasy aýratynlygy hemiºelik ýaºyllygy, köp
ýaruslylygy we örän galyòlygydyr. Käte teòòe ýaly ýere-de gün ºöh-
lesi düºmeýär. Bu ýerde ösümlikleriò 25 000 görnüºi, ºol sanda, da-
ragtlaryò  1 000  görnüºi  bar.  Ýokary  ýarusda  (35 — 50  m)  seýba,
palma agaçlary köpräk. Orta ýarusda ýagly palmalar, aºaky ýarusda
bolsa  rafiýa  palmasy  bilen  agaç  ºekilli  paporotnikler,  lianalar,  iò
aºakda ot ösümlikler we gyrymsylar ýaýrandyr.
Haýwanlaryò aglabasy agaçlarda ýaºaýar. Dürli guºlar, gemrijiler,
mör-möjekler, martyºkalar, ºimpanzeler daragtlarda ýaºaýarlar. Ýerde
diòe kiçi afrika sugunjygy (boýy 40 sm), karlik begemot (boýy 80 sm),
tokaý  pili,  okapi, gorilla  we  baºgalar  ýaºaýar.  Iri  ýyrtyjy  haý-
wanlardan bars duºýar.
Tokaýyò ähli böleklerinde garynjalar ýaýran. Guºlaryò ýüzlerçe
görnüºi,  ýylanlar,  suwulganlar  bar.  Ekwatorial  tokaýlar  zolagy
möwsümleýin çygly tokaýlar bilen çalºyp durýar. Tebigaty ekwatorial
çygly tokaýlaryò tebigatyna meòzeº, diòe gyºda bir-iki aý az ýagyn
ýagýar,  käte  ygalsyz  bolýar.  Ýöne  haýwanlaryò  görnüºi  we  sany
köpelýär.
Sawannalar. Afrikanyò meýdanynyò 40 %-ini sawannalar eýe-
leýär. Bu ýerlerdäki belent boýly ot ösümlikleri sähra landºaftlaryny
ýada salýar, tebigatyò pasyllaýyn üýtgeýºi güýçli, çygly we gurakçyl
pasyllar  gezekleºip  gelýärler.  Sawannalar  iri  haýwanlaryò  köpligi
bilen tapawutlanýar.
Möwsümleýin çygly ekwatorial tokaýlar zolagyna utgaºýan zo-
lajykda gür ot ösümliklerniò boýy 3 m-e ýetýär. Sawannada agaçlar
we gyrymsylar topbak-topbak bolup ösýärler. Bu ýerlerde gyzyl fer-
ralit topraklar emele gelipdir.
Ýagyn, esasan, ýazda ýagýar. Topragy gyzyl-goòur, ot ösümlikler
onçakly belent däl, uzak aralykda ýeke we topbak-topbak daragtlar
we gyrymsylar duºýar. Iò köp ýaýran daragt gür ºahaly akasiýa, gum

55
palmasy.  Sahara  utgaºýan  kiçi  zolakda  çölleºen  sawanna  landºafty
ºekillenen. Pes we seýrek ot ösümlikleri, tikenli gyrymsylar, ýapraksyz
moloçaý,  tikenli  we  suwly  daragt  ºekilli  ot  ösümligi  köp  ýaýran.
Sawannalar üçin baobab we kaktuslar mahsusdyr.
Dünýäde sawannadaky ýaly iri haýwanlar toplanan baºga ýer ýok.
Bu ýerde dürli-dürli antilopalar (olaryò 40 sany görnüºi bar), zebra,
žiraf,  pil  (beýikligi  4  m,  agyrlygy  12  t  çenli),  gäwmiº,  kerk,  be-
gemot, pawian (maýmynyò bir görnüºi), ýolbars, bars, syrtlan, ºa-
gal, geçigaplaò, suwda krokodiller (Nil krokodili 5 — 6 m uzynlyga
eýe) duºýar (12- nji surat). Guºlardan iò kiçi nektarhor, kätip guº, iò
uly  afrika  düýeguºy  (boýy  2,8  m,  agyrlygy  90  kg  çenli),  marabu,
mürzeguº we baºgalar köp ýaýran.
Sawannalaryò özboluºly landºaftlaryny goramak boýunça halkara
möçberde çäreler geçirilýär. Köp milli baglar, goraghanalar, buýur-
malar döredildi.
12- nji surat. Afrikanyò  haýwanat  dünýäsi.
Begemot
Setse
siòegi
Düýguº
Kerk
Žiraf
Zebra
Ýolbars

56
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Ekwatorial tokaýlar, sawannalar, ferralit, seýba, karlik begemot, go-
rilla, termitler, baobab, düýeguº, marabu.
Barlag  üçin  soraglar
1. Ekwatorial tokaýlar we sawannalar nirelerde ýerleºipdir?
2. Sawannalaryò esasy aýratynlyklary nämelerden ybarat?
3. Bu tebigy zolaklar üçin haýsy ösümlik we haýwanlar mahsus?
Amaly ýumuºlar
1. Afrikanyò tebigy zolaklaryny sudury karta geçiriò.
2. Dersligiò we atlasyò maglumatlary esasynda tebigy zolaklardaky
ösümlikleriò we haýwanlaryò atlaryny depderiòize ýazyò.
24- §. Tropiki çöller we
subtropikler
Tropiki çölleriò tebigaty. Tropiki howa massalarynyò gaty gu-
rak  bolmagy,  howanyò  basyºynyò  ýokary  bolmagy  tropiki  ýarym
çölleriò we çölleriò döremegine sebäp bolupdyr. Tropiki çöller ma-
terigiò  uly  bölegini  (30 %)  eýeleýär  we  esasan,  demirgazyk  böle-
ginde ýerleºýär.
Sahara hakyky tropiki çöllerden ybarat. Ol dünýädäki çölleriò iò
irisi (meýdany 7,8 mln. km
2
). Ygalyò ýyllyk mukdary 100 mm-e çenli.
Içki böleklerinde birnäçe ýyllaryò dowamynda ygal  ýagmaýar.  Gum,
çaò-tozanly gurak we yssy samum ýeli güýçli öwüsýär.
Tropiki çöllerde gije bilen gündiziò temperaturasy ýiti üýtgeýär.
Meselem, gündizine howanyò temperaturasy 40 — 50 °C bolsa, gije-
sine 0°C-a peselmegi mümkin. ªonuò netijesinde çöldäki daglarda dag
jynslarynda  yºlar  we  jaýryklar  peýda  bolup,  güýçli  dargama  ýüze
çykýar. Beýle ýerlerde ýerli ilat gamada diýýän daºly sähralar peýda
bolýar.

57
Mundan baºga-da, toprak we ösümlik örtüginden bütinleý mah-
rum  bolan  barhan  çägeli  çöller  uly  meýdany  eýeleýär.  Çölüò  mer-
kezinde Tibesti (3 415 m), Darfur (3 088 m), Ahaggar (2 918 m) ýaly
galyndy daglar bar.
Çöllerde çüýrüntgisiz çägesow çöl topraklary, düzlük ýerlerde ºor-
hek topraklar, oazislerde medeni topraklar ºekillenipdir. Ösümligi gaty
az, düzlük ýerlerde ºora, ýowºan, sazak, ýylgyn, gyrymsy, akasiýa,
Namib  çölünde  seýrek  welwiçiýa  ýaly  ösümlikler  ösýär.  Namib
çölüniò  demirgazyk  we  gündogar  taraplarynda  ýarym  çöller
baºlanýar.  Bu  ýerlerde  ýassyk  ºekilli  ösümlikler,  moloçaý,  aloý,
ýabany  suwly  garpyzlar  ösýär.  Garpyzlar  haýwanlar  we  ilat  üçin
suwuò  ýerine  ulanylýar.  Oazisleriò  esasy  ösümligi  hurma  hasap-
lanýar. Çöl ºertine uýgunlaºan antilopa, giýena (menekli syrtlan),
tilki, ºagal, düýe, suwulgan, zemzen, pyºdyl ýalylar esasy haýwan-
lardyr.
Subtropikleriò tebigaty. Afrikanyò demirgazyk-günbatar we
günorta-günbatar böleklerinde gaty ýaprakly hemiºelik ýaºyl tokaý-
lardan we gyrymsylardan ybarat subtropiki zolak ýerleºýär.
Demirgazyk subtropikdäki Atlas daglarynyò 3 000 m-den ýokary
böleginde gyºda howa sowap (–10° –17 °C çenli), gar ýagýar. Käbir
ýerlerde garyò galyòlygy 2 m-e ýetýär. Kenarda we dag eteklerinde
makwis,  zeýtun,  kiçi  palma,  probka  emany  (dub)  tokaýlary,  ýokar-
rakda iri atlas kedri, tis (gyrymsy agaç), ýene belendiräkde (1 500 —
3 000  m)  giò  ýaprakly  tokaýlar,  ondan  belentde  alp  otluklary
ýerleºýär. Bu zolakda haýwan görnüºleri köp. Ululygy towºan ýaly ot
iýýän  daman  daglarda süri bolup ýaºaýar. Ony awlaýarlar we etini
iýýärler.  Ýene  dürli  gemrijiler,  guýruksyz  makaka,  ýyrtyjylardan
ºagal,  ýabany  piºik,  bars,  syrtlan,  süýrenijilerden  suwulgan,  ýylan,
zemzen,  pyºdyllar  ýaºaýar.  Käte  çekirtgeleriò  çozuºyndan  oba  ho-
jalygy zyýan çekýär.
Günorta Afrikanyò subtropiki landºaftynda kiparis, kap zeýtuny,
kümüº daragty, kedr, afrika hozy, kap kaºtany, sary daragt we dürli
ot ösümlikleri ösýär.

58
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Tropiki çöller, samum, daºly we çägeli çöller, oazisler, welwiçiýa,
Sahara, Namib çölleri.
Barlag  üçin  soraglar
1.  Daºly  sähralar  nähili  emele  gelýär?
2. Tropiki çöllerde nähili haýwanlar ýaºaýar?
Amaly ýumuºlar
1. Saharanyò tebigy toplumlaryny sudury karta geçiriò we geografik
häsiýetnama beriò.
2. Tema  degiºli  maglumatlary  dersligiò  we  atlasyò  15- nji  sahy-
pasyndaky kartadan peýdalanyp, sudury karta geçiriò.
25- §. Tebigy geografik
ülkeleri
Häzirki  wagtda  Afrika  tebigy  ºertine  görä  dört  sany  iri  tebigy-
geografik  ülkä  bölünýär.  Olar  Demirgazyk,  Merkezi,  Gündogar  we
Günorta Afrika diýlip atlandyrylýar.
Demirgazyk Afrika günortada möwsümleýin çygly tokaýlar zo-
lagyndan demirgazykda Orta deòze çenli, günbatarda Atlantik okeanyò
kenarlaryndan gündogarda Efiopiýa daglarynyò eteklerine çenli bolan
çäkleri eýeleýär. Sawannaly Sudan (arapça garalar ülkesi), Sahara we
Atlas  daglary  ºu  ülkede  ýerleºýär.  Demirgazyk  Afrika  ülkesiniò
düzüminde bir-birinden tapawutlanýan üç sany tebigy toplumlar bar.
Olar: 1) gaty ýaprakly hemiºelik ýaºyl tokaýlar we gyrymsy agaçlar
zolagy,  2)  çägeli  we  daºly  çölli  Sahara  we  3)  ot  ösümligine  baý
sawannaly Sudan ýa-da Sahel çäkleridir.
Merkezi Afrika Gwineýa aýlagynyò kenarlaryny we Kongo bas-
seýnini  öz  içine  alýar.  Bu  ülkede  hemiºelik  ýaºyl  çygly  ekwatorial
tokaýlar we möwsümleýin çygly tokaýlar zolaklarynyò seýrek land-

59
ºaftlary  döräpdir.  Ülkede  gymmatbaha  mebeller  ýasalýan  gyzyl  da-
ragt,  ýag  alynýan  palma,  seýba  we  muskat  daragtlary,  kauçuk
alynýan  daragtlar  ösýär.  Kiçijik  pigmeý  taýpasy — tokaý  adamlary,
äpet gorilla, setse siòegi, kiçi sugun, okapi we baºgalar diòe ºu ýer-
lerde ýaºaýar.
Gündogar Afrika materigiò belent dagly bölegini eýeleýär.   Bu
ülkede gury ýerdäki iò uly ýer jaýrygy — Beýik Afrika ýer jaýrygy
ýerleºýär. ªu sebäpli-de ülkede tektonik köller köp.
Afrikanyò iò beýik nokady — Kilimanjaro wulkany (5 895 m) ºu
ýerde ýerleºýär. Gündogar Afrikany käte „Afrika materiginiò tamy“
diýip atlandyrýarlar. Ülke, esasan, Efio-piýa daglaryndan we Gündogar
Afrika ýasy daglaryndan ybarat. Relýefi we klimat aýratynlyklaryna
baglylykda  ösümlik  we  haýwanat  älemi  emele  gelipdir.  Beýiklik
guºaklanyºy aýdyò görünýär.
Ülkäniò tebigaty dürli-dürli. Tebigaty goramak maksadynda gorag-
hana we milli baglar döredilen. „Serengeti“, „Rungwa“, „Nýasa“, „Ngo-
rongoro“ ºolara degiºlidir.
Günorta Afrika ülkesi Kongo — Zambezi derýalarynyò suwaýry-
dyndan günortadaky çäkleri eýeleýär. Bu ülkäni kiçi Afrika diýip hem
atlandyrýarlar. Sebäbi kiçi çäkde klimatyna baglylykda tebigaty giòlik
we uzaklyk boýunça çalºyp gelýär. Daglarynda beýiklik guºaklyklary
bar.  Madagaskar — peýda  bolºuna  görä  iri  materik  adasydyr.  Tebi-
gatyna okeanyò täsiri uly. Tropiki tokaýlar we sawannalar köp.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Sawannaly  Sudan,  Afrika  ülkeleri,  Afrika  ýer  jaýrygy,  Atlas,
Madagaskar, milli bag.
Barlag  üçin  soraglar
1. Afrikada näçe tebigy-geografik ülkeler bar?
2. Ülkeler haýsy aýratynlyklary bilen bir-birinden tapawutlanýar?
3. Antropogen landºaftlar, esasy milli baglar nirelerde köp?

60
Amaly ýumuºlar
1. Tebigy-geografik ülkeleri fiziki kartadan görkeziò.
2. Milli baglary we goraghanalary sudury karta geçiriò.
26- §. Materigiò ilaty we
onuò tebigata täsiri
Afrikanyò ilaty 1 mlrd 203 mln (2016-njy  ýyl, 1-nji  iýul), sy-
ýasy  kartasynda  50-den  artyk  ýurt  bar.  Materigiò  demirgazygynda
araplar bilen berberler (Ýewropoid jynsyna de-giºli) ýaºaýar. Afri-
kanyò  galan  böleginde,  esasan,  negroid  jynsyna  degiºli  ilat  (bantu,
gottentot, pigmeý, bur we b.) ýaºaýar.
Afrikada esasan düýpli ilat, ýagny ºu ýeriò hemiºelik ilaty ýaºaýar.
Afrikanyò iò uzyn boýly halklary materigiò demirgazyk bölegin-
däki sawannalarynda ýaºaýar (tutslar, himler we b.). Olaryò boýunyò
uzynlygy 180 — 200 sm. Ekwatorial tokaýlarda bolsa — pigmeýler,
pes boýly (150 sm-den kem) adamlar ýaºaýarlar.
Afrikanyò günortasyndaky ýarymçöllerde we çöllerde buºmenler
hem-de gottentotlar ýaºaýar.
Madagaskar adasynda esasan mongoloid we negroid jynslaryò ga-
tyºmagyndan gelip çykan malagasiler ýaºaýar.
Afrikada Ýewropadan göçüp gelen ilat esasan klimat ºerti gowy
ýerlerde ýaºaýar. Olaryò sany materigiò ilatyna garanda ujypsyzdyr.
Materigiò demirgazygynda, Orta deòziò kenarlarynda fransuzlar, gü-
nortasynda bolsa iòlisler, afrikanerler (niderland nesilleri) we baºgalar
ýaºaýar.
Afrikanyò ilaty örän biendigan ýerleºýär. Ilatyò ýerleºiºine birinji
nobatda tebigy ºert täsir eden bolsa, soòky nobatda taryhy sebäplar
täsir  edipdir.  Orta  deòziò  kenarlarynda,  Gwineýa  aýlagynyò  we
materigiò günorta-gündogar kenarlarynda ilat gür ýerleºýär.

61
Adamyò tebigata täsiri. Tebigaty goramak. Afrikanyò tebigatyny
goramak derwaýys meselä öwrülen. Materikde ösümlik we haýwanat
älemini  goramak  maksadynda  392  sany  milli  bag  we  goraghanalar
döredilen.  Kongo  Demokratik  Respublikasynyò  15 %  çägini  milli
baglar, botanika baglary, tejribe stansiýalary, Keniýa döwletinde 10 %
meýdany milli baglar eýeleýär. Afrikanyò tebigaty adam tarapyndan ep-
esli özgerdilen.
Goraghanalara diòe ylmy iºgärler goýberilýär. Milli baglara bolsa
ondan tapawutlylykda, syýahatçylaryò girmegi mümkin, ýöne olar bel-
lenilen düzgünlere amal etmelidirler.
Milli baglar we goraghanalar Gündogar we Günorta Afrikada köp.
Iò  irileri — Serengeti,  Masai-Mara,  Bwandi,  Krýugera,  Çobe,  Etoºa,
Sentral-Kalahari, Rungwa we baºgalardyr (13- nji surat).
Adalgalar, daýanç düºnjeler we atlar
Düýpli ilat, pigmeýler, afrikanerler, Serengeti, Masai-Mara, Bwandi,
Krýugera, Çobe, Etoºa, Sentral-Kalahari, Rungwa.
Barlag  üçin  soraglar
1. Afrikada esasan haýsy jynsa degiºli ilat ýaºaýar?
2. Materikde nähili goraghanalar we milli baglar bar?
Serengeti milli bagyndaky    
Sentral-Kalaharidäki ýolbars
zebralar
13- nji surat. Afrikadaky milli baglar.

62
Amaly ýumuºlar
1. Sudury karta Afrikanyò milli baglaryny we goraghanalaryny ge-
çiriò.
2. Afrikanyò  ilaty  gür  ýerleºýän  çäkleri  kartadan  görüp  deròäò,
sebäbini düºündiriò.
 
27- §. Atlantik okeany
Esasy aýratynlyklary. Ähli ýarymºarlarda ýerleºýär. Beýik geo-
grafik açyºlar ºu okeandan baºlanypdyr, uç-gyraksyz deòzi bar, ro-
waýatlara baý, meridian boýunça ýönelen iò uzyn Orta okean gerºi
bar, iò iri port-ºäherleri bar, içerki deòizleri gaty köp, iò bol suwly we
iò uzyn derýalar ºu okeana guýulýar, iò belent galkma-da ºu okeanda
bolýar, materikleriò dreýfi gipotezasyna esas bolan, deòiz transpor-
tynda dünýäde birinji orny eýeleýär.
Geografik ýerleºiºi. Atlantik okean b亠materigiò arasynda ýer-
leºýär.  Demirgazykdan  günorta  12  müò  km  aralyga  uzap  gidýär.
Okeanyò meýdany 91 mln km
2
, iò giò ýeri aram giòliklere (9 450 km)
we iò dar ýeri (2 620 km) demirgazyk bölegine dogry gelýär.
Öwreniliº taryhy. Okeanyò ady Atlanta (grek rowaýatyna görä,
egninde  asman  gümmezini  göterýän  pälwan)  adalgasy  bilen  bagly.
Ilkinji gezek 1507-nji ýylda geografik karta „Atlantik okeanyò“ ady
ýazylypdyr. Miladydan öòki döwürlerde finikiýalylar, araplar, rimliler
okeanda ýüzüpdirler.
Beýik geografik açyºlar döwründe B. Diaº, H. Kolumb, J. Kabot,
Wasko da Gama, F. Magellan, J. Kuk we baºgalaryò syýahatlary At-
lantik okeany barada ençeme maglumatlary berdi.
Okeanyò tebigatyny kompleks öwrenmek XIX asyryò ahyryndan
baºlanýar. „Çellenjer“ gämisindäki iòlis ekspedisiýasy, Halkara geo-
fizika  ýyly  (1957 — 1958),  Jak  Iw  Kusto  ekspedisiýasy  döwründe

63
okeanyò ýaºaýºyna we tebigy komponentlerine degiºli gaty köp mag-
lumat toplandy.
Geologik  gurluºy  we  relýefi.  Gondwana  we  Lawraziýa  mate-
rikleriniò gorizontal ugurda dargamagy netijesinde Atlantik okeany
peýda bolupdyr.
Geologik  gurluºynda  dürli-dürli  gatlaklar  gatnaºýar.  ªol  sanda,
Orta okean geriºlerinde bazaltly we wulkanik jynslar, materigiò ke-
narlarynda derýalaryò akdyryp getiren çäge, toýun, bulanyk jynslar
ýaýrapdyr.
Materigiò ýalpaklygy okeanyò demirgazyk böleginde, Florida ýary-
madasynyò, Folklend adalarynyò ýanynda uly meýdanlary eýeleýär,
Afrikanyò  günbatar  kenarlarynda  bolsa  dar  ýodany  emele  getirýär.
Materigiò eòòidi ep-esli dik. Okeanyò düýbünde Orta Atlantik suwasty
dag  gerºi  demirgazykdan  günorta  15 000  km  aralyga  uzap  gidýär.
Orta  Atlantik  gerºi  öz  gezeginde  Demirgazyk  we  Günorta  Atlantik
geriºlerine  bölünýär.  Bu  geriºleriò  aralygynda  birnäçe  oýuklar  ýer-
leºýär.  ªu  oýuklaryò  çuòlugy  3 000  m-dan  7 000  m-e  çenli  ýetýär.
Orta okean gerºiniò üstki bölegini keseligine we dikligine çuò dere-
ler — rifler kesip geçýär. Okeanyò iò çuò bölegi Puerto-Riko çöketligi
bolup, 8 742 m aºakda ýerleºýär.
Klimaty. Atlantik okeanyò üstki suwlarynyò temperaturasy Ýuwaº
we  Hindi  okeanlarynyò  suwlaryna  garanda  pes  (+16,5 °C).  Muòa
Demirgazyk Buzly okeandan we Antarktida tarapyndan sowuk akym-
laryò girip gelmegine sebäpçidir. Termiki ekwatorda suw üstüniò orta-
ça  ýyllyk  temperaturasy  27 — 28 °C.  Okeanyò  günorta  we  demir-
gazyk böleklerinde 0, –1 °C çenli peselýär.
Okeanda ähli klimat guºaklyklary bar. Onuò günorta ortaça giò-
liklerinde ýylyò dowamynda güýçli ýeller bolsa, subtropiklerde hep-
deläp ºtil — ºemalsyz günler bolýar.
Okeanyò  ortaça  ºorlugy  (37,5
0
00
)  Dünýä  okeanynyò  ortaça  ºor-
lugyndan ýokary. Okeanyò demirgazyk we günorta araçäklerinde suwuò
ºorlugy 34 — 35
0
00
, iò ºor deòzi Orta deòiz (37 — 39
0
00
) hasaplanýar.
Akymlary.  Atlantik  okeanda  akymlar  halkalar  emele  getirýär.

64
Meºhur Golfstrim akymy okeandaky güýçli derýa ýaly Demirgazyk
Amerika  we  Ýewropa  klimatyna,  demirgazyk  tarapdaky  buzlaryò,
aýsbergleriò eremegine hem-de ümürli günleriniò köp bolmagyna se-
bäp bolýar.
Okeanyò  tebigy  guºaklyklary.  Okeanyò  orta  böleginde  ekwa-
torial  guºaklyk  ýerleºýär.  Bu  guºaklykda  ygalyò  ýyllyk  mukdary
1 770  mm-e  we  suwuò  ortaça  ºorlugy  35
0
00
  deò.  Ondan  demir-
gazykda we günortada tropik, subtropik, aram, subpolýar we bir sany
polýar  guºaklyklarynyò  ummasyz  suwlary  ýerleºýär.  Subtropik  we
tropik guºaklyklarda ygal kem ýagýanlygy sebäpli olaryò suwunyò
ºorlugy birneme artýar.
Demirgazyk subtropik guºaklykda tebigaty özboluºly bolan Sar-
gasso deòzi ýerleºýär. Deòiz suwunyò ºorlugy 37
0
00
 deò, temperatu-
rasy  ýokary,  gyºda  23 °C  we  ýazda  28 °C.
Adamyò hojalyk iºi. Beýik geografik açyºlar Atlantik okeandan
baºlanypdyr. Meºhur deòizçiler ºu okean arkaly sapara çykypdyrlar.
Häzir hem transportdaky ähmiýeti taýdan birinji orny eýeleýär. Orta
deòziò kenarlary dünýä turizminde birinji orunda durýar. Sues (1869-
njy ý.) we Panama kanal-larynyò (1914-nji ý.) iºe düºürilmegi okea-
nyò ähmiýetini has-da artdyrdy.
Okean ºelflerinden dürli-dürli baýlyklar gazylyp alynýar, balyk tut-
mak köpräk okeanyò demirgazygynda alnyp barylýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Atlantika,  Atlantida,  Orta  okean  ulgamy,  Golfstrim,  ºtil,  Beýik
geografik açyºlar, tebigy guºaklyklar.
Barlag  üçin  soraglar
1. Atlantik okeanyny haýsy materikler gurºaýar?
2. Okeany kimler öwrenipdir?
3. Okeanda nähili tebigy guºaklyklar bar?
Amaly ýumuºlar
1. Sudury karta okean düýbi relýefini geçiriò.
2. Okeany öwrenen deòizçileri depderiòize ýazyò.

65
28- §. Hindi okeany
Esasy aýratynlyklary.  Iò ºor okean, iò yssy aýlagy bar, iò uly
suwasty deltasy bar, çökündi jynslar iò galyò (5,5 km, Gang deltasy),
esasy  bölegi  Günorta  ýarymºarda,  ösümliklere  we  haýwanlara  iò
garyp,  iò  uzyn  bogazy  bar,  nebit  we  gaz  gory  we  gazylyp  alnyºy,
daºalýan  nebitiò  göwrümi  boýunça  birinji  orunda  durýar.  Dürleri
ýygnap almakda öòdebaryjy hasaplanýar.
Geografik ýerleºiºi. Sanskrit ýazuwynda „hindi“ sözi derýa diýen
manyny  aòladýar.  Hindi  okeany  dört  materik  (Afrika,  Ýewraziýa,
Awstraliýa, Antarktida) aralygynda ýerleºýär. Okeanyò esasy bölegi
Günorta ýarymºarda ýerleºýär. Demirgazyk-gündogar we demirgazyk-
günbatar kenarlary ep-esli dilkawlanan. Meýdany 76 mln km
2
.
Öwreniliº taryhy. Ilki araplar, ºumerliler Pars aýlagy, Gyzyl deòiz
we Hindi okeanynda ýüzen (er. öò. IV — V asyrlarda) bolsalar, fini-
kiýalylar (er. öò. VI asyrda) Hindi okeany arkaly Afrikany günortadan
aýlanyp, günbatardan gaýdyp gelipdirler.
Eramyzyò  baºlaryndan  araplar (aýratynam, VII — XII asyrlarda)
Hindi okeanyny özleºdiripdirler. Olar okeanyò kenarlaryny, adalary,
akymlary,  ýelleri  giòiºleýin  öwrenipdirler.  Wasko  da  Gama  Hin-
distana deòiz ýoluny açypdyr (1498-nji ý). Hindi okeanyny birinji
bolup A. Tasman (1642 — 1643) günbatardan gündogar tarapa (Awst-
raliýanyò  günortasyna)  ýüzüp  geçen  bolsa,  J. Kuk  (1771 —1775)
okeanyò çuòlugyny anyklady.
Okeany  yzygider  öwrenmek  XIX  asyryò  ahyryndan  baºlanýar.
„Çellenjer“ gämisiniò agzalary, UNESCO baºlangyjy bilen 1960 —
1965-nji ýyllarda guralan Halkara Hindi okeany ylmy ekspedisiýasy
okean barada kämil ylmy maglumatlary toplady.
Okean düýbi relýefi. Hindi okeanynyò düýbünde üç tarapa ºa-
halanan Ortalyk Hindi okean dag ulgamlary bar. Bular Arabystan-
5 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow

66
Hindistan, Günbatar Hindi daglary we Awstraliýa-Antarktida beýik-
likleridir. Okeanyò gündogar böleginde Merkezi we Günbatar Awst-


Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2017
ma'muriyatiga murojaat qiling